Igor Melamed
1961-nji ýylda Lwowda (Ukraina) dogulýar. Çernowisk uniwersitetiniň filologiýa fakultetinde okaýar, A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny tamamlaýar. “Ýunost” žurnalynyň tankyt bölüminiň redaktory, Boris Pasternagyň Peredelkinodaky muzeýinde ylmy işgär bolýar. Oňurgasyny döwdüreninden soň özbaşdak hereket etmek ukybyny ýitirýär. Kesellän ýyllarynda işjeň bloger bolýar, mistikalaşdyrylan şahyrlaryň we tankytçylaryň birnäçe “edebi maskalaryny” döredýär. “Ukusyzlyk” (1994), “Gara jennetde” (1998) we “Jeza” (2010) diýen şahyrana kitaplaryň awtory. Gorkiý edebiýat baýragynyň, “Moskwa hasaby” baýragynyň, Halkara Woloşin baýragynyň eýesi. 2014-nji ýylda aradan çykýar.
Ol aradan çykanyndan soň, onuň goşgular ýygyndysy, esseistikasy we “edebi maskalary” üç kitapda neşir edilýär. “Igor ömrümde duşan adamlarymyň arasynda iň gyzykly we täsin adamdy. <...> bu şahyr beýleki şahyrlaryň hiç birine meňzemeýärdi. Şonda men şahyrlary şeýle göz öňüme getirýärdim. Ol hakykatdan-da Şahyrdy. Nähili banal görünse-de, ol Hudaý tarapyn berlen Şahyrdy” — diýip, edebiýaty öwreniji we tankytçy Pawel Basinskiý ýatlaýar.