Lýonid Ýuzefowiç

Ýuzefowiç Lýonid Abramowiç (1947-njy ýylda doglan) — kyssaçy, ssenariýaçy. “Milli bestseller” (2001, 2016), “Uly kitap” (2009, 2016, 2021) baýraklarynyň eýesi.
Moskwada dogulýar, çagalygyny we ýetginjekligini Permde geçirýär. Perm döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetini tamamlaýar. Žurnalist, mugallym bolup işleýär. Taryh ylymlarynyň kandidaty.
1977-nji ýylda “Erkinlik bilen adaglanma” diýen powesti bilen edebiýata gelýär. Soňra “„Espero“ kluby”, “Şemalyň knýazy”, “Kazaroza”, “Durnalar we karlikler”, “Çölüň hökümdary”, “Hiýumaadaky maýak”, “Gyş ýoly”, “Filellin” we beýleki taryhy powestleri we romanlary çapdan çykýar.
Yzçy Iwan Putilin hakyndaky taryhy detektiwleriň seriýasy okyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar.
Ýuzefowiçiň kyssasynda we dokumentalistikasynda çuň taryhylyk ekzistensial dartgynlyk bilen utgaşýar. “...Detektiw intriganyň aňyrsynda elmydama başga, ýaşaýşyň gymmat bahaly syry ýylpyldap görünýär <...> Ýuzefowiçiň detektiwleriniň her birinde adam öldüreni gözlemekden başga, has gyzykly başdan geçirme, intellektual başdan geçirme bar: okyjy nähilidir bir global, dünýä derejesindäki ideýanyň syryna çümýär” (Marina Abaşewa).