Papowiçler

Haçanda ölüp barýarkam, meniň kelläme nähili pikir gelerkä? Ýitip barýarkam, näme görerin? Geçip barýan ömrümiň haýsy pursadyny? Haýsy jümle mahabat neonynyň setiri bolup ýylpyldar we gijä çenli bir pursatda dodaklarymda titrär? Bu sekuntlara öňünden, wagtyndan öň, ýyllap, taýýarlyk görüp bolarmyka? Aslynda nämä gerek? Aý birden tölenmän galan suwuň tölegi ýa-da şöhlatlardan we duza ýatyrylan hyýarlardan edilen natýurmort ýaly bir bolgusyz zady göz öňüme getirmez hem-de içgysgynç we boş aýdyp goýbermez ýaly... Ýöne näme boş däl? Ýa-da doga-dilegden has dogrusy? Ine bu adamy, ony häzir üçünji gezek ybadathananyň daşyndan ýalpyldap duran tabytda göterip geçirerler. Tabydyň gyrasyna ak kružewa tutulypdyr, edil kremli torta meňzäp dur. Tabyt açyk, emma ýüzi aýratyn esginiň we galan bedeni bolsa prostynyň aşagynda. Bu adam weçernýananyň-agşamky ybadatyň başyndaky woz­glasdan-gysga dogadan soň ýogaldy. Ybadathanany kadilo bilen aýlanyp, ybadata gelenleriň her birini, şol sanda öz aýalyny we çagalaryny ladanyň gözüňi gamaşdyryjy tüssesine tutup, ol hemişeki wagyz okaýan soleýasyna mündi, we, açyk duran Patyşa derwezelerine tarap öwrülip, belent sesi bilen ýektenýa geçirdi: “Mirom Gospodu pomolimsýa!” — we “Hudaý, ýalka” diýip zarynlaýan hor sesi çykyp durka, çaýkandy, ýykyldy agyr we gatlak-gatlak altynsow lybas üstüne ýapyldy-da gymyldaman galdy. Ybadat togtady, özüne getirmäge synanyşdylar, tiz kömegi çagyrdylar, ýöne bary biderek we göz açyp ýumasy salymda: ýürek. Şol gije ol ýeke özi ybadat edýärdi. Jynazasyny çykmaga bolsa bäş ruhany geldi: ak gar ýaly rizalaryň içinde, aýdymlaryny bes etmezden, agyrlyga ýüzlerini çytyp, käwagt büdräp, haýalja jaň sesleriniň astynda baýdagyň-horugwýalaryň yzyndan aýlanyp ýörler. Olaryň yzyndan ýöräp barýanlarda ýas geýimlisi köp. Gün şöhle saçýar we özüne çekiji we yzyna serpikdiriji ak-gara renkleriň oýnundan täsirlenip, aklyndan azaşan ýaly bolup görünýär. Demirgazyk asman çüýşe-gök, öli. Büdür-südür daşlaryň dişleriniň arasynda ýaşajyk gök ot. Tabydy çukuryň ýanyndaky agaç oturgyçda goýýarlar. Aksakal baş ruhany-protoiereý, ýygyrt-ýygyrt eli bilen titräp we kümüş çemçejigi ýalpyldadyp, matanyň üstüne haç görnüşinde mele gumy sepýär. Merhumyň gany gaçan elleri çykyp dur. Şolardan başga — hiç zat. Göýäki ada­myň üstüne gar üýşürilen ýaly. Ýüzine-de gar üýşürilen ýaly. Şol howany, şol nah örtügi galdyryp, iň soňky gezek göresiň gelip dur: sen ol ýerde nähili? Emma bolanok. Jynazasy çykylyp durlan wagty ruhany Hudaý bilen ýüzleşýän ýaly hasaplanýar we şonuň üçin ýüzüni görmek bolmaýar. Sowan barmaklarynyň arasyna mis haç goýlan, mis Ýewangeliýa bolsa gursagynda. Tomsuň ortasynda gar üýşmegi. Meniňki şowuna bolmady, ýeke-täk, Sretenskiýlerde bolsa, adatça ruhanynyň maşgalasynda bolşy ýaly, çaga ýetik: iki oglan we iki gyz, aralary bir ýaş, biri-biriniň yzyndan doglupdyrlar. Men on iki ýaşymda. Gyşky dynç alyş rugsadynda şu ýere, Wologdanyň obasyna ugratdylar, ol ýerde olaryň kakasynyň ybadathananyň başlygydy-nastoýatelidi. Ybadathananyň ýanynda uly agaç jaý bardy, onuň töwereginde bolsa, ýolkalar tokaýy garalýardy. Bu ýere Ýaroslawdan Ohapkinler hem geldiler: kakasy, ejesi, iki