Derýalar

(“Suw kitabynyň” bölekleri)

Sena

Bu derýany men ömrümde beýleki derýalara garanyňda has uzak wagtlap gördüm. Senanyň kenarlarynda on dört ýyl ýaşadym. Ýa-da tas on dört ýyl. Her niçigem bolsa, ilkinji on bir ýyl ymykly parižli boldum. Gülkünç, ýöne men beýleki şäherleriň ýaşaýjysy bolnymdan, has parižlidim! (Moskwada iki gezek oturdym, emigrasiýadan öň we soň, ýöne barybir az ýaşadym). Men hakyky “parido” we öz “Panamämi” söýýärdim, hakyky parižliler (“parido”) žargonda öz paýtagtlaryna “Paname” diýýärdiler we olar asyryň başynda Panama kanaly bilen bolan dawany göz öňünde tutýardylar. Asyryň bu korrupsiýasyna Ferdinand Lesseps goşulypdyr, ýagny parižliler paýtagtlaryny «Parižiň üsti bilen dollar kagyzlarynyň azaşmagy bilen baglany­şykly dawa» diýip atlandyrýarlar.

Sena. Sen-Lui adasynda Anžunyň kenarynda Pimodon (ol şeýle hem Lozen myhmanhanasy) myhmanhanasy dur, onda XIX asyryň ortalarynda Şarl Bodler (ýene-de Teofil Gotýe) ýaşapdyr we onda gaşişinleriň kluby ýerleşipdir. Ýok, men birnäçe kitabymda Bodleriň öýi barada ýöne ýere ýatlamok. Sebäbi Şarl Bodler meň üçin diňe bir, häzirki gün hem, edil Injile uýan ýaly edip ýaşaýan, täze şäher estetikasyny döredijisi däl (ondan ozal sungatda dworýanlaryňky: pomeşik-oba hojalyk estetikasy agalyk edýärdi). Ýene-de ol häzirki zaman dünýäsini we şeýle-de şäher dünýäsini hem oýlap tapyjy. Ol hemmämizi oýlap tapdy. Ol we Balzak.

Şonuň üçin men güne garalmak üçin Bodlere has ýakyn Sen-Lui adasyna gidýärdim. Ýanym bilen amerikan arka asylýan torbasyny alardym, oňa aşaga ýazar ýaly zat, iki sany fransuz kitabyny, gündelik we şol bir wagtda döredijilik barlaghanasy hökmünde hyzmat eden depderçäni, käte buterbrod-ýürekseli çörek we şerap salardym.. Men şol bir ýoldan ýöreýärdim, sebäbi Parižde ýaşan ähli ýyllarym (1985-nji ýylda alty aýyndan başga) sag kenardaky üçünji arrondismanda, ýagny Marede ýaşadym. Ol ýerde meniň üç adresim bardy: 54, Rue des Archives, Rue des Ecouffes (belgini ýatdan çykardym) we 86, Rue de Turenne. Üç ýaşaýyş jaýynyň hemmesinden Sena çenli bäş-ýedi minutdy. Bu düşnükli: köne fransuz dilinde “ae” “batgalyk” diýmegi aňladýar. Ikinji müňýyllygyň başynda Notre-Damyň garşysyndaky sag kenaryň ýerinde giň batgalyk bolupdyr. Adatça men Senany birinji gezek Pont Lui Filippiň köprusiniň üsti bilen geçýärdim, soň bolsa darajyk Sent-Luis adajygyny (hemişe Bodleriň öýüne seredip) kesip geçerdim we Senanyň adajygy beýleki tarapyn-
dan ýuwýan beýleki golçuryna çykýardym. Ol ýerde, Sen-Lui adasyny bilen Site adasyny birleşdirýän kiçijik köpriniň çep tarapyndan birneme aşakda, bu ýerde pesde ýerleşýän daşlar bilen örtülen kenara barardym we şol ýerde Pariždäki barrikadalaryň materialy bolup hyzmat eden daşlaryň üstünde ornaşardym. Bu porsy daşlarda— posly kenar halkalaryň biriniň ýanynda meniň iň gowy görýän ýerim bardy. Ol ýerde aşaga ýazmak üçin zadymy ýazardym, zeýtun reňkli esger balagymy çykarardym. (Habe — muny men Kaliforniýadan, harby gullukçylaryň second-handinden birnäçesini getiripdim.) Balagy, aýakgaby we maýkany kellämiň aşagyna goýup, derimi güne gyzardyp ýatardym. Kem-kemden bu daşlaryň üstündäki plýaža hemişeki gelýänler peýda bolup başlaýardy. Biziň hemmämiz biri-birimizi tanaýardyk, biri-birimize salam bererdik, ýöne aýratyn bir ýakynlaşjak bolmaýardyk. Göni garşymyzda Notre-Dam-de-Pari sobory — yz tarapyndan görünýärdi. Arka tarapdan ol aýaklarynyň üstüne düşen kosmos gämisine meňzeýärdi. Soboryň bir bölegini çyr­maşagak otuň-plýuşyň maskirowka üçin tory sallanýardy. Bu pursatda Sena ýene ikä bölünýärdi we bize iň ýakyn şahanyň ugrunda gyryk sesli barža, gum-çäge, kömür we odun bilen Konkord meýdançasyna, Aleksandr III köprüsine, Trokadero we Eýfel başnýasyna tarap barýardylar. Uzakdaky şahadan we ondan hem aňyrda şeýle baržalar yzlaryna, Botanika bagynyň we Austerlisk demir ýol menziliniň gapdalyndan geçip, nirädir bir ýere barýardylar. Yssy günleriň başlanmagy bilen Sena derrew ýabany plýažlar bilen örtülýärdi. Esasan hem merkezi bölegi, adalarda, Luwruň ýanynda, Týuilri bagynyň ýanynda. Şäheriň köp sanly şpanasy Baky derýanyň kenaryna dökülýärdi. Birinji müňýyllygyň ahyrynda — ikinjiniň başynda Sena öz suwlarynda Norman goşunynyň gämilerini görüpdi. Bu nemesler hem Pariže hüjüm etdipdiler. Emma, elbetde, olar bize seredeniňde, az ýüzüp gelipdiler.

