Wiktor Astafýew

Astafýew Wiktor Petrowiç (1924—2001) — ýazyjy, esseçi, dramaturg. Sosialistik zähmetiň gahrymany, SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi (1978, 1991), RF-iň Döwlet baýragy­nyň eýesi (1995, 2003). Krasnoýarsk ülkesiniň Owsýanka obasynda dogulýar. Ir ýetim galýar we ýetimler öýünde-de ulalýar, fabrik-zawod mekdebini tamamlaýar, demir ýolda işleýär. 1942-nji ýylda meýletin fronta gidýär. Uruşda sürüji we aragatnaşykçy bolýar, iki gezek ýaralanýar we kontuziýa bolýar, Gyzyl ýyldyz ordeni, “Edermenlik üçin”, “Warşawanyň azat edilenligi üçin” we “Germaniýadan üstün çykylanlygy üçin” medallary bilen sylaglanýar. Uralda, Çusowoý şäherinde, soňra Permde we Wologdada ýaşaýar. Ilkinji kitaby 1953-nji ýylda neşir edilýär. Astafýew “Çopan we çopan gyz”, “Gamgyn detektiw”, “Şa balyk”, “Soňky tagzym” powestleri, “Gargyş siňenler we öldürilenler” romany, lirika-awtobiografik hekaýalaryň, joşgunly publisistikanyň awtory hökmünde giňden tanalýar. Köp eserleri ekranlaşdyryldy. Edebiýatyň iki ugrunyň, ýagny harby (“garym hakykatynyň”) we “oba prozasynyň” wekili bolup durýar. Astafýewiň prozasynyň häsiýetli aýratynlyklary — jemgyýete we adama gazaply we adalatly garaýyş, ýiti we hyjuwly dil, psihologik taýdan takyk şekiller.