ogly we gyzjagazy. Gündizine doňan Şarženka derýasynyň kenaryndaky gardan galanyň ýanynda uruşýarys we güýmenýäris. Bu täsin galany, bölek-bölek uly buzlary biri-biriniň üstünde goýup, ussatlyk bilen girelge we boýnisa oýup, Sretenskiýleriň çagalarynyň iň ulysy, ýetginjek-äpät Nikita gurupdy. Ol barada “elleri gyzyldan” diýýärdiler. Islendik howada ol göz edip ellik geýmezdi. Onuň pökgi gorkunç penjeleri owunjak jaýryklar sebäpli, gyzardylyp bişirilen, käwagt bolsa brusnika bally syrnyga, meňzeýärdi. Oňa biziň barymyz bile kömekleşdik: gardan şarlaryny togaladyk, gary üýşürdik we tapbatladyk, derýanyň heniz doňmadyk ýerine hem gitdik, ol ýerden buga­ryp duran suw daşadyk. Bedreden ony suw pürkgüçlere guýup, giň meýdany tekiz suwladyk. Nikita heýkeltaraş boldy (esasan öwlüýäde) we neçjar bolup ýetişdi, gowy içmegi halaýar we öz işine ökdeligi sebäpli, sargytlardan ýaňa üsti gömülýär. Aňyrda bolsa kybapdaş üç batyry goýdy. Ussadyň ýalaňaç barmaklary bilen gardan ýasady we suw bilen berkitdi. Biraz onuň özüne-de çalym edýän, bu görmegeý, biri-birine meňzeş heýkelleri, onuň uýasy Dusýa guaş bilen reňkledi. Batyrlar altyn öwüsýän sowutlary, galkanlary, gylyçlary, tuwalgalary bilen, hemmesiniň ýaňaklary gyzyl we gök gözli, üç sany: gara, sary we gar ýaly çal sakgallary bilen, derýa buzu­nyň rahatlygyny gorap, ynamly durdular. Çagalygyndan surat çekýän Dusýa-Ýewdokiýa, uzak burýat monastyrynyň posluşnitsasy boldy, ol ýerde ikonalary çekýär we restawrirleýär. Ol galany hem reňkledi, reňkleri gysganman, gyzyl we gök öwüşginler bilen, gümmez diýlip goýlan diwar üýşmegine berk ýelmenen iki sany şary-da altynsow edip reňkledi (haçlary goýmadylar, artykmaç boljakdy). Ine şol galanyň içinde Sretenskiýler, köne ruhy neberäniň nesilleri, goranýardylar. Kakalary — birinji nesilde ruhany bolan, Ohapkinler we men bolsa şol galany eýelemäge synanyşdyk. — Hüjüme! Rus üçin! — diýip, çirkin sesli Petýunýa, körpe Ohapkin seslendi. Ol öňe çykmaga çalyşdy we atylýan oklaryň arasyndan togalanyp, durşuna duw ak bolup, derwezä tarap, duşmanyň aýagynyň astyna okduryldy Ony zyňyp goýberýärdiler. — Biz bilen söweşe! — diýip, ol gyrygrak sesi bilen gygyrdy. — Hudaý! — diýip, ony dogany Maşa onuň şarfyndaky, we glazurdaky kuliçe meňzeş, gülkünç gülgüne şapkasyndaky şeker pagtalary kakyşdyryp, gazaplyrak düzederdi, emma az salym wagt geçeninden ol ýene özüniň ýalňyş çagyryşyny joşgun bilen aýdyp goýbererdi. Ýogsam, ol her söweşiň öňünde, ýene bir minutdan uruş ýaragyna öwrülýän ýalaňaç çybyjygy uludan kelemenledip, edil kadila ýaly edip, çokýardy we gazap bilen: “Mirom Gospodu pomolimsýa!” diýip aýdýardy, horuň sesini edip, birbada köp ses bilen jogap berýärdi. Bu tä mekirje Lida Sretenskaýa (geljekde örän işjeň wolontýor-höwesjeň, ol yhlas bilen gözleýär we bagtyna köplenç ýiten adamlary tapýar) ony ýamanlaýança, umumy makullaýjy gülkiniň astynda dowam ederdi. Şonda ulular Petunýany we biziň hemmämize käýäpdiler. “Doga, bu oýun däl, näme sen muny bileňokmy samsyjak?” — diýip, ejesi ýumşagrak bolmaga çalşyp we gözlerine gynanç bilen seredip, ondan soraýardy, ol bolsa boýun alyp hem razylaşyp baş atardy, we indi her söweşiň öň ýanyndan