Senada men ýüzlerçe durnuksyz, salgyma meňzeş bagtly günleri geçirdim. Günden we şäheriň hapalaryndan ýaňa gyzaran deri gijeýärdi. Çakyr özüňi birneme samsyk — amerikalylaryň aýdyşy ýaly, “groggy” ýagdaýda saklamaga kömek edýärdi. <...> Käte eýläk-beýläk geçende, aýalym Nataşa gelýärdi. Ol bir sagat meniň ýanymda bolup bilýärdi, ýöne her gezek meni wagtyny oňaýsyz geçirýän hasaplap gatyr­ganýardy. Köplenç, bolsa, meniň ýamyma, derwüşiň ýanyna, ýa-da men özümi Lui Aragonyň meşhur romanynyň ady bilen atlandyryşym görä, “Paýsan de Paris”, ýagny Parižiň daýhanynyň ýanyna suratkeş William Brui gelerdi. Ol şol ýyllar ýakynda ýaşaýardy, oňa Keramatly Lui adasyndaky kiçijik öý-kamera, darajyk tünejik ýetipdi. Bu ýerde birnäçe gezek Notre-Dama seredip, maşynlaryň gaz tüsselerinden dem ­alyp, turistleriň gykylygynyň aşagynda <...> aşagynda piknik gurnaýardyk. Men, Natasha, Willy Brui, Týeri Marinýak we beýleki her dürli adamlar, şol ýyllar olar gaty köpdi. Şeýlelik-de Senaň ýanyndaky ýerjagaz meniň baş edaramdy! Hiç kim Senaň suwuna çümmäge het edip bilmeýärdi. Ýyllaryň dowamynda diňe birnäçe kadadan çykmalar ýadyma düşýär. Haçanda has yssy bolanda, men birnäçe gezek suwa dyzyma çenli giripdim. Brusçatkalar-gönüburçluk daşlar ýol ýaly bolup eňňit bilen suwa girýärdi. Eger kimdir biri tolkunlar bilen göreşden ýadap, birden çykmak islese — onda ýokaryk rahat ýoly bolar, ejizläp, özüne golaýlaşdyrmaýan kert kenaryň ýanyn­da ýüzüp kösenmez.

Parižde ýaşan ýyllarym, şübhesiz, durmuşymyň iň bagtly döwri bolup galar. Haçanda men Senaň suwlarynda birnäçe gezek ýuwanymda, meniň dyzlarymyň derisine hiç zat bolmady. Diýmek, suwlar beýle bir howply däl bolmaly.

