Rus Demirgazygynyň dündelik durmuşy
(parçalar)
Uzak aýralyk
>Ýetginjek üç gezek ätledi, egildi, eli bilen
>Gujurly dyzyna ýaplandy, beýlekisi bilen süňki galdyrdy.
>Ine eýýäm çenedi... gümüňi çek! ýol ber, bilesigeliji halk.
>Dürli tarapa süýşüň: päsgel berme rus gaýduwsyz oýnuna.
> A. S. Puşkin
Obada häzirki wagta çenli çagalyk dürli-dürli, çaga güýmenjelerine baý we gyzykly. Obada çaga güýmenjeleri haýsydyr bir peýdaly işler bilen utgaşdyrylýar. Bular barada zol-zol gaýtalamak gerek... Mysal üçin, balyk tutmak ýa-da at bilen işleri ýerine ýetirmek — bu umumylygyň nusgawy mysallary. Haçanda çaga oýnunyň duýdansyzlyk bilen zähmete ýa-da zähmetiň artykmaç ulumsylyk etmän çaga oýnuna öwrülýändigine hem onlarça mysal bolupdyr. Irki baharda çeşmejigi we akymlary bir ýere ugrukdyrmak çagalaryň aýratyn hukugy, hezilligini başga hiç zat bilen deňeşdirip bolmaýan pişesi bolupdyr. Ýöne munda çaga diňe fiziki taýdan taplanman, suw bilen oýnap batyrlyga eýe bolman, eýsem, belki, özi bilmän peýda hem getiripdir.
Edil şunuň ýaly oglanjyklary mal bakmandyr, ony möjeklerden we aýylardan gorapdyr. Munuň özi içgysgynç mal bakmak bilen deňeşdireniňde eýýäm başga zatdy. Atyň üstüne we araba münüp aýlanmak onuň üçin ilkibada bede, ot desselerini, ders ýa-da odun daşamak däl-de, hahykatdan hem diňe aýlanmak bolýar.
Şeýle güýmenjeleri uly ýaşly adamlar dürli-dürli, bildirmän höweslendirler, ýöne ýetginjekleriň peýdaly zähmete degişli bolmadyk oýunlary hem köp bolupdyr. Kakasy bilen ejesi, uly oglan we gyz doganlar, umuman, ulular peýdasyz oýunlary görmedik bolupdyrlar. Hatda käwagtlar bolsa ulular, çyndan däl-de, şeýle ýüz ugruna, çagalary olara gönükdiripdirler. Ýetginjekleriň we çagalaryň özleri şeýle oýunlary nesilden nesle biri-birinden alypdyrlar.
Şeýle onlarça oýunlaryň arasynda oýunjak görnüşli suw we ýel degirmenlerini gurmak bolupdyr. Ilki sada pyrlawajy ýasamak we ony mellekdäki gazyga dakmak işine agasy, atasy ýa-da kakasy kömek edipdir. Soň welin, kimdir biriniň kömek etmegini isläňok... Tiz wagtdan ýaňky pyrlawaç, daşky görnüşi boýunça, hakyky soky daşly hazar bilen çalşyrylýar, munuň üçin, islendik sar ketegini ulanmak mümkin bolupdyr. Şeýle hazardan ýazda şaglap akýan çeşmedäki degirmene suw guýýan tigirli böwede çenli hem daş däl.
