Ýewgeniý Çigrin

1961-nji ýylda Kirowograd oblastynyň Mala Wiska şäherinde (Ukraina SSR) dogulýar. Dört sany goşgular kitabynyň awtory: “Sürüji” (2012), “Uklamaýan aýlag” (2014), “Suwasty Şar” (2015) we “Göze görünmeýän ýolbelet” (2018). Rossiýa we halkara şygryýet festiwallaryna gatnaşýar. Goşgulary köp ýewropa we gündogar dillerine terjime edilýär, Polşada, Ukrainada we Serbiýada aýratyn kitap bolup çap edilýär. Sahaliniň medeniýet gaznasynyň baýragynyň, Halkara Artiý baýragynyň, Konstantin Simonow adyndaky baýragyň, Arseniý we Andreý Tarkowskiýleriň adyndaky Halkara baýragyň (Ukraina), Gorkiý edebiýat baýragynyň, Pawel Bažow adyndaky Ählirossiýa edebiýat baýragynyň, “Altyn Delwig” baýragynyň, Sergeý Aksakow adyndaky baýragyň we başgalaryň eýesidir. Halkara PEN-klubyň we Moskwanyň ýazyjylar birleşmesiniň agzasydyr. Ol Mosk­wada we Moskwanyň etegindäki Krasnogorskde ýaşaýar.
Tankytçy Pawel Basinskiýniň belleýşi ýaly: “Çigriniň özüniň şygryýet temasy, hatda öz şyg­ryýet “geografiýasy” hem bar. Gündogar, Hindistan, Krym... Onuň goşgulary Gündoga­ryň Güni ýaly, Krym şeraby ýaly sogup çykýar. Olar ussatlyk bilen döredilipdir...”