80-nji ýyllaryň pariž fotografiýasynyň Lotrekiniň Žerar Gastonyň düşüren gowy suraty bar: Men Notr-Dam-de-Pariň üçeginde durun, uzakda bolsa Eýfel diňine çenli hemme zat Senanyň köprüleriniň astynda dur. Ýene-de şol Žerar Gastonyň bir suraty hem bar. Onda men sowet esgeriniň eşiginde garaňkyda, Sen-Lui adasynyň demirgazyk çetinde otyryn, çyranyň ýalpyldysy meni garaňkylykdan çykarýardy. Parižde, nirä gitseň — hemme ýerde Sena. Men 80-nji ýyllaryň ahyrynda: “Şarl Bodleriň “Ýamanlyk güllerine” Sena derýasynyň täsiri” atly iş ýazjak boldum, — emma nesip etmedi, emma gynanýaryn.

Şäheriň howasy oňa bagly. Onda çarlaklar bar. Parižiň ähli ugurlaryna Sena girýär. Bu şäherde köp işledim: on roman, alty hekaýalar kitabyny ýazdym, maňa dynç almak gerek bolýardy. Günüň ikinji ýarymynda, günortanlyk edinip, derýa, adatça Lui-Filippa köprüsine çykardym we köprüleriň gapdalyndan sag kenardan has uzaklara giderdim. Meniň ugrum ýa Konkord meýdançasynda tamamlanardy, ýa men hatda Aleksandr III köprüsine ýeterdim, çepe Ýeliseý meýdançasyna öwrülerdim we Triumfal arka tarap giderdim. Gaýdyşyn hem ýöräp gaýdardym. Triumfal arkasyna çenli we yzyňa gaýdaňdaky uly ugur bu on iki kilometrden gowrakdy. Gyş aýlarynda, köplenç dyzyma çenli uzynlygynda amerikan gyzyl ädigini, hytaýyň haki reňkli, ýakasyz, içi pagtaly kurtkasyny geýerdim we şarf dakynardym. Kurtkany remen bilen guşaýardym. Ýöne kellämde nämäniň bardygy welin, ýadymdan çykypdyr.

Çalt ýöräp barýarkam, men pikir etdim. Lui Filippa köprüsinden men derrew Pariž şäher häkimligine, Hotel de Ville myhmanhanasyna çykýardym. Şäher häkimliginiň binasy, dogrusy, beýlekiler bilen deňeşdireniňde täzedi — 1871-nji ýylda, Pariž komunasy wagtynda oka tutulan könäniň deregine gurlupdyr. Emma häkimligiň derýa tarap çykýan, gowy edip ýalanan ýaly plitalary, Grew meýdanyndaky köp ejir çeken — adam öldürilen we gynalan topragyň üstüni örtýärdi. Hilegär häzirki zaman dolandyryjylar Parižiň kartasyndan Greve diýen ady aýryp, indi oňa Place de l’Hotel de Ville diýýarler. Greve ady şu günler hem iş taşlaýşy aňlatmak üçin hyzmat edýär. Uzak wagtlap, gadymy döwürlerde-de, hatda jezalandyrylýan ýere öwrülmezden ozalam, Senanayň kenaryndaky bu eňňit, işsizleriň, en Greve ýagdaýynda bolanlaryň ýygnanýan ýeri bolupdyr. Ýagny, aslynda, bir wagt bu meýdan Işsizleriň Meýdançasy diýip hem atlandyrylypdyr. Mundan başga-da, Sena (elmydama ondan ys gelýär: tomusda — çygly öýüň ýylylygynyň, gyşda — içiňden geçip barýan çygly­lygyň we sowugyň ysy burnuňa urýar) “Samariten” dükanlarynyň gapdalyndan Pont Nef we Sungat köprüsine tarap gidýär. Senaň tutuş uzynlygyna kaştan agaçlary ekilen. Eger bu bahar bolsa — onda olaryň gülleri burk urýar, eger güýz bolsa — pyýadalaryň ýörelgesinde köp sanly çakylan ýaşyl gabyklar ýa-da miwesiniň uly goňur tokgasy daşlary ýatyr. Sag tarapda birmeňzeş, gara-çal, bary-ýogy üç gatly, kazarmaly Luwr uzalýar. Soňra Luwr gutarýar we Tuilri bagynyň diwary başlanýar. Týuilriň garşysynda Senada labyr taşlan, ýaşalýan baržalar durýar. Ol ýerde baýlar ýaşaýar. Tomusyna baržalaryň ýaşaýjylaryny öz palubalarynda şezlonglarda, gül ekilen kadkalaryň arasynda, elleri bokally görmek bolýar. Senaň kenarynda müdimi, 150 ýyl we ondanam köp aýlanmak mümkin, hiç wagt ýüregiňe düşmez. Parižde galan gündeliklerimiň (müň sahypa) bir ýerinde bu uzynlygy on dört ýyl bolan gezelençleriň ýazgylarynyň bolmagy ahmal.

