Boris Ýekimow
Ýekimow Boris Petrowiç (1938-nji ýylda doglan) — ýazyjy, oçerkçi. RF-iň Döwlet baýragynyň (1997), Ýasnaýa Polýana baýragynyň (2014) we başga-da ençeme abraýly baýraklaryň eýesi.
Krasnoýarsk ülkesiniň Igarka şäherinde dogulýar. Zawodda tokar, mehanik, sazlaýjy, elektromantýor, gurluşykçy, oba mekdebinde zähmet mugallymy bolup işleýär. 1965-nji ýylda “Molodaýa gwardiýa” žurnalynda ilkinji gezek neşir edilýär. A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynyň Ýokary edebi kurslaryny tamamlaýar.
200-den gowrak eser — hekaýalary, powestleri we romanlary ýazýar. Ol hakda “Halk” ýazyjysy hökmünde gürrüň etmäge mümkinçilik beren iň meşhur kitaplary — “Gaýdyp gelme”, “Çopan ýyldyzy”, “Çozuş”, “Zadonýedäki güýz”, “Gün oýanar” ýygyndylary we “Pinoçet” romany. 1990-njy ýyllarda Demirgazyk Zadonýede obalaryň weýran bolmagy barada birnäçe çeper-publisistik oçerkleri çapdan çykardy. Tankytçylaryň aýtmagyna görä, Ýekimowyň baş temasy — “esasy gymmatlyklary ynsap we zähmet bolan „sada adamyň“ durmuşy” (Irina Arzamastsewa).