burnu­nyň aşagyndan boguk we myňňyldaýan sesi bilen bir zatlar, hümürdeýärdi, kellesinde heniz hem ýeňiş üçin mynajatlary oýnaýan bolmagy ahmal. Petýunýadan onuň ybadathanada gullyk etmegine garaşmak boljakdy, emma ol köpe kowalaşdy, öýden gitdi, geçelgelerde gitara çaldy, ony bir gün tötänleýin geçip barýan adam, kakasy, gaharyna döwdi. Petýunýa suratçy-fotograf bolup ýetişdi, internet torlaryny ýabany tebigatyň kä näzik, kä gamgyn suratlary bilen dolduryp, göýä hiç bir ýerde gonalga tapmaýan dek, durman dünýä aýlanyp ýör. Ýöne Sretenleriň neslinden Mitrofan hiç hili gorkusyz keramatly şahsy oýnap biljekdi. Onuň ýüzini men eýýäm ýadymdan çykarypdyryn we ýadymda diňe begres gulakjynyň içindäki mum ýaly ýagty tegmil galypdyr. Ol owadan saldamly hereketleri arkaly kömek edýän, aýratyn dabaraly we gamly äheňi bilen saýlanýardy. Mitrofan, umuman, hiç kimiň garşy bolmady, wagyz etmegi halaýardy. — Gadyrly erkek doganlar we uýalar! — buz alaňlyklarynyň üstünde, ýakynlary aýaklaryny tutup durdular, gussa bilen başlaýardy. — Geliň, keramatlylarymyzyň bize näme öwredýändiklerini ýatlalyň. Siz biz — ýakynlarymyz, hiç kimi gaty urmak gerek däl, bogmak bolanok, gar tokgasyny ýüze zyňmak bolanok... Ol öz gorkularyny sanap tamamlamanka, eýýäm gapdalyndan agyr top oklary ýaly gar tokgalary eýläk-beýläk uçup ugraýardylar. Onuňky ýerine düşüpdi: ruhany bolup ýetişdi, hut Wologdadaky ybadathananyň başlygy— nastoýateli, uly maşgalasy bar. Men ruhany, belki-de monah, bolar diýip, başga bir oglanjyk, gowşajyk we horja, islemeýän we oňarmasa-da uruş-uruş oýnan bolýan Timoşa Ohapkin barada pikir edipdim. Ol gary şeýle näziklik bilen tokgalaýardy, çekinipräk zyňardy welin, oklar barmaly ýerine ýetenokdy ýa-da pytraýardy, käwagtlar bolsa söweşiň iň gyzgalaňly ýerinde doňup galardy, göýä içindäki bir zada haýran galyp seredýän ýalydy. Ähtimal, ol şeýdip adam anatomiýasyny öwrenen bolara çemeli, çünki gulluk edip geleninden soňra, hirurg boldy. Papownalar (gyzlar) ökde uruşýardylar. Dusýa we Lida hakyky ähli zady başarýan aşpez zenanlaryň tizliginde ýasadylar welin, men şolardan snaýperleriňki ýaly takyk urgulary alýardym, agyrdýardy, emma esasan aýaklaryma, dyzyma, şol sebäpden gar ädiklerimiň içini derrew doldurardy. Biziň bu gowşak goşunymyzda maňa Maşa goldaw berýärdi, ol ünsli, hat-da ýyrty­jylyk bilen, tolgunmanyň gizlin gyzgyny bilen atardy. Men öz sitadeliniň (galanyň içindäki özbaşdak söweşmek üçin ýer) derwezeleriniň öňünde yraň atyp duran, äpet Nikitany atmaga hyýallandym, uran wagtymda bolsa, Maşanyň dişlenen dodaklary gyzaryp, ýumşap, şatlyga ýol berip, ýylgyrdy. Her gezek şowuna düşen wagty ondan, hatda: “Oý!” ýa-da “Oh!” uçup çykaýardy, emma urgy alanda bolsa, ol sesini çykaranokdy, gaýtam jogaby gaýtarmak üçin ýene has aýgytly egilýärdi. Maşa maşgalasyndan-da, ybadathanadan-da uzaklaşypdy, Moskwada girewine bir otag alýardy, hipster barlarynda birinde ofisant bolup işleýärdi, bir gezek şol ýerde maňa (güler ýüz, çekinjenlik bilen) kraft piwosyndan bir kürüşge süzüp beripdi. Şowsuz söýgüsinden soňra (Ol bagtsyz söýgä duçar bolupdyrmyş), ol Walaam adasyna gidipdir, şol ýerde hem başlangyç synplaryň mugallymy bolupdyr. Eger