Heniz bu çeşme sesini goýup ýetişmänkä, tokaýda eýýäm başga bir çeşme akyp başlaýar: süýji berýoza şiresi günortana çenli kiçiräk bedrejigi doldurýar. Ol ýerdäki jarda şaweliň turşy baldaklary gögerýär. Ýene bir ýerde bolsa gigliler — dýagiliň (uzyn suw otunyň) kitirdäp duran baldajyklary ýetişýär. Emma olary diňe terje, ýumşak we suwly wagty iýmek bolýar. Orum döwrüne çenli olar ýognaýarlar we gataýarlar. Eger aşakdaky iň uly bogny kesseň, onuň bir tarapyny ýapyklygyna goýsaň, sosna iňňesini sanjyp deşseň, garry enäniň zygyr süýümini tal çybygyna daňsaň, suw alýan gurluş emele gelýär. Oglanjyklar sorup gigeli suwdan dolduryp, gyzlaryň “öýjüklerine” bukulyp barýarlar. Inçe güýçli çalaja zogdurylýan suw çüwdürimi sekiz-dokuz metre ýetýärdi. Gyzjagazlar suw damjalarynyň nireden gelýänine düşünmän, düýbünden bulutsyz gök asmana seredýärdiler. Bu ýagyşjyk nireden peýda bolduka?
Eger şol gigeliň ýapyk tarapyny pyçak bilen berk dik dilseň we güýçli üfleseň, gulagyňy deşip barýan tüýdüge öwrülýärdi. Tomsuň soňky günlerinde rýabina ýetişende gigelden furkalka ýasardylar. Onuň bilen töwerekde çaşyp ýatan ir-iýmişleri atýardylar. Olar sessizje ýigrimi-otuz metr töweregi uzaklyga gidýärdi. Bir ýerde otlaryň arasynda ýa-da agajyň üstünde bukuda oturyp, horazlary, pişikleri, deň-duşlaryňy atyp bolýardy, emma... Şu ýerde azajyk sägineliň.
Nämeden başlandygymyzy we nämä ýetendigimizi ýatlalyň. Ýakyn aralykdan fuzeýadan atylan “okuň”, diňe bir horazy däl, eýsem, kimdir biriniň gözüni çykarmagy-da ahmal ahyry... Ýagşylyk bilen ýamanyň araçäginiň tapawudyna onçakly düşünmeýän çaga ondan arkaýyn ätläp bilýär, soň bolsa bu ätleme (jenaýat) edehäde öwürýär. Iň bir howpsuz oýnuň hem ýakymsyzlyga, ýakymsyzlygyň — garagolluga, garagollukdan huligançylyga çenli eliňi uzadaýmaly... Şonuň üçin ulular heniz ýaňy dörän badyna ýakymsyzlygyň öňüni alypdyrlar, çaga güýmenjelerinde anyk çäkleri, oýunlarda bolsa däbi we üýtgedilmeýän düzgünleri höweslendiripdirler we saklapdyrlar.
Şeýle bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen, zyýansyz gigelleriň, taldan edilen tüýdükleriň we kesilip nagyşlanan batožoklaryň ýerini köp ýerde çümýän demir tikenekli simler (bir urguda iligi pytratmak mümkin bolupdyr), şeýle-de, rezinli sapançalar (daşjagaz penjireleriň aýnalaryny arkaýyn döwüp bilipdir) tutdy. Şeýle özgerişe biz oba oglanlaryny polat simjagazlar we rezinler bilen üpjün eden siwilizasiýa borçly däldiris. Birinji jahan urşundan soň obalarda ulularyň hem garagollary ýüze çykyp başlady. Şeýle «garagollaryň» özi jemgyýetçilik binalarynyň aýnalaryna daş taşlamady. Ol howpsuz ýerde durup, ýeserlik bilen muny oglanjyklaryň toplumyna öwretdi. Näme bolsa-da, Ikinji jahan urşuna çenli oba çagalarynyň we ýetginjekleriniň oýunlary öz düzgünlerini doly saklapdyr. Bu ýagdaý oýunlaryň dürlüligi, ýaşaýşa ukyplylygy, asyrlaryň dowamynda saýlanylmagy, zähmet, tebigy, durmuş şertleriniň çylşyrymlylygy we köpdürlüligi bilen düşündirilýär. Eliň aşagyndaky ähli zat diýen ýaly ulanylypdyr. Mysal üçin, Garry enä-enekä eger-de esgiden edilen “kumkalar” (“kumlar”) “uklap ýatan bolsalar” we olary turuzmagy wagty gelen bolsa, kellesindäki ýaglygy sypyryp, ony kosynka edip epläp, ondan “towşan” ýasamak kyn bolmandyr. Orakçy zenan bir gysym saman sypalyndan daňyp, kuma ýasapdyr (şu ýerden “saman dul aýal” diýen düşünjäniň gaýdýan bolmagy ahmal). Deňje rož baldaklaryny iki epläp, “bilini” daňyp we “sarafanyny” çişirip, “kumany” stoluň üstünde goýupdyrlar. Stoluň üstki tagtasyny ýumruk bilen ýuwaşja tyrkyldatsaň, ‘kuma” tans etmäge başlapdyr. Giň tagtanyň üstünde birnäçe saman gurjagynyň ökdelik bilen tans edişlerini görenlerinde, çagalaryň (islendik başga biriniň) şatlygyny göz öňüne getireliň! Gurjaklar birden-ä birleşýärler, birdenem aýrylyşýarlar, birden-de biri-birlerini kakyp gidýärler. Ýene bir gezekde bolsa gapdallaryndan geçip gidýärler. Esasy wezipe olaryň biri-birleriniň golaýynda tans etmekleri, gaçyp gitmezlikleri we stoldan gaçmazlyklary...
