Öý myhmanlardan dolup dur...

* * *

Öý myhmanlardan dolup dur.
Ejem nohut gülli köýnekde.
Uly ýaşlylar bölnüp dur
gowulara, has gowulara hem-de.

Bulgur sesi, gelýär joşa.
Kakamyň çilimi tüteýär.
Ine bu gider Nýu-Ýorka,
ol bolsa teker asta düşýär.

Güýz garaňkysy goýalýar,
gutarýar tostlardyr degişme.
Bu hem düwüne ýolugar,
onda bolsa zyýan görer kelle.

Otagda çyra söndürilýär.
Garaňky ýüzleri ýapýar.
Otuz akla sygmajak ýyllar
girelgede hoşlaşylýar.

Ol dowam edýär häzir hem,
siz küýkeren, takyr kelleli,
çykýaňyz gapymyza hem,
hemmäňiz hem bagtly, hem diri.