Ädikleriňi sazlaşykly tyrkyldadyp, gidip barýaň. Ýeke. Derýa bilen we gadymy daşlar bilen ýekeçäk. “Samariten” uniwermagynyň täjirçilik binalary gutardy we Luwryň öňündäki binalaryň arasyndaky boşlukdan kilise görünýär. Ondan Warfolomeýewskiý gijesi — Senadan beýläk ýüz ädim aňyrda gugenotlary ýençmek üçin signal beripdirler. Sena hemme zady we hemme kişini eşidýärdi. Wolteriň kena­rynda AIDS keselli Rudolf Nuryýew özüniň soňky aýlarynda we günlerinde gezelenç etdi.

Wolga

Adamlar yzygiderli ölýärler. Garrylaram, ýaşlaram. Meniň Kimry şäherinden, urşagan we tentek bir ýaş oglan ýadyma düşýär. Onuň lakamy “Wasýa”. Bir gezek Dubna şäherine baryp-gaýtdym, ol ýere meni kitaphanada çykyş etmäge çagyr­dylar. Baryp-gaýtmam wagşy garagolçylyga sapdy. Has takygy, ol ýere gowy geldik we men okyjylar bilen bolmalysy ýaly duşuşdym. Gaýdyşyn bolsa, ýadyma düşýär, “Wasýa” meniň gözümiň öňünde rehimsizlik bilen garagan bolýança bigünä ofiseri urdy, onuň papagy togalanyp gitdi. Dogrusy, gep munda däl. Bir gezek “Wasýa” öýünden türsili çykypdyr, ony gürleşmäge çagyrypdyrlar. Soň bolsa hiç haçan gaýdyp gelmändir...

Kimryda men birnäçe gezek boldum. Sebäbi biziň partiýamyzy esaslandyryjy Taras Adamowiç Rabkonyň ene-atasy şol ýerde ýaşaýardy. Bu taryhy adam, meni “Limonka” gazetini esaslandyrmaga yrdy. Ondan öň bolsa ol Milli Bolşewik partiýasyny hasaba goýupdyr. Soňky ýyllarda ol bizden kem-kemden daşlaşdy. Meniň onuň ýa­nyna Kimra Liza bilen gidenim ýadymda. Munuň 1996-njy ýylyň tomsy bolmagy ähtimal, sebäbi 1997-nji ýylda men esasan Merkezi Aziýa boýunça ekstremal syýahat etdim we soň Çeçeniň serhet ýakasyndaky Stawropolda boldum, Döwlet Dumasyna goşmaça saýlawlara dalaşgärlik etdim. Diýmek, 1996-njy ýyl bolmaly.

