Kefir

Men şeýle haldakam — golaýlaşma,
Mefistofel dek gazaply öýde aýlanýan.
Aýalym galpyldaýar meniň oýlanýan
we aýylganç görünýän wagtym. Git, gelme!

 Başga halyma geçerin ýogsa,
Doňaryn birden, açyp holodilnik.
Näme isledim? Bilmedim. Urilnik
hem oýda, Napoleon dek ýogsa.

 Näme üçin, nämä otaga girdim?
Holodilnikde ne — isledim garpyz?
Nejis ylham pyşyrdaýar: “Arkebuz”.
Zefir, efir... Garasaý, ahry tapdym.