Adaty çöp çyra gyş gijeleri fokus görkezmäge hyzmat edipdir. “Hyzlawaç” ýasamak üçin ýukajyk tagta bölegi we ýogyn kendir ýüp ýeterlik bolupdyr. Hamala, ömürlik pyrlanaýjak ýaly, “pyrlawajy” çagajyklaryň özleri ýasapdyrlar. Aldawaç oýunlary, utuşly oýunlar, ilikli we gaýçylyly ýa-da ilikli we ýüzükli fokuslar köp bolupdyr. Toslanyp tapylan hyýaly oýunlar gutaranyndan soň, hemmeler ýatypdyrlar. Ertesi gün, hökman, haýsydyr bir täze zady oýlap tapypdyrlar. Mysal üçin, köne possunyň ýa-da güpbiniň ýeňine bir el bilen aýagy sokupdyrlar, arkasynda ilikleri ildiripdirler. Şeýle “towugy” “aýak üstünde” goýupdyrlar. Onuň ädim ädişi we ýykylyşy juda gülkünç bolupdyr.
Ýetginjekler ýazyna osekada, tomsuna-da ot orumynda ilki gysga, soňra-da gitdigiçe uzaltmak bilen, özlerine uzyn agaç aýak ýasapdyrlar. Çitçitiniň içinde we suwda agaç aýaklarda ýöremek güýjüňi köpeldipdir, çydamlylygy ösdüripdir****.
Oba eşekmündisi şäheriňkä düýbünden meňzemeýärdi we örän gülkünç görünýärdi. Oýnaýanlar öz-özünden köçä ýygnanýardylar. Olaryň arasyndan erbet borjy buýnuna alýan bir hoşniýetli adam tapylýardy. Ol gyrymsyja otlaryň üstünde oturypdyr. Onuň kellesinde özüniňden başga oýna gatnaşýanlaryň ählisiniň dürli görnüşdäki başgaplary goýupdyrlar.
Käwagt has beýik bolupdyr, syryk ýaly bu adam ýykylman we gymyldaman oturmaly bolupdyr. Soňra iň daýaw hem uzyn oýunçy bat almaly we bökmeli bolupdyr. Şonda böken adamyň gaçyran başgaplarynyň sany ýatda saklanypdyr. Ahyrynda gezegi gelen iň gysga adam böküpdir. Bu adama gezek ýetýänçä, telpekleriň hemmesiniň ýere gaçýan wagtlary-da bolupdyr. Telpekleri gaçyran günäkärler nobat boýunça iki eliniň we iki dyzynyň üstünde durupdyrlar. Dört sany oglan hoşniýetli adamyň ellerinden we aýaklaryndan tutupdyrlar. Soňra ony hallanladyp, ähli güýçleri bilen dört aýak bolup duranyň syrtyna şarpyldadyp urupdyrlar. Ol näçe baş gap gaçyran bolsa, ony şonça-da urupdyrlar. Urgularda düýbünden agyry bolmandyr we şonuň üçin-de ol hiç kimi gorkuzmandyr, ýöne juda gülküli bolupdyr. Urulýan wagty dört aýak bolup duran adam öňe-öňe süýşüpdir. Haçan-da ol öňki durmaly ýerine gelip, yzynda nämeleriň bolýandygyny biljek bolup töweregine seredeninde, has hem gülküli bolupdyr. Urulmagyň öň ýanynda onuň ýüzüniň keşbi üýtgäpdir...
