Eduard Limonow
Limonow Eduard Weniaminowiç (1943—2020) — kyssaçy, şahyr, publisist, jemgyýetçilik işgäri.
Gorky oblastynyň (häzir Nižniý Nowgorod) oblastynyň Dzeržinsk şäherinde doglup, çagalygyny Harkowda geçirýär. Zähmet ýoluny 17 ýaşynda başlap, birnäçe işçi hünärini çalyşýar. Edebiýata şahyr hökmünde girýär, ýygyndylary samizdatda çap edilýär. 1974-nji ýylda emigrasiýa gidýär, 1980-nji ýylda Fransiýada halkara meşhurlyga eýe bolan “Bu men — Ediçka” atly ilkinji romany çap edilýär. 1990-njy ýyllaryň başynda Russiýa gaýdyp gelýär.
Limonow — ýigrimiden gowrak romanlaryň we powestleriň awtory: “Onuň hyzmatkäriniň kyssasy”, “Şowsuz adamyň gündeligi”, “Ýetginjek Sawenko”, “Biziň beýik zamanamyz bolupdy” we başgalar. Hekaýalar we goşgular ýygyndylary, esseleri, publisistikasy we memuarlary çap edildi. Onuň gazaply we näzik, ruhy taýdan pitneçi, köplenç rugsat edilýän zatlaryň çägini bozýan kyssasyny käbirleri “zalym realizm”, beýlekileri bolsa öz asyrynyň ähli hyjuwlaryny, synaglaryny we özgertmelerini özüne siňdiren rus şahyrynyň intellektual tobasy hasapladylar.