Kleopatra

Tiz howly ýaýrakdan dolar, men hudaýlara hoş tütün ederin,
Seni bolsa, ýanýan Müsür kimin, gyşa çenli boýun ederin.

Bu ykbal-minippeýa ýene-de öz gutusyn dolduryp durýar,
Pompeý gämileri çümýär deňizde, Enobarb esgerin düzýär.

Doňan kadryň dumanynda bolsa, ganyň umytsyz ýyldyzynda,
Eşidýän men, seni nädip, adam gybaty ezýär Kleopatra.

Töhmete ynanmaga hakym ýok, men ruhlanýan diňe seň bilen.
Emma gapyň aňyrsynda Oktawiý, soňky döwrüň hilesi deý.

Bulut deý pökgüje ýassyklar, sen meni jadyň bilen gurşarsyň.
Men bilemok, muň duzakdygyn, sen bolup aldandygyn ölümiň.

Sen aýaňda suw berýäň içmäge, günäli saýmaýaň hiç kimi,
Dem alýaň: “Antoniý! Antoniý! Ölersiň we unudarsyň meni”.

Gorkyny we gözýaşy gizlemän, kartlara erbet seredýärsiň,
Gapyrjakda gizlengi kepjebaş bar geljegi ap-aýdyň bilýär.

Martyň soňky daşgynynda bolsa men altyn tümlikde aýdýaryn:
“Kleopatra, men şu gün ölerin, ýöne duşarys biz seň bilen!”

Asyrlaram zemin üstden geçdiler, başga oduň nurunda sen,
Düşekde eliňi kölegeledip, heniz meni tanaňok sen.

Hiç! Men huşum ýitenok! Men henizem şol bir ýyldyzy küýseýän...
Saňa hem, bir wagt Müsüre ýaly, şu gün men barybir girerin.