Nusgawy rus tomus oýny A. S. Puşkiniň wasp eden “aşyk” oýny bolupdyr. Ony çagalar, ýetginjekler we ýaş ýigitler has-da gowy görüpdirler. Boş wagtlary öýlenenler hem bu oýny oýnamakdan boýun gaçyrmandyrlar. “Babki” — studen gaýnadylandan soň galýan goýnuň ýa-da göläniň bogun süňkleri, olara başgaça kozonоklar, koznýalar hem diýipdirler. Olar toplapdyrlar, satypdyrlar we satyn alypdyrlar. Olary kiçi oglanlara miras hökmünde hem geçiripdirler.
Puşkiniň “mergen” süňk diýýäni — bu uly öküziň aşygyndan başga hiç zat däldir. Ony ilki deşipdirler, soňra-da içine gurşun guýupdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen, süňk daş bilen çalşylypdyr. Has soňra “kenek” ýa-da “kenejik” diýlip atlandyrylýan demir plitkalar bilen çalşypdyrlar.
Eger oýnaýanlar köp bolsa, onda döwde bir «aşykdan», eger oýnaýanlar az bolsa, onda jübütden goýupdyrlar.
Oýnuň birnäçe görnüşi bolupdyr. Ökde oýunçy bolmak üçin oňat göz çyky, çakganlyk we sabyrlylyk hökmany bolupdyr. Birinji bolup kimiň kenegi daşa düşse, şol onuň düşen ýerinden urupdyr. Oýunlaryň görnüşleriniň birinde, harby termini ulansaň, aşyklar bir-birden hatara däl-de, iki-ikiden nyzama goýulypdyr. Nyzamly döwde aşyklar kä diwara, kä açyk ýerde goýupdyrlar, ikinji ýagdaýda urgular eýýäm beýleki tarapdan amala aşyrylypdyr.
Kilise-prihod mekdebiniň üçünji synplarynda goşgy öwrenipdirler:
Çemenlikde, ýoluň ýakynynda
Oglan-uşak örän köp,
Aşyklar, goşun kimin meýdanda,
Durlar hatary bezäp.
Ah, Pawlunka berlen baky bagt,
Ol ýene-de öňdedir.
Gör, nähili baý, nähili uzyn
Häzir, dostlar, gezekdir.
Goşgynyň dowamyny we awtoryny Anfisa Iwanowna ýadynda saklamandyr.
“Aşyk” oýnaýan uly ýaşlylar baýramçylyklarda janköýerleriň uly toparyny — aýallary, garyndaşlary, myhmanlary ýygnapdyrlar...
“Aşyklar” oýny bilen diňe bir oýun — “rýuhi” ýa-da gorodki oýny bäsleşip biljekdi. Bu örän täsirli oýun bolup, ol biziň günlerimize çenli saklanyp galan we häzirki zaman sport ýaryşlarynyň sanawyna girizilen ýeke-täk oýundyr.
Oýunlary we halk güýmenjelerini tapawutlandyrmak ýa-da nähilidir bir aýratyn, özbaşdak, zat hökmünde bölmek kyn, ýogam bularyň hemmesi özbaşdak bolupdyr, aýratyn we anyk çäklendirilipdir.