Taras Liza bilen meňzeşdi. Erkek we aýal dogan ýaly. Gögümtil-çal gözler, ikisi hem hor, edil çişlik simleri ýaly, inçe ýüzli, derileri solgun reňkli. 90-njy ýyllaryň ortalarynda kimdir biri Tarasa ukrain familiýasynyň Rabin we Rabinowiç bilen bir kökden gelip çykandygyny we şeýlelik bilen rawwin kärine direlýändigini aýdypdyr. Taras muny maňa biraz gorky bilen aýtdy. Şeýlelik bilen, Taras bilen Lizanyň bir Ysraýyl milletinden bolmagy ähtimal. Haçanda Liza eýýäm Kimrynyň Çapaýew köçesindäki diwanda otyrka, men Tarasyň ejesine: “Serediň, olaryň meňzeşligine, oglan we gyz dogan ýaly”, — diýdim. Tarasyň ejesi seredip, Lizany gowy gördi. Ýene başga zat, Liza söýgüden peýdalanyp biljek däldi, ol uzak wagtlap ýanymda saklanmady, 1998-nji ýylyň mart aýyna çenli “Limonkanyň” maketini taýýarlady. Lizany hemmeler halady — hatda meniň ejemiň hem göwnünden turdy. Moskwada meniň ejem Lizany “serçejik” diýip atlandyrdy. Ýöne serçejigiň pterodaktiliňki ýaly dişleriniň bardygyny, bu mähriban aýallar — biziň ejelerimiz — bilmeýärdiler. Dogrusy, pterodaktiliň dişleri hakda ulaldyp aýtdym öýdýän, ýöne Liza, oh, Lisa — ony we onuň durmuş niýetlerini düşündirmeli? Ýok, ol pikir edişi ýaly, ýalňyz we özbaşdak däldi. Ol diňe bir erkek adama däl-de, köplere, hemmelere, bütin dünýä bagly bolmak isleýärdi. Bilelikde ýaşap başlanymyzdan eýýäm ýarym ýyl geçeninden soň, men onuň köne gatnaşyklaryny kesmeýändigini anykladym, ol ýerde ýaşamagyny dowam etdirýärdi, wagtal-wagtal kerepdäki möý ýaly, hatda has köne burçlara-da barýardy we ölen, eýýäm guran siňekleri elleýärdi. Ol özüniň köne oýnaşlarynyňka gidýärdi.

Aslynda, munda nähili jenaýat bar? Ol şeýledi... Şeýle-de bolsa, bir— janly söýgä garşy jenaýat bar. Sebäbi janly söýgi doly bolmak isleýär we ölen Söýgüleriň bäsleşiginiň bolmagyny islemeýär. Ilki bilen men estet hökmünde ony manýeristik heýkel ýaly söýdüm. Soň bolsa men ony jelep hökmünde söýdüm. Meni onuň ýanynda uzak wagtlap saklamak üçin bu iki çeňňek ýeterlikdi. Ol boýuna çäksiz uzaldylandy (onuň kakasy-suratkeş-ä iki metre golaý kakadylan ýüpdi), inçe süňkli, çaga butlary, gözgyny çaga dyzjagazlary bilen tükeniksiz aýaklary, aýaklarynyň arasyndaky oňa girýän dar girelgesi, owadan gawun ýaly dolup duran täsin göwüsleri bardy. Onuň daşary ýurtlynyňky ýaly, ýewreý keşbi bardy. Bu soňky kellä gelen zat, ideal fransuz zenanynyň keşbi, eger jemgyýetiň ýokary gatlaklarynda şeýle zat bar bolsady. So­phisticated look******** — ine onda şu bardy. Ýöne ol hiç bir daşary ýurt dilinde bir söz hem bilmeýärdi, gözýetimi gündelik durmuş bilen çäklenýärdi, diňe dost-ýarlarynyň we öz ýakynlarynyň durmuşy bilen gyzyklanýardy. Uýalary, kakasy, ejesi, ýegeni, aýal doganyň adamsy Nikita we köp sanly köne we täze oýnaşlary.

Ömrümiň ilkinji aýlarynda ol meň bilen eredi, gysga wagtlyk ýumşak, ýalta, ýuwaş we bagtly çaga öwrüldi. Soň bolsa ýene ýygryldy, gaharly bolup başlady. Haçanda ol çaga ýaly bolanda, meniň bilen polda sagatlap oturýardy, Edit Piafy we meniň terjime eden aýdymlaryny diňleýärdi, şerap içýärdi we bagtly gözleri bilen sered­ýärdi. Ýöne men ony beýle ýagdaýda saklap bilmedim. Ol maňa muny etmäge rugsat bermedi. Ol bir ýere howlukýardy. Köplenç howlukmaga başlady. Ýöne maňa bolan mähirli meýilleriniň üstün çykýan wagty hem bolýardy. Belki, ol meniň ýanyma başga biriniň zalymlygyndan gaçyp gelendir.

