Dina Rubina
Rubina Dina Ilýiniçna (1953-nji ýylda doglan) — kyssaçy, dramaturg, esseçi. “Uly kitap” bayragynyň eýesi (2007).
Daşkentde, nakgaşyň we mugallymaň maşgalasynda dogulýar. Taşkent konserwatoriýasyny tamamlaýar, Medeniýet institutynda okadýar, radioda işleýär.
Rubinanyň ilkinji hekaýasy 16 ýaşyndaka “Ýunost” žurnalynda çap edilýär. “Haçan gar ýagar?” atly powesti oňa uly meşhurlyk getirýär. 1990-njy ýyllarda Rubina sypaýy hem hyjuwly “zenan belletristkiasyndan” has göwrümli žanrlara: filosofik-psihologik romana, maşgala sagasyna geçýär. “Köçäniň güneşli tarapynda”, “Sindikat”, “Kordowanyň ak kepderijigi”, “Zenan şemaly” we beýleki romanlary Rubinany Rossiýada iň meşhur ýazyjy zenanlaryň birine öwürdi.
Rubinanyň kyssasy — joşgunly, metafora baý, täsin gurnalan sýužetli. Tankytçylar Rubina “pikirleriniň aýdyňlygy”, “ugur tapyjy akylly paýhasy” we “durmuşdaky ownuk zatlara we umumy ýaşaýyş jaýynyň her dürli zibillerine bolan doýmaz-dolmaz ünsi üçin” hormat goýýarlar (Alla Marçenko).