Halk estetikasyndaky geň zat hem şundan durýar. Mysal üçin, oba sallançaklaryny näme? Eýsem, olary häsiýetlendirmek, olardaky esasy zady anyklamak mümkinmi? Mümkin, elbetde... ýöne eger okyjy ýazyň nämedigini, tomus suwa düşmegiň lezzetini bilmeýän, oba baýramçylyklarynyň manysyna we ş.m. we beýlekilere düşünmeýän bolsa, onda bu beýan boş gürrüň we gyzyksyz zat bolar.
Ýogsa-da Demirgazykda sallançaklar aýlawly we çarhly bolupdyr we gadymy döwürlerden bäri giňden ýaýrapdyr. Olaryň golaýynda baýramçylyk garma-gürmelikde, şatlykda ýatdan çykarylyp, käbir umumy oýunlaryň üsti bildirmän saz bilen doldurylypdyr, sazlaşykly hereketde bolupdyr, mukamlara eýlenipdir, horowod häsiýete eýe bolupdyrlar.
Ozalky çaga indi eýýäm çaga däl, ol — ýetginjek. Eger ol häzirem oýnaýan bolsa, ýöne horowodda, beýleki jynsdaky ýetginjekler bilen oýnaýan bolsa, onda bu eýýäm oýun däl, ol başga bir zat.
Adaty adam oýundan aňsatlyk bilen aýrylyp bilmeýär, aýrylyşmak üçin oňa has uzak wagt gerek bolýar... Diňe göwni döwlen, süňke dönen, wagtynda öň garran, gaharjaň ýa-da düýbünden hudaýyň uçgunyny ýitiren adam oýundan, degişmeden, güýmenjeden gaçýar.
Doga-dilegler
“Temeniň ujundan, paltanyň ýüzündan ýiti” söz bolmadyk bolsa, «jorajyklar bilen garaşyp oturmarsyň, bugly hammamda ýumşamarsyň, ony “turşy bilen içip, ýuwan bilen-de owurtlap hem bolmaýar”. Şeýle söz, hakykatdan hem, ägirt uly güýje eýe bolupdyr. Ol diňe bir diş agyrydan däl, “uçup gelýän okdan, süýlen we süýülmedik demirden, hem gök polatdan; hem gyzyldan, hem akdan, hem gyzdyrylan okdan, hem gyzyl misden, hem simden, hem dürli ýyrtyjylardan we olaryň süňklerinden, hem dürli agaçdan, rus we daşary ýurt agaçlaryndan, dürli guşlaryň ýeleklerinden, tokaýda we meýdanda, dürli adamzat, rus we tatar, hem çeremis hem litow, hem nemes neslinden, umuman, ähli näletkerde ýelen taýpalaryndan, hem duşmanlardan, hem deýýuslardan gorapdyr”.
Giçki döwürde köp dogalaryň we dilegleriň ybadatlara öwrülip, hristian dininiň terminologiýasynda butparazlyk bilen goňşy bolup durýar. “Gora, hudaýyň haçy, meniň günämi geç, öňüne böwet bol, meniň iň eziz dostlarymy hem gora. Git, ok, sap bolup agaja, ýelek bolup guşa, guş bolsa asmana; ýelim bolsa balyga, balyk bolsa deňze; demir we gurşun bolsa, menden öz ene ýerine barsyn, hudaýyň gulundan (ady), hem meniň akylly we agzybir maslahatçy dostlarymdan. Omyn, omyn, omyn”.
