Daniil Granin
Granin Daniil Aleksandrowiç (1919—2017) — ýazyjy, ssenariýaçy, publisist, jemgyýetçilik işgäri. Harby, «şäher», taryhy kyssanyň awtory, dokumentalsit. SSSR-iň Döwlet baýragynyň (1976) we RF-iň Döwlet baýragynyň (2001, 2016) we başga-da köp baýraklaryň eýesi.
Kursk guberniýasynyň Wolynka obasynda eneden bolýar. Leningradyň politehniki institutyny tamamlaýar. Inžener-energetik bolup işleýär. 1941-nji ýylda meýletin fronta gidýär. Graniniň ilkinji hekaýalary 1937-nji ýylda neşir edilýär. 1960-njy ýyllarda ýaş sowet alymlarynyň meseleleri we niýetleri hakda ýazan “Gözleýjiler”, “Toýdan soň”, “Tupana tarap barýaryn”, “Hususy pikir” we beýleki romanlary hem powestleri ýazyja giň meşhurlyk getirýär. 1979-njy ýylda Ales Adamowiç bilen bilelikde Leningrad gabawy hakda uly göwrümli dokumental “Blokada kitabyny” döredýär. Taryhy kyssa ýazýar. Onuň belli genetik Nikolaý Timofeýew-Resowskiýniň ykbaly baradaky “Zubr” atly romany “Üýtgedip gurmagyň romanlarynyň” iň meşhurlarynyň biri boldy.
Harby kyssany, oçerkleri, publisistikany ýazdy. Jemgyýetçilik işi bilen işjeň meşgullandy, birnäçe medeni we haýyr-sahawat çäreleriň başyny başlaýjy boldy.