Oleg Dozmorow

1974-nji ýylda Swerdlowsk şäherinde (häzir Ýekaterinburg) dogulýar. Ural döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini we aspiranturany hem Moskwanyň döwlet uniwersitetinde žurnalistika fakultetini tamamlýar. Ýükçi, garawul, kitaphanaçy, mugallym, žurnalist, redaktor bolup işleýär. UrDU-nyň ýanyndaky edebiýat birleşmesine we “Ural” žurnalynyň ýanyndaky “Lebýadkin” edebiýat klubuna ýolbaşçylyk edýär. Ol “Ýetmezçilik” (1999), “Goşgular” (2001), “Sekizleme” (2004), “Begemota seretmek” (2012), “Ural äheňi’ (2019) atly bäş sany goşgular kitabynyň awtory. “Ural” žurnalynyň, “Rus baýragynyň”, “Moskwa hasaby” baýragynyň eýesi. Londonda ýaşaýar.
Dozmorow batyrlyk bilen diňe rus nusgawy meýdanynda goşgy ýazman, eýsem olary palimpsest hökmünde ulanmakdan hem utanmaýar. Ol illýuziýa döretmegi başarýar, ­okyja düşünmek üçin bu kontekst düýbünden gerek däl.