gar togalamak üçin has aýazly howa bolsa, onda biz goşun goşuna ýakynla­şyp, biri-birimizi süýt ýaly bug bilen gazaply gamaşdyryp, gözümize, ýakalarymyza aýamyz bilen gar taşlaýardyk. Rus gyşy, ýalançy Pikasso parahatçylyk kepderisi, bizi demir çüňkünde göterip getirdi we söweşjeň ganatlary bilen owadan ýelpedi... Biz hemmelerden göz-görtele tapawutlanýardyk. Hat-da Popowiçleriň sypaty-da çagyryşdy. Ene-atalarymyz bizi diňe bir täsin ykbala däl, eýsem bir tüýsli geň eşiklere-de iteripdirler. Goňşy obadan, garşydaky kenardan biziň bilen oýnamaga gelýän çagalar, garypja geýinende bolsalar, başgaçady, özleriniň dürli reňkli sintetikalarynda bezemendiler. Biziň eşiklerimiz köne görnüşlidi, döwrebap biçüwde däldi. Aşa ykjamlylyk sölitelik bilen utgaşýan ýalydy, oňa dünýewiligi äsgermezlik diýseňem boljak. Ähli zatlar biraz halta ýaly, bolmalysyndan giň we uzyn görünýärdi, hamala oblaçeniýä çenli ösmäge çalyşýan ýalydy. Iki maşgalanyň çagalary biri biriniň kiçi bolan eşiklerini geýýärdiler, jynsyna seretmezden, ýama salynýardy. garamazdan, geýerdiler. Ýalaňaç elli Nikita içmekli we ädiklidi. Gyzlaryň kurtkajyklarynyň we ýarym possun­jyklarynyň aşagyndan elde örülen koftajyklar gizlenip durdy. Petýunýanyň gara switerniň ýeňleri başga reňkli ýüň sapaklary, edil häzirki ýaly ýadymda, gök sapak bilen çatylandy. Hatly ýa suratly hiç hili eşik ýokdy! Özüni göreldeli alyp barýan kişi bolýan Lida, garly söweşlerde mazalyja päsgel berýände bolsa, hiç wagt ýubkasyny aýyrmazdy. Men köneje, oňaýsyz ildirgiçlije şlem-tuwalga geýýärdim, ol kakamyň ýanyna gatnaýan garryja, dindar aýalyň ýogalan adamsyndan galandy. “Hakyky deri! Her hili sowukda-da geýseň bolýar!” — diýip, ejem guwanýardy. — Bu näme? — sykylyklap, oba oglanjyklarynyň biri sorapdy. — Atyň eýerimi? — Uçarmanlaryň şapkasy! — diýip, puh ýaglykly Maşa-da täsir galdyrjak bolup, pert jogap berdim. Maşa nebsagyryjylyk bilen çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy barada soraşdyrardy, olar hondan bäri bolardylar, emma edil tobadaky ýaly, belki biziň hem çynymyzdygyny duýýandyklary üçindir, gizlemän we hiç hili aldaman jogap berdiler: “Kakam öldi”, “Meniňki bolsa gitdi”, “Meniňkiler iş gözleýär, gaty kyn düşýär...”, “Meniň sazanda bolasym gelýär, mekdepden soňra kružoga gatnaýaryn, biziň öz aýdym topa­rymyz bar, men klawişnik, öýdäkiler bolsa slesarçylygy git, ol dogrurak diýýärler”... — Gowusy saz! — diýip, söweşjeň Petýunýa goldaýardy. Eýýäm şonda Maşada özüni garyp halka bagyşlamak duýgusy kemala gelen bolmagy mümkin. — Siz ýöne siziň özüňiz içmäň, çekmäň, — diýip mähirli teselli bererdi, — siz, gaýrat edip, gowy okaň... Onuň sözlerini Lida bölerdi, edil şol töweregiň bikesi ýaly, öwüt bererdi: — Tiz wagtdan bu ýerde täze ýekşenbe mekdebini açarlar. Wiý, doga bir bilýäňizmi, ýok? Dynç güni siz kilesä geliň, meniň kakam — tagsyr, ol size dogry kitaplary berer. Sretenskiýler öýde okadylýardylar, Ohapkinlar bolsa gimnaziýa gatnaýardylar. Bir gezek, liturgiýany geçirip, gulluk edip, aýdym aýdyp we priçastiýe alyp, biz, buz ýaly dişlerimizde daşa dönen prosforkalary gemrip bolup, eýýäm gala tarap, çagala­ryň bize garaşyp duran ýerine eňdik. — Siz näme