Boris Ryžiý
1974-nji ýylda Çelýabinskide eneden dogulýar. Ural dag akademiýasynyň geofizika we geoekologiýa bölümini, RYA-nyň Ural bölüminiň Geofiziki institutynyň aspiranturasyny tamamlaýar, soňra şol ýerde kiçi ylmy işgär bolup işleýär. “Ural” žurnalynda (Ýekaterinburg) rubrika alyp barýar. 1996-njy ýyldan başlap ilki Ural, soňra Sankt-Peterburg we Moskwa şäherleriniň žurnallarynda çap edilip başlanýar. Rotterdam şahyrana festiwalyna gatnaşýar. Aýatda wagty onuň “Şuňa meňzeşler...” (2000) atly ýeke-täk goşgular ýygyndaysy neşir edilýär, “Sowuk şemalda” (2001) atly ikinji kitaby aradan çykandan soň çap bolýar. 2000—2010-njy ýyllarda eserler ýygyndysy neşir edildi. Goşgulary iňlis, arap, bolgar, italýan, litwa, nemes, niderland, serb, türk, fransuz we beýleki dillere terjime edildi. “Antibuker” Garaşsyz baýragyň, “Demirgazyk Palmira” edebiýat baýragynyň (aradan çykandan soň). 2001-nji ýylda özüne kast edýär.
Ryžiniň gyzykly durmuşy we tragiki ölümi tutuş edebiýat nesline güýçli täsir etdi. Onuň durmuşy we döredijiligi barada birnäçe biografik we memuar kitaplar Russiýada we Gollandiýada neşir edildi, belli teatrlarda spektakllar goýuldy, dokumental filmler surata düşürildi, häzirki döwürde çeper film surata düşürilýär; onuň goşgularyna aýdymlar ýazyldy.