Doýma, ýöne däl dadaýmak...
* * *
Doýma, ýöne däl dadaýmak,
bu hakda Fransuz ýadaman
dört asyrdyr dilin aýlaýar
agzynda! Onuň bar akyl
çylşyrymlygy biderek
garny eljuk diýýän adama!
Kelem çorbaň we şüläniň
bollugna öwrenen ynsan
düşünmez ujypsyz tagamlaň
aýlawna; iç jugurdanok —
oýlan gözellik hakynda:
garyn doýma — biziň bagtymyz!
Söz sungatynda üstünlik
gazanar kim gapjyk garnyn
iýmitlerden gowy doldursa, —
barja zadyň, baryň peçden
saçaga goý bişen ugra
gyzgynka, hem köp, rus Ylhamy!