çeýneýäňiz? — diýip, olaryň biri şübheli sorady. — Datmaga ber! — Size bolanok, — diýip, äpet Nikita ýüzüni çytyp aýtdy. Obalylar gözleri bilen ümleşdiler we bize gözügidijilik we hormat bilen seretdiler, göýä biz, jadygöýleriň çagalary, bir üýtgeşik jadyly bir zatlar iýýän ýaly.... Ýöne biziň aramyzdan hem anyk kimdir biriniň olara gözi gidýärdi ýa-da özüni olardan we umuman, deň-duşlardan yza galan hasaplaýardy. Olar isledigiçe, ýadaýançalar, telewizor görüp bilýärdiler, onda-da ýary gijeden soň görkezilýän ýaramaz gepleşikleri, hemme popsalary we kassetalardan diňlenilýän “Sektor Gaza” ýaly toparlaryň paýyş sözli aýdymlaryny-da bilýärdiler. Obalylaryň paýyş sözlerini, sesimizi çykaman, dile almazdan, gulagymyzyň deňinden geçirip goýbererdik. Gar ýa ýumruk degip bir ýeri agyran bolsa: “Al kakmyş” ýa-da “Eý Hudaý, öz eliňde” ýaly jümleleri aýdardyk. Biziň dünýewi tanyşlarymyz biperwaýlyk bilen paýyş sögünýän wagtlary, biziň bu bigünä uludan dem almalarymyz aýratyn gapma-garşylyk bolup eşidilýärdi. Olaryň synyndan çekýän hem ýokdy.... Ýöne biziň şol gyşky wologda jemgyýetimizde ulanylýan: “Gitmediler!”diýen gödek we täsirli porol bilen biri-birimiziň synymyzdan çekerdik. Bir gezek, haçanda Nikita bir aýal oýnaşy bilen ýaňy çaý içip başlanynda, adam­synyň gelendigi barada anekdot aýdyp berende, men şol ýerde sýužetiň ýetmeýändigini duýup, mekdepde eşiden başga bir anekdoty begenip ýatladym. — Adamsy iş saparyndan gaýdyp gelýär, — diýip, men başladym, — aýaly bolsa oýnaşy bilen şeýdip ýatyrlar... Umumy närazylyk bildirýän ses bilen meniň gulagymy gapdylar we dymmaga mejbur etdiler. Papowiçler (muny men beýleki papowiçlerde görýärdim, belki, ol meniň özümde-de bardyr) şol bada ýabany we agaç ýaly gaty, giç düşünýän we dürtme gursak bolýardylar. Käte başyna giden, biedep hat-da utançsyz, ýa hemişe dini gözegçilik sebäpli ýygra we çekinjeň bolýarlar, sebäbi özlerini beýleki çagalara garanyňda üýtgeşik duýýandyklary we wagtlarynyň köp bölegini täsin uly ýaşly adamlaryň arasynda geçirýändikleri üçin bolmagy mümkin. Olaryň gadagan edilen zatlaryň öwezini dürli görnüşli dowzah baradaky gürrüňler bilen dolýan bolmaklary mümkin. Petýanyň ulag heläkçiginde adamlaryň ýanyp, ulagyň içinde iki bükülip: “Edil garynjajyklar ýaly” bolup galandyklary barada gyzyklygürrüň berşi, Dusýanyň bolsa ölenleri soborlama giden kakasy bilen bile gidişi, “Bir garryja mamanyň ýaňaklary çüýräp gidipdir, we altyn dişleri-de görnüp dur” diýip aýdyşy, edil şu günki ýaly, ýadyma düşýär. Bu aýylganç gürrüňlerde orta asyr groteski bardy. Ýöne, papowiçler uly lezzet bilen haýwanjyklar, balyjaklar, guşjagazlar barada hem nämedir bir ýüregi ýakymly gürrüň bererdiler. — Biz öýde ýekedik, ulular ýokdy... Edil üçegiň aşagynda ýaşaýarys, — diýip, jyňňyldap gülüpjik, Maşa öz gürrüňini tolgunyp, aýtmaga howlukdy. — Biziň wannamyzda turba howa sorýanyň turbasy daşaryk çykýar. Petýa oňa gitdi-de, birdenem: “Guşlar!” — diýip, gygyrdy. Bizi hem içine saldy, dogrudanam, edil tokaýdaky ýaly, guşlar saýraýar. Şeýle bir gowy jürküldeşýärler: jürk-jürk... Gözenegi aýyrdyk, seredýäris: turbada guşjagaz iki ýana urunýar, enesi bolsa ýokardan seredýär we ony köşeşdirýär. Men Timoşa