Kolibrini öldürmek

(romandan bölek)


Kyrk iki ýaşly Arkadiý Iwanowiç Çelişew hudožnik-restawratorçylyk işi bilen meşgullanýardy. Onuň uzyn garamtyl-mele saçlary bardy. Suratyň ýa-da ikonanyň üstüne eglen wagtynda, ol saçlaryny lentajyk bilen bogardy. Onuň açyk, entek ýygyrt atmadyk tekiz maňlaýy bardy. Ol çuňňur oýa batan wagty, dagynyk pikirlerini bir ýere jemlemek maksady bilen, barmaklaryny maňlaýyna goýýardy. Erkeklere gelişmeýän örän ýumşak gaşlary hüžžerip durýardy. Çal gözleri, edil onuň seredýän dünýäsi ýaly gyzykly we ýakymlydy, diňe käwagt bolsa, hamala, täsin we haýran galdyryjy bir zady tapan ýaly, olarda açgözlüligiň ýylpyldysy ýüze çykýardy. Onuň burny inçejikden çalaja tüňňüjedi we seňregi näzijekdi. Bu keşp hem ony ulumsy ýaly görkezýärdi. Haçan-da kiçijik we ýumşajyk dodaklary ýylgyranda, ondaky ulumsy keşp ýom-ýok bolýardy.

Onuň müşderisi köpdi. Sargytlaryň köplügi onuň häsiýetine täsir edýärdi, ol çendenaşa ynjykdy. Oňa baý ikona kolleksionerleri ýüz tutýardylar we garalyp, kömre dönen, tüssä kakan, ýiti demir bilen deşilen tagtalaryň ýüzüni täzeläp, öňki täsirli keşbini dikeldip bermegi haýyş edýärdiler. Onuň başarjaň eliniň degmegi bilen, al­tyn nimbalar, gyzyl plaşlar, gögümtil hitonlar täze keşbe girip ýalpyldaýardylar, tag­talaryň ýüzlerindäki melekleriň, keramatlylaryň we olaryň sahabalarynyň ýüzleri gowy görünýärdi.

Ol unudylyp barýan, gaty bir üns berilmeýän muzeýleriň zat saklanýan jaýla­rynda çüýräp ýatan hojalyk eýeleriniň portretlerini täzeleýärdi. Olar garalan lagyň, kerep basyp giden jaýryklaryň arasyndan gülgüne ýaňakly, gelşikli kamzol geýnen pomeşşikler, olaryň çepçik geýen wepaly ýanýoldaşlary, pökgerip duran ülje gözli görmegeý zenanlar, mundirli, bakenbardaly we kawkaz ýa-da balkan uruşlarynda sylaglanan serkerdeleriň suratlarydy. Çelişew portretlere çyn ýürekden hormat goýýardy, döredijiligi ozal mälim bolmadyk hudožnikleriň işleriniň ýitip gitmegine ýol beresi gelenokdy. Olar bolsa onuň rehimliligine we gaýduwsyzlygyna minnetdarlyk bildirýän ýaly bolup görünýärdi.

Bir gezek oňa germaniýaly bankirden çakylyk geldi. Çakylykda Reýniň betbagt­çylykly suw joşmasy zerarly zaýalanan kolleksiýa hakda gürrüň berilýärdi. Şonda Çelişew birnäçe aýlap aýratyn bir jaýda hiç kime goşulman, Matissiň, Deganyň we Wan Goguň çeken suratlaryny dikeldipdi. Ol suratlara gök suwlardaky gaýyklar, ametist balerinalary, al reňkli günebakarlar bezeg berýärdi. Şonda Çelişew ruhuň göçýändigine ynanyp, ol beýik hudožnikleriň jadyly sülereýlerini gaýtalaýardy, ola­ryň ylhamy bilen ýaşaýardy.

