Ars poetica

Seret! Gözüň gowy açyp, okyjym meň, seret!..
Hiç bolmanda bir göz bilen, bir nazar bagyş et!

 Hiç bolmanda göz gyýtagy bilen!.. Ýok, däl bärik!
Maňa däl, tentek, biraz ýokarrak — ho-ol aňryk!

 Eşdesiň gelmese meniň sözlerim — diňleme,
Diňe hoňa gara, uzakda ýagty saçýana!

 Ýalpyldy, keşp... Aý ne ýalpyldy, ne bir keşp bular,
Ne Blok, ýöne Senež suwnuň üstünde bulutlar!

 Diňe ýöne çalaja ýagtyldylan bulutlar.
Ahmal eýýäm seniň gözüňe ilendir olar.

 Ýeri? Ýada düşdi, ahyr? Ine olar, hawa!
Diňe şu barada söz — öňki ýaly, mydama!

 Has olar ýanýar, otaýda, ahyrynda günüň!..
Hakykatdanam, gowy? Ýetir öwgimi meniň.