Şeýle meýilleriň birinde biz Kimry şäherine gitdik. Sawelow wokzalynda elektrik otlusyna atylyp mündük. Ene-atasynyň myhmansöýer kwartirasynda dürli-dümen yslardan doly stoluň başynda maşgala naharynda oturdyk. Men kakasy Adam bilen arak içdim. Bandit bolup ýetişen garagollar bilen — Tarasyň çagalyk dostlary bilen — Kimrynyň ýollaryndan güýçli tizlik bilen sürdük. Prowinsial şäherlerde hemişe ýüze çykýan düşnüksiz işler sebäpli gitdik. Bazara gitdik, doňuz etini satyn aldyk, batyrgaý bandite öwrülen garagollaryň biriniň agaç külbesinde ony marinatda goýduk. Maşynly tokaý ýolundan bulanyk Wolganyň kenaryna gitdik. Kömür taýýarladyk. Ýagyş ýagyp başlady. Men oglanlar bilen bulanyk Wolgada suwa düşdüm. Gapdaldan, gudok berip, uly baržalar ýüzüp geçdi. Liza hanym jinsili, çilimli we ýaş banditleriň biriniň kurtkasyny geýip, yzly-zyna çilim çekýärdi. Suwa hem düşmedi. Gyzgyn et iýdik.

Gün bulutlydy, sowukdy we ýagyşlydy. Wodka kömek edýärdi. Meniň bir kemim bardy — yz tarapda sag injigimde garamtyl ýara yzlary bardy. Şonuň üçin men söýgüli zenanyma seredip durmagy gowy görýärdim. Men Wladiwostokdan Gibraltara çenli tapyp bolaýjak erkekleriň iň görmeklisidirin diýip pikir edýärin. Aý, iň gyzyklylarynyň topbajygyndan biridirin. (Ähli beýleki bad boys (erbet oglanlar bilen bilelikde: Arkan, Karajiç, Denar, Žirinowskiý, Hudoýberdyýew bilen men tanyşdym.) Galdym hem. Ol zenan, özüniň manipulýasiýalarynyň we rokirowkalarynyň netijesinde, diýen edýän we owadan däl, agymtyl erkek jynsly jandar bilen ýaşaýar (has anygy, ol zenanyň öýünde ýaşaýar). Geň zat. Näme üçin? Ol onuň agzyna seredýär we yzyna düşüp ýör. Men oňa kitap okamaýandygy we täzelikleri görmeýändigi üçin käýeýärdim. Soňurak tanşym onuň nädip özüni azdyrandygyny gürrüň berdi. Dürli hereketler edip görüpdirler. “Hany, öp meni. Munuň nähili edilýändigini bilýärmiň?..”

Onda özüniň göz öňüne getirişinden hem köp zat bardy. Ol özüniň durmuş maksadyny has ýokaryk gönükdirip bilerdi. Manýeristik, edil seýrek azgyn pişik, we nejis jelep ýaly, we onuň ýokary jemgyýetden bolan daşary ýurtlynyň ýaýynyň oky ýaly bolýar. Ol “Nikita” filminiň gahrymanyna, ýöne nemesleriň hili pes (topor) serialy­nyňka däl, hakyky wersiýasynyň — fransuz filminiňkä meňzeşdi. Ýene näme, bu ýyl ol ýigrimi dokuz ýaşaýar. Garaşsyzlygy ýitirmekden gorkýardy? Eh, sen, Lizka. Kim batyrlyk etmese, şol şampan içmeýär.

Wolga bolsa suwly tultuk daýzanyň uly giň bedeni ýaly bolup tolkun atýardy we özüniň toprakly gyrmançaly düşegine urunýardy. Wolga tutuş Rossiýa boýunça urunýardy. Wolga daýza Rossiýa daýzanyň üstünde, daýza daýzany üstünde ýatyrdy. Ýolka agajynyň odunlary ýanýardy. Zenan Lizanyň öňünde ýaş banditler rysar ýaly bolýardylar. Baržalar geljege we geçmişe barýardylar. Hakykatda bolsa — durdular. Mele suwa ýagyş köpürjekläp urýardy. Wolganyň bir kenarynda Sawelowo, beýlekisinde — Kimry. Kimrylylaryň ordasy we Sawelowlylaryň ordasy, Tarasyň gürrüňine görä, ir wagtdan bäri söweşipdirler. Olaryň arasynda bolsa Wolda akypdyr. Ol kenarda birnäçe garalan töňňeler we Liza zenanyň çekip taşlan çilimi galdy, ol ýolkalaryň gür ýerine bugşukmaga gitdi, emma ýagyş onuň pişigiňki ýaly peşewini çalt ýuwdy.