Emma nakylda «Omyn bilen şeýtany ýok edip bolmaz» diýilýär, barybir, beýleki ýaraglar bilen bilelikde sözüň goran bolmagy ahmal... Dilegleri aýtmak bilen, adam başlan işiniň üstünlikli boljagyna olan ynamy güýçlendirýär, özündäki ruhy güýçleri oýarypdyr, belli bir maksady ýüregine düwüpdir. Awçylaryň zalym adamdan goranmak üçin okaýan dogalaryny N. A. Iwanniskiý ýazyp alypdyr. Onda şeýle diýilýär: “Men ak pata alyp turýaryn, çokunyp, çatmadan gapa, gapylardan derwezä, giň meýdana, gara jülgeleriň aňyrsyna, gür tokaýlara, ümsüm batgalyklara, oýluklara, beýik daglara giderin, tokaýlarda, gowy ýyrtyjyny, belkany, samry, towşany, tilkini, alaňňyrtlary we turaçlary, möjekleri we aýylary urjak. Mawy deňizlerde, köllerde we derýalarda gazlary, durnalary we ördekleri atjak. Kimdir bir adam maňa erbetlik islese, şol erbet adam gök deňziň çägelerini iýsin, suwuny içsin, tokaýda agaçlary, ýel we osina çybyklaryny sanasyn, arpa samanyny gözlerinde çüýretsin, ownuk çagyl daşlaryny dişleri bilen gemirsin. Edil Hudaýyň kereminiň harasatda we güýçli tupanda galkynyşy, gara tokaýlary, gury we öl kökleri döwşi ýaly, goý ol erbet adamyň hem süňklerini we bogunlaryny syzladyp agyrtsyn. Beýik Hudaýyň keremi bilen gök gürlesin we ok şeýtanyň yzyndan uçsun. Goý, şeýle ok erbet adama degsin. Meniň sözlerim berk we nyşana göni degýän boluň”.
Ýeterlik derejede ýangyndan, mal kesellerinden, şeýle-de adalatsyz kazylardan we şäheriň süýrenjeň adamlaryndan goraýan, jadylaýan we jadydan açýan, çopanlaryň doga-dilegler hem bolupdyr. Awçylaryň we harbylaryň dileglerinden görnüşi ýaly, gadymy döwürlerde erkekler hem, edil aýallar bilen deň derejede doga-dilegleri ulanypdyrlar. Soňky döwürlerde doga-dilegler diňe aýallaryň aýratyn hukugyna öwrüldi.
Megerem, dogalaryň täsiriniň hem edil häzirki gipnoz, öz-özüňi ynandyrma ýaly psihologik esasa eýe bolmagy ahmal.
Gündelik durmuşdaky dilegler, gönüden-göni, ol ýa-da beýleki hereketiň öň ýanynda döräpdir. Mysal üçin, sygyr sagmaga oturmanka, hojalykçy zenan diňe sygyr eşider ýaly, pyşyrdapdyr we ýuwaşja seslenipdir: “Men, hudaýyň guly Katerina, seni sagyp bolýançam garaş, sagýaryn, Alaja-mulaja mähribanym, sen dur duran ýeriňde, sagyp-sagyp alaýaryn, beýik dag bolup dur, süýt çuň derýa bolup ak, gymyldaman dur, guýrugyňy bulama, agramyňy ol aýagyňdan beýleki aýagyňa geçirme”.
Matal
Gyş agşamlarynda, tans edilmeýän gürrüňdeşliklerde, oýunlarda we güýmenjelerde matallar gowy goldaw bolupdyr. Ýetginjekler we çagalar munuň bilen islendik wagt meşgul bolupdyrlar, üstesine-de köp matal bilýän ululary hem mejbur edipdirler. Üstesine-de matallaryň maksady, matallary ýormak däl-de, ony otarmak bolupdyr, ýormak hökman bolmandyr. Köp aýdylýan tanyş matallar aýtmak gyzykly bolmandyr. Entek eşidilmedigiň ýa-da şol bada oýlanyp tapylany ýormak örän kyn. Şonuň üçin matal otarýan belli bir çäge çenli belisigelijigi gyzdyryp, adatça jogabyny özi beripdirr. Hakykatdan-da matalda kimiň kim bilen gürleşýändigini biljek bolup bir gör, mysal üçin: “Gyşyk hem mekir, nirä ylgap gitdi? Gyrkylan we syrylan, seniň bilen işi ýok”. Hatda iň bir üşükli hem derrew oty ýatyrylan çemenligiň ýa-da orlan meýdanyň içinden tolkun atýan derýajygy göz öňüne getirip bilmeýär. Tokaýdan beýik, saçdan inçe” diýen soraga eýýäm jogap bermek aňsatdyr, sebäbi gürrüň tebigat hakynda barýar. Hatda şemal bilen suw ertekilerde hem bile ulanylýar. Ol matallarda “Haýsy ýoldan ýarym ýyl pyýada ýöreýärler, ýarym ýyl ulagly gidýärler?” diýen soragyň jogabyny baglanyşygy boýunça aňmak kyn däl.
