Wasiliý Below

Below Wasiliý Iwanowiç (1932—2012) — kyssaçy, publisist. SSSR-iň (1981) we RF-niň Döwlet baýraklarynyň (2003) we başga-da köp baýragyň eýesi.
Wologodsk welaýatynyň Harowsk etrabynyň Timohina obasynda eneden dogulýar. Mekdepden soň agaç ussasy, motorist, elektromontýor bolup işleýär. Etrap gazetinde zähmet çekýär. Gorkiý adandaky Edebiýat institutyny tamamlaýar. Wologdada ýaşaýar.
“Oba prozasynyň” liderleriň we ideologlaryň biri, Rus Demirgazygyny öwreniji we ýaşaýşy­ny beýan ediji. “Öwrendikli iş” we “Agaç ussalarynyň hekaýalary” atly powestleri oňa derrew meşhurlyk getýär. Rus demirgazyk medeniýeti we ýaşaýşy baradaky ylmy barlaglary ýokary baha mynasyp bolýar: “Agzybirlik. Halk estetikasy hakdaky oçerkler” we “Rus Demirgazygynyň dündelik durmuşy”. “Öňüsyralar”, “Beýik özgerişiň ýyly” we “Ças şestyý” ýaly romanlarynda XX asyr rus daýhanlarynyň agyr ykbaly barada gürrüň berdi. Rus dilini goramak, onuň halky köklerini gaýtaryp bermek hakda çykyş edýärdi.