eliň bilen al diýsem, ol diňe guýrugynyň perlerini gopardy. Şonda men bir guty getirdim, guşjagaz hem şoňa gaçdy. Tüýlüje, saryja çüňkli. Biz ony balkona äkitdik, derrew enesi uçup geldi-de, gutyň içine onuň ýanyna gondy, ýene bir zatlar barada jürküldeşdiler we uçup gitdiler. Soň men ensiklopediýadan tap­dym — olar ak dag geçiguşlary eken. O nähili ak? Aslynda olar köp reňkli — çal-gara-ak, ýöne näme üçindir ýöne “ak” diýip ýazýarlar. Çägesow-mele, altysow öwüşginden doly örülen saçly bu syratly gyzyň aýdyp beren adaty wakasy, Injildäki Gýustaw Dorenyň suratlary ýaly haýran galdyryjy we täsindi. — Men ol ölüme diýip eşitdim, — diýip, Timoşa aljyraňňylyk bilen belledi. — Kim? — diýip, biz soradyk. — Guş, — ýuwaşja we ynamsyzlyk bilen aýtdy, — egerde ol uçup giren bolsa — onda ol ölümi aňladanokmy näme? — Suýa! — Suýa! — diýip, wagyzçy-Mitrofan ýaň berip, onuň sözüni böldi we ýazgaryjy dyngy berdi-de: — Sen näme üçin suýa aýdýarsyň? Asyl ol neologizme çenli gysgaldylan, “suýeweriýe” sözüni göz öňünde tutýan eken. — Guşlar — ýagşylygyň habarçysy, — gopbamlyk bilen Lida goltgy berdi, — Siz näme suw almadan soňra Nuhuň ýanyna kepderiniň uçup gelenini ýatdan çykardyňyzmy? — Suw alma bizde-de bolýar, — Maşa ylalaşdy. Poslap giden üçek... Biz ynanyp diňläp we üýtgeşik bir zada garaşyp hem kabul edip, ýakyn tegelenip oturyp, pikirlenip, dymyşdyk. Matuşkalar, ýaňaklak Sretenskaýa we hordan-owadan Ohapkina, dogurmak, çaga keselleri, keramatly derwüşler we sagdyn hem süýji iýmitlenmegiň syrlary barada köp gürleşerdiler. Batýuşkalar bolsa bir bokaljyk ýa stopkajyk götermegi, dürli ybadathana akymlary, mynasyp we gaty mynasyp bolmadyk ierarhlar-gatlaklar, uzak Watikan, hemme ýerde ýetişikli sektantlar, we ýene-de ybadathanalara gelmäge endik eden banditler barada yzygiderli gürrüňleşmegi halaýardylar. — Ýanyma geldiler, bary al kakan. “Ruhany senmi? Ýigide jynaza okamaly!” — diýip, gyzma, ýarym çal, ýasy, edil duz bilen burç ýaly, ikä bölünen, sakally ata­myz Wsiliý Ohapkin gürrüň berdi, — Men olara göni aýtdym: “Kim ol? Priçastiýe, toba edipmidi? Siziň ýaly, garakçymy? Ýok, edip bilemok”. Olar meniň ellimden tutup, mazarlyga alyp geldiler. “Öldüreris-de gömeris. jynaza okajakmy indi?” — diýdiler, men başymy ýaýkadym. Şol ýerde-de zyňyp gitdiler... — Men bolsam, belki-de seniň pikiriňçe, ýalňyşýandyryn, — diýip, nurana ýüzli, saçy düşüp başlan we çyparrak, edil otkrytkadaky pasha ýumurtgasynda ýaňyja çykan jüýjä meňzeş, atamyz Ioan Sretenskiý garşy çykdy, — Hat-da nähilidir bir jibi hem oswýatit edýän wagtym bolýar. Emma hemişe başynda söz aýdýaryn. Rehimdarlyk barada. Belki, bu söz kimdir biriniň ýüreginde orun alar. Agşamlaryna biz kä kömelekli, kä kelemli piroglar bilen çaý içerdik, kimdir biri bolsa sesli kitap okap bererdi. Olaryň içinde Aksakowyň “Bagrow-agtygyň çaga­lyk ýyllary”, Leskowyň “Täsin derwüş”, Şmelýowyň “Leto Gospodne” ýaly kitaplary bardy. Beýlekilere garanyňda Lida has höwesekdi, ol edil Zebur ýa-da ömür ýazgysyny okaýan ýaly yhlasly we öwüt beriji äheňde okaýardy. Irimçek Mitrofan, ejesiniň tabşyrygy boýunça, mylakatly dem alyp we özüne sazlaşykly hereketler bilen kömekleşip, gowy labyzly okaýardy: Dilinem paýhasly ýylanyň Doňup galan agzyma meniň Ganly sag eli bilen saldy... Ol “ölüp galan” diýmäge derek “doňup galan” sözüni aýdardy, göýä gürrüň san­jym edip doňdurlandan soň, açylan agyzda işleýän diş doktory hakynda barýan ýaly okardy. Käwagtlar Dusýa ak kružewaly, garamtyl gök köýnegini geýip, elektripianinada — Çaýkowskiýni ýa-da Swiridowy çalyp bererdi, emma adatça ýeke özi türgenleşerdi. Hiç kime päsgel bermez ýaly, ol gulaklyklary-nauşnikleri geýerdi we onuň otagyndan uzak wagtlap süňkleriň yhlasly kakylýan tyrkyldysy eşidilerdi. Maşa aýdym aýdardy. Gös-gönüje bolup, kiçijik, agramsyzja, arassa we güýçli göwüslerini ýokaryk göterip dik durardy. Ýaşaran gam-gussaly gözleri bilen serederdi. Mele gaşlary tozgajyk ýaly seňriginde birleşýärdi. Şol geçen dynç alyş günleri ol diňe iki gezek aýdym aýdypdy. Edil doňan ýere düşen gar bölejikleri ýaly, öňden öwrenişikli gulaklarymyza ýaran, bu “ruhy halk aý­dymy” aňsatlyk bilen we begenip, birinji gezek garym-gatym bolup onuň ýakynlary aýtdylar, ikinji gezek bolsa biz hem kömekleşdik Ah nähili bu ýol doly bagtdan, Nirä barýarkalar Jahankeşdeler.... Olar Rusalime tarap barýar, Olary perişdeler alyp barýar, Alhamdulylla, alhamdulylla Olary perişdeler alyp barýar... Howa maýyl boldy, oba oglanlary bilen bilelikde bizem bütin gün şekere meňzeş gary şar ýaly edip togaladyk, soňra bolsa depejigi aýaklarymyz, piller we hat-da pürsler bilen depeledik. Ertesi, haçan-da aýaz gaýdyp gelende, buzdaky oýukdan bedreli suw getirdik. Ol iki ýana çaýkanýardy, gara deşige barýan ýodajyk çal we typanjakdy, howply tans oýnamaga mejbur edýärdi. Nikita jellat çaltlygy bilen beýik eşafota biri-biriniň üstünde goýlan we basgançak ýaly edilip çapylan gar togalaklarynyna basyp münerdi-de, bedresini seresap egip, ýuwaşjadan tekiz dik aşak ýapgydyň üstünden guýardy. Şeýdip tä gar galyňja doňýança, bedre-bedre guýuldy. Çalt garaňky gatlyşdy, biz geljekki uçuşlaryň höwesinde aňkamyz aşan ýaly galmagallaşdyk we ýumruklarymyz silkip, “daş — gaýçy-­kagyz” oýnap, geljekki uruşlara bije atdyk (bize garanyňda, sankalar azdy), şonuň üçin gykylygy birbada eşitmedik. Ölüm howpuna düşeniň çirkin sesi.... Ilkinji bolup, şol slesar bolmak islemeýän, obaly ýigitjik kömege ylgady. Kenar ýodajygyndan ylgap barşyma, men ähli zatlara ýasamalyk çaýýan alagaraňkylykda, onuň buz oýugyna uçup barşyny, eglişini we içinden güýç bilen bir gara zady çekip alyşyny, onuň yz ýanyndan bolsa ýetişip Nikita ylganyny, ondan duýdan­syz çalasyn Mitrofanyň ýapyşanyny gördüm. Şalgam baradaky erteki göz açyp ýumasy salymda oýnaldy, oýukdan halas edilen gara zat bolsa, hyklaýan we uwlap aglaýan Lida bolup çykdy. Indi ony öýe göterip äkidip barýardylar. Öl-myžžyk uzyn ýupkasy aýaklaryna dolanypdyr we suw perisiniň guýrugyna meňzäp, sypanjak teňňe bolup doňupdyr. Bu bolup geçen waka dynç alyşyň galanyna zyýan ýetirdi, hat-da depeden gaýd­ýan typmalar hem öz jadysyny we gyzygyny gaçyrdy. Lida garaşylyşy ýaly keselledi — üsgürdi we gyzdyrdy, ybadathanada minnetdarlyk we sagalmaklyk üçin dürli troparlar bilen garylan dilegler edilýärdi, biz öýde seresap we ýuwaşja, barmaklarymyzyň ujunda ýöreýärdik, göýä şol galmagally şatlygymyz