Derýajyk ýadyňa düşse, hökman buzuň oýugyny hem ýadyňa salarsyň: “Tegelek penjiräniň aýnasy gündizine döwük, gijesine bitin”. Eger bularyň hemmesinden soň “Nämäniň köki ýokarlygyna ösýär?” diýip sorasalar, belki, onuň buz şelpesidigini biljek bir ýiti akyllynyň tapylmagy ahmal.
“Haýsy oty kör hem bilýär?” diýip, garry ene agtygyndan sorar, ýöne öňünden az wagtdan soň, “Krapiwa!” diýen şadyýan gykylygyň boljakdygyny bilýär. Horaz hakyndaky “Iki gezek doguldy, bir gezek hem çokunmady, emma dünýäde birinji aýdymçy” diýen matal uly ýaşly adamy hem çuňňur oýlanmaga mejbur edýär. “Sygryň we berýozanyň aňry tarapynda doňuz zygyr daraýar” ýaly matal diňe hünärmenleriň, ýagny biziň ýagdaýymyzda ädikçileriň gurşawynda döräp biler. “Iki oglan dogan bir guşak guşandy” diýen matal diňe rus Demirgazygynda mana eýedir. Ol haýatyň esasynda duran çybyk bilen saralan iki sany gazyk hakyndadyr.
Käbir matallar nakyllara öwrülen bolsa, käbir nakyllary-da matal hökmünde ulanmak bolupdyr.
Käbir iki manyly matallar hem giňden ýaýrapdyr, aýdylyşy boýunça olar utançsyz bolupdyr. Şeýle matallardaky ýaramaz forma hakyky ahlak mazmun bilen ýumşadylypdyr.
Degişme matallarynyň (“Aýnanyň öňünde pişik otyr. Guýrugy pişigiňki ýaly, emma ol pişik däl”) käbirleri tutuş tapmaçalary we sanlardan duran ýumuşlary bilmek bilen çalşyrylypdyr: “Uçdular meýdan guşlary, biraz çokalamak üçin olara oturmak gerek. Eger olar iki-ikiden iki berýozada otursalar, bir berýoza galýar. Eger birden otursalar, onda bir guşa gidere ýer ýok. Näçe guş uçup geldi we näçe berýoza durdy?” Halk ertekileriniň gahrymanlary we personažlary hem köplenç biri-birlerine matal otarypdyrlar.
* “Oba oýunlarynyň we güýmenjeleriniň ählisni adamlaryň özleri oýlap tapypdyr Ony guraýjylar-da oba adamlary bolupdyr Käbir ýagdaýlarda güýmenjeler üçin ep-esli serişde toplanypdyr Uly sallançaklary gurmak üçin köp zähmet sarp edilipdir Bularyň hemmesi höwesjeňleriň teklipleri bilen berjaý edilipdir Ýörite güýmenjeler üçin binalary çagalaryň özleri gurupdyrlar Mysal üçin, emeli gar dagyny (loh) elmydama çagalaryň özleri edipdir Iş az bolmandyr onlarça kubometr gary üýşüripdirler hem birnäçe bedre suw guýupdyrlar Oýun we güýmenje üçin ähli zat elde ýasalypdyr “Ýeditop” oýny üçin rezin toplar diňe 20-nji ýyllarda ýüze çykdy, oňa çenli elde ýasalan toplarlarda oýnardylar Esgilerden, iň gowusy deriden, berk çeýe toplary örän ussatlarça tikipdirler” (okyjy A M Krendelewiň hatyndan).