Wladimir Krupin

Krupin Wladimir Nikolaýewiç (1941-nji ýylda doglan) — kyssaçy, publisist, pedagog. Patriarşeý edebiýat baýragynyň (2011) we ençeme beýlekileriň eýesi.
Kirow oblastynyň Kilmez posýologynda tokaýçynyň maşgalasynda eneden bolýar, döwrüň şertlerine seretmezden, prawoslaw däpde terbiýelenýär. Slesar, hammal bolup işleýär. Moskwanyň oblast mugallymçylyk institutyny tamamlaýar. Köp ýyllap žurnalistika bilen meşgullanýar, “Sowremennik” neşirýatynda redaktor, “Moskwa” žurnalynda we “Blagodatnyý ogon” hristian žurnalynda baş redaktor bolýar. Telewideniýede işleýär. Moskwanyň dini akademiýasynda mugallymçylyk edýär.
“Oba prozasynyň” wekilleriniň biri. Krupiniň “Däneler” (1974) atly wýatsk obasynyň durmu­şyna bagyşlanan birinji hekaýalar ýygyndysy ony meşhur edýär. “Janly suw”, “Öýe barýan ýol”, “Wýatsk depderi”, “Çaga kimin bolarys”, “Rusuň keramatlylary”, “Asmana aýakýalaňaç gezelenç” atly powestleridir romanlarynda ol özüni “halkyň ruhy gymmatlyklarynyň gözlegindäki kyssanyň” ussady hökmünde mälim etdi. Krupiniň gahrymanlary ― biziň döwürdeşlerimiz, oba ýaşaýjylary, Hakyň gözlegindäki adamlar.