Maksim Amelin

1970-nji ýylda Kurskda dogulýar. Söwda kollejini gutarýar, A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynda okaýar. 1995-nji ýyldan bäri neşirýat işi bilen meşgullanýar. “Sowuk odalar” (1996), “Dubia” (1999), “Gorgonanyň aty” (2003) atly kitaplaryň, goşgular ýygyndylarynyň, “Gyşyk söz” (2011) atly esseistikanyň we dürli žanrly “Goşgy dälleriň kitapla­rynyň” awtory. XVIII—XX asyr rus şahyrlarynyň käbiriniň eserler ýygyndysyny, häzirki ­zaman rus we gruzin şygryýetiniň antologiýasyny düzüji we kommentator. Gadymy grek, latyn, iňlis, italýan, gruzin, ukrain we beýleki dilleriň şygryýetiniň terjimeçisi. Goşgulary ýigrimi bäş dile terjime edildi, sekiz kitaby Awstriýada, Ermenistanda, Ispaniýada, ­Hytaýda, Serbiýada, ABŞ-da we beýleki ýurtlarda çapdan çykdy. Köp sanly Rossiýa we daşary ýurt edebi baýraklarynyň, şol sanda Garaşsyz “Antibuker” baýragynyň, Bunin baýragynyň, Aleksandr Solženisiniň edebi baýragynyň we “Şahyr” Milli baýra­gynyň eýesi. “Birleşen ynsanperwer neşirýatynyň” we “Rossiýa halklarynyň häzirki zaman edebiýaty” taslamasynyň baş redaktory. Rossiýa halkynyň agzybirligini berkitmäge goşan goşandy üçin RF-iň Prezidentiniň baýragynyň eýesi. RF-in Prezidentiniň ýa­nyndaky rus dili boýunça Sowetiň agzasy. Moskwada ýaşaýar.
Goşgyşynas we tankytçy Ýuriý Orliskiniň pikirine görä: “şeýle bir şahyrlar bolýar, olaryň absolýut özboluşlyklary sebäpli, orunlaryny edebi prosesde anyklamak kyn. Maksim Amelin hem hut şeýle. Ol häzirki zaman şygryýetinde hiç kime meňzemeýän adam. Onuň käbir aýratyn alnan goşgularyny ýa essesini bir zat bilen deňeşdirmek bolar, emma tutuş döredijiligini — ýok”.