Sergeý Şargunow
Şargunow Sergeý Aleksandrowiç (1980-nji ýylda doglan) — ýazyjy, publisist, jemgyýetçilik işgäri. RF-iň Hökümet baýragynyň (2018), “Ýylyň Ýazyjysy” (2021), “Uly Kitap” baýragynyň (2017, finalisti), Moskwanyň Döwlet baýragynyň we başga-da birnäçe Rossiýa we halkara baýraklaryň eýesi.
Moskwada ruhanynyň we hudožnik-restowratoryň maşgalasynda dünýä inýär. M. W. Lomonosow adyndaky Moskwanyň döwlet uniwersitetini “halkara-jurnalist” hünäri boýunça tamamlaýar. “Ýunost” žurnalynyň baş redaktory. Rossiýanyň ýazyjylar we neşirýatçylar Assosasiýasynyň başlygy.
Ilkinji eserleri “Nowyý Mir” žurnalynda çapdan çykýar. Köp edebiýat žurnallarynda çap edilýär. Kyssalaryň, publisistikalaryň, taryhy-dokumental derňewleriň awtory. Şargunowa “Çaga temmi berildi”, “Ura”, “1993. Ýanyp duran jaýyň öňündäki maşgala portreti” atly kitaplary, “Kataýew. Baky baharyň yzyndan kowgy” atly biografiýa (“Ajaýyp adamlaryň durmuşy” seriýa), “Özüňiziňkiler” hekaýalar ýygyndysy we başgalar uly meşgurlyk getirýär.
Şargunowyň kyssasy diýseň täsirli we duýga ýugrulan, - şunuň bilen bilelikde, tankytçylar onuň ýaşaýşa duýgurlygyny, stil erkinligini we aýdyň toba etmek başlangyjyny belleýärler.