Baý sargytçylar oňa gowy pul töleýärdiler, ol hiç bir zada zar däldi. Gymmat butiklerden egin-eşik we aýakgap alardy. Twerskaýada stalin jaýyň üç otagly öýünde ýaşaýardy. Otaglaryň birinde ussahana gurnapdy. Beýlekisinde gymmat bahaly goş-golamlaryny ýerleşdiripdi. Ikisinde-de myhman kabul etmegi gowy görerdi. Sargytçylar, bankirler, diplomatlar, işewürler zaýalanan ajaýyp nusgalaryny oňa ynanýardylar. Ony-da öz aralaryna goşýardylar. Gymmat restoranlara oturlyşyklara çagyrýardylar, ýahtaly syýahatlara äkidýärdiler. Ýewropa boýunça geçirilýän awtoýörişlere goşýardylar. Şonda ol düzüm-düzüm bolup ýalpyldaýan maşynlaryň arasynda özüniň “Wolwasynda” gözel ispan şäherjikleriniň, zümerret reňkli dagla­ryň we gögümtil aýlaglaryň gapdalyndan okdurylyp giderdi. Her gezek onuň ýanynda owadan, güne garalan we bagtly başga bir zenan oturardy. Olar kiçijik myhmanhananyň werandasynda bileje oturyp, teatrdaky ýaly owadan sary aýa seredip, ag­zyňy gamaşdyrýan çakyr içerdiler.

Ol iki gezek öýlenipdi. Iki tarapyň hem razylygy boýunça-da aňsatja aýrylyşypdy. Aýallaryň ikisinden-de çaga ýokdy. Ýatylýan otagda birnäçe wagtlap olaryň duhisiniň ysy gelýärdi, soňra-da zym-zyýat uçup gidýärdi. Ol hiç zada mätäçlik çekmeýärdi, bol-elin durmuşda ýaşaýardy. Käwagtlar wernisažlara, ýoň bolan spektakllara gidäýmese, hemişe iş bilen başagaýdy. Ony oturyşyklarda halaýardylar we ol hem öz-­özünden razydy.

Bir gezek ony muzeýe çagyrdylar we restawrasiýa edilmeli “Bogorodisa Bogolýubiwaýa” diýlip atlandyrylýan on ikinji asyryň ikonasyny görkezdiler. Uzyn agyr tag­ta Božiýa Materiň suraty çekilipdir. Ol örän erbet zaýalanypdyr. Tagta çyg çekipdir, suratdaky edil zeňli suw bilen burnuny çekip duran ýaly görünýärdi. Žiwopis çişipdir, reňkler ýarylypdyr we olar gaçaýjak ýaly bolup durdular. Agaç tomazaklary­nyň deşen deşijeklerinden doludy. Ýüzüni gara gurum tutupdy, ýazgylar üýtgäpdi, tutuş ikona boýunça kellesinden aýagyna çenli, gaharly wagty edilen kesigiň yzy bardy.

Çelişew ikonany gözden geçirdi, garyp döwlet muzeýiniň direktor aýalynyň tölejek bolýan iş hakynyň nähili ujypsyzdygyny bilip, boýun gaçyrmakçy boldy, sebäbi oňa başga bir iş, ýagny Semiradskiniň çeken suraty garaşýardy. Bu iş kyn däldi hem-de düşewüntlidi. Ol suratda dolmuş, ak göwüsli wakhan zenany antik döwrüniň küýzesine syýa reňkli üzüm hoşasyny salyp durdy.

Ol soluk, tutuk ýüzli we gadymy biçüwdäki kružewa ýakaly direktor aýala mylaýymlyk bilen seredip, boýun gaçyrmak üçin gowy sözleri gözleýärdi. Onuň nazary iň soňky gezek stoluň üstünde ýatan ikona düşdi. Birden hem ol pyçak bilen kesilen, mülhidi çykan ikona seredip, şeýle bir puşman etdi welin, onuň ýüregi tutup, hamala şol ýerde ýangyn emele gelen ýaly agyry peýda boldy. Stoluň üstünde ýatan ikona däl-de, onuň birnäçe ýyl mundan ozal ýogalan ejesidi. Ol hapalanypdyr, basgylanyp­dyr. Ol juda ejiz bolup görünýärdi. Ol sowuk ýagşyň aşagynda hapada ýatyrdy. Hiç kim oňa kömege gelenokdy, hatda doňýürek ogly hem ondan boýun gaçyrdy. Ýalňyşlyk bilen ediljek bolunýan günä iş şeýle bir gyzgyn we ýitidi, ol güýçli agyry döretdi we döşi awuşap gitdi. Ol direktor aýala:

— Razy. Ony işlemäge alýaryn. Men ony öz öý ussahanama äkitdirip bilerinmi? — diýdi.

— Ony aýamak gerek. Onuň bahasyna ýetip bolmaýar.