sebäpli tas ony ýitirendigimiz üçin ýepitimiýa kabul eden ýalydyk. Ýigrimi bäş ýyl geçenden soň, aramyzdan birimiz aýryldy we biz jaňlaşyp, esasanam ýazyşyp, jynazasyna gitmekçi bolduk. Men “Medwedkowa” metrosynyň ýanynda awtobusa mündüm we uzak gije ýöredim. Uky tutmady — ýa-ha titreýänligi üçin, ýa-da ýaňaklarymy gyzdyryp, gitdigiçe çuňlaşýan kellämde köpelýän pikirler üçin. Näme üçin men gidip barýardym? Men Sretenskiýler bilen Ohapkinleriň arasyndaky şol ýakyn dostlugy bilemokdym, aslynda, olaryň toparyna tötänleýin düşüpdim, soň olaryň käbirini kämahal, adatça Moskwada meniň kakama gulluk eden maşgala başylaryny görýärdim. Bu popowiçler we popownalar bilen (pop maşgalalarynyň oglanlary we gyzlary bilen) meni diňe, birmahalky gyşyň bir gysgajyk dynç alyş möwsümi möwsümi bagrymy badaşdyrýardy. Ýöne nämedir bir zat, hemme zady taşlap, şol, hiç haçan ibaly gürleşip hem görmedik adamym bilen hoşlaşmaga okdurylmaga mejbur etdi. Men aýnaň aňyrsyndaky näbelliligiň garankylygynda göýä fotorobot dek, meniň ýat, aljyraňňy, çala görünýän ýüzüme, tä tokaýlyklaryň we meýdanlaryň aňyrsyndan gülgüne ýagtylyk peýda bolanda, görnüp başlan meýdanlara we tokaýlara siňýänçä, seretdim. Belki men, ýoluny ýitiren ogul ýaly, edil özüm ýaly ýa-da başga, çala tanyş we düşündirip bolmajak özümiňkileriň arasyna garylmak hem-de ýyllaryň dowamynda meni ybadathanadaky çagalygymyň ýyljajyk bosagasyndan, uzakdan-uzaga, köçeden-köçä kowan, ýetimligimiň öwezini dolmaga synanyşmak üçiň barýandyryn? Biz başga, özge, üýtgeşik ahyryn, diýmek, ýyllaryň dowamynda ýolumyzdan näçe kişiler çykanda bolsa, bu adamlaryň hiç birinde-de hiç haçan biziň biri-birimizde ýarym bakyşda bilip bilýän nämedir bir zadymyz ýokdur. Bu biziň ýalkananlygymyz ýa-da näletlenendigimiz, — azdyryjy-arwahlary we goraýjy-perişdeleri deň derejede özümize çekýänligimizde, nähilidir bir gülkünç we gorkunç hakykat bolmagy mümkin. Belkide, bizde ýuwup-ardyp bolmajak sahna endikleri we durmuş oýunlary, we şol bir wagtyň özünde-de, hakyky, del, gadymy, hyjuwly özüňi bagyş etmek we ybadat etmäge suwsanlyk bar... Birden bu, içimde titreýän we çakýan köp sözler dargap gitdi we aglaýan aýallaryň, gorkan çagalaryň, we merhumyň edil altaryň öňünde ol ýagty dünýä çagyrylandygy üçin, özlerini bakylyga bolan ynamy bilen we soňunyň gowy tamamlanan­dygy bilen ruhlananlaryň arasynda meniň kelläm boşap galdy. Her bir jaň — ösüp barýan durmuşy ýatladyp — iň kiçijiginden başlap, ulusyna çenli gaty ses bilen ýaňlanýardy — soň jaň kakýançy jaňlaryň baryny birden kakardy, ol hem gutarmak, üzülmek, synmak. We ýene gaýtalanýar... Men rahat, nämedir bir zatlara geň galyp, birnäçe gezek könelen plitalara büdräp, kimdir biri bilen baş atyşyp we elleşip (hemmesi gelip bilmändir), üç sany ýaş we iki sany ýaşuly, biri betbagt kaka, ruhanylaryň yzyndan ýuwaş ýöräp barýardym. Ak ýüpler bilen olar tabydy aşak goýberdiler. Derrew jaýladylar we üstünde gara demir tablisaly, “O. Mitrofan Seretinskiý, 1981—2017” diýen güne altyn öwüsýän ýazgyly haçy çaltlyk bilen dikdiler. Meniň ýanyma ýuwaşjadan gara köýnekli we gara ýaglygynyň aşagyndan şol öňki mele zülpleri çykyp duran Maşa geldi. Biz gujaklaşyp, dymyp durdyk.