Aleksandr Terehow
Terehow Aleksandr Mihaýlowiç (1966-njy ýylda doglan) — kyssaçy, žurnalist, kinossenariýaçy, redaktor. “Milli bestseller” (2012), “Uly kitap” (2009) baýraklarynyň eýesi.
Tula oblastynyň Nowomoskowsk şäherinde dogulýar. Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlaýar. “Ogonýok” žurnalynda we “Sowerşenno sekretno” gazetinde synçy, “Lýudi” žurnalynda baş redaktoryň orunbasary, “Nastoýaşeýe wremýa” gazetinde baş redaktor bolup işleýär. Moskwanyň Günbatar adminstratiw okrugynyň prefekturasynda habarlar merkezine ýolbaşçylyk edýär.
“Alaka gyryjy”, “Çölüň gyrasy”, “Bu çydap bolmajak ýagty geljek”, ýiti sosial häsiýetli “Nemesler” atly kitaplaryň we stalin döwri hakyndaky “Daş köpri” atly taryhy fantaziýanyň awtory. Soňky iki kitap gyzgyn çekişme döretdi, ekranlaşdyryldy.
Terehowy täsin stilist, jadylaýjy dilli ýazyjy diýip atlandyrýarlar. Onuň gahrymanlary mydama uly taryhy döwürde, öz zamanasynyň betbagtçylyklaryna we azgynçylyklaryna döz gelip ýaşaýarlar.