Aleksandr Kabakow

Kabakow Aleksandr Abramowiç (1943—2020) — kyssaçy, ssenariýaçy, žurnalist we publisist. “Uly kitap” baýragynyň, Apollon Grigorýewiň baýragynyň we ençeme beýleki baýraklaryň eýesi.
Nowosibirskde dogulýar Dnepropetrowskiý döwlet uniwersitetiniň mehanika-matematiki fakultetini tamamlaýar, inžener bolup işleýär. Žurnalist kärine “Gudok” gazetinde başlaýar. Uly seslenme döreden “Gaýdyp gelmek islemedik” (1989) atly antiutopiýa powesti ony üýtgedip gurmada öňe çykan, iň belli awtorlaryň biri etdi. “Moskowskiýe nowosti” we “Kommersant” gazetlerinde işleýär, publisist we kolumnist hökmünde köp neşir edildi.
Kabakow — köp kitaplaryň awtory, olaryň arasynda “Ýazyjy”, “Özgäniň adyny alan”, “Soňky gahryman”, “Gaçgak’, “Hemme zady düzedip bolýar”, “Moskwa ertekileri”.
Kabakow, aktual tematikany rus edebiýatynyň nusgawy däplerine wepalylyk bilen baglanyşdyryp, esasan sosial fantasmagoriýa we şäher durmuşynyň beýany žanrlarynda ­işledi.