— Men aýaryn, oňa edil mähriban ejem ýaly serederin.

Ikonany juda seresaplylyk bilen göterip, ussahana getirdiler. Çelişew stoluň üstüne ak zygyr matany ýazdy we onuň üstünde ikonany goýdy. Aýnanyň tutularyny ýapyp, güýçli çyrany ýakdy. Ol, operasiýa otaglarynda edilişi ýaly, çyranyň ýagty yşy­gyny ikona tarap gönükdirdi. Soňra onuň öňünde oturdy we gözüni gyrpman, Bogorodisäniň doga okap, öňe uzadan ellerine seredip başlady. Ol ülje reňkli, garaňky gijäniň ýyldyzlaryny ýadyňa salýan näzijek şekiljikler bilen bezelen maforini eglen başyna ýapyp durdy. Giň garaýagyz ýüzündäki ala gözleri keýigiňkä meňzeýän bolsa, gyp-gyzyl agzy ýaňy açylan gunça çalym edýärdi. Ol uzak wagtlap ikona seredip oturdy. Ol doňup oturyşyna ikona haýran galmak bilen seredýärdi, ýöne Bogorodisede hiç hili dirilik alamatyny görünmedi. Ol gerbaridäki tekiz guran ölügsi kümüşsöw reňkli ösümlik, güljagazyň solak gyzyl kellesi ýaly bolup göründi. Bogorodisä näçe seretdigiçe, onuň göwresi ulalýardy. Ol edil ertekilerdäki şa gyzy ýaly, hrustal taby­dyň içinde dury buz böleginde doňdurylyp, dem alman ýatan ýalydy. Geçen sekiz asy­ryň içinde ol näçe adama özüniň bejeriji güýjüni berendir, näçeleri halas edendir we köşeşdirendir, näçe duşmanyň çozuşlaryny yzyna serpikdirendir, näçe gezek ony oda atandyrlar, buzda gark edendirler, palta bilen çapandyrlar, pyçak bilen pers-­ala edendirler. Şolar sebäpli-de ol juda güýçden gaçypdyr, solup-saralypdyr, ölüpdir. Guran güle öwrülipdir, tagtadaky çalaja kölegä we solak älemgoşara, buzda doňdurylan göwrä öwrülipdir.

Çelişew pikir derýasyna gark bolup oturyşyna, gamlandy, uludan dem aldy. Gynanç bilen gürsüldeýän we ejir çekýän ýüregi ýatdan çykarylan öli ajaýyp Dewa­nyň agysyny aglady. Oňa çyn ýürekden bolan gyzgyn söýgüni duýdy, ýöne onda diriligiň çalaja urgusyny hem oýaryp bilmedi. Onuň dirilik alamatyny bilmek maksady bilen, çalaja dem alýan bolaýmasyn diýip, gulagyny ýüzüne golaýlatdy. Onuň dogaly ellerine dodaklaryny degirdi. Onuň dodagynyň aşagyndaky bu eller ýuwaşja titredi, olardan çalaja bildirýän ýylylyk geldi. Çelişew, begenip, Dewa seretdi, ol oňa ukudan oýanan ýaly bolup göründi. Ol indi öli däldi, ýöne üznüksiz agyr zähmetden we horluklardan soň, çuň ukuda ýatyrdy. Ol, edil barjamly müşderiniň lukmany ýaly, ony bejerer, onuň ejir çeken bedenindäki gowşak ýaşaýşa kuwwat berer. Ol şu minutdan başlap özüniň ýaşaýşynyň nähili üýtgändigini duýdy, kalby bolsa garaşylmadyk tarapa öwrüldi. Ol onuň bardygyny hem bilenokdy we şu ýyllaryň tutuş dowamynda ýanynda bolup, onuň üns bermegine garaşýardy.

Tagtany guratmak üçin bir hepde gerek boldy. Ol ikonanyň töwereginde ýylady­jylary goýuşdyrdy, wentilýatory işledip goýberdi. Gury howanyň akymlary ikonany ýüzüni ýelpeýärdi. Agajyň ýuwaşjadan çygy gidýärdi. Çelişew tagtany çalaja ka­kyp görýärdi. Çişen süýümlerden pessaýja ses çykýardy. Ol ses soňlugy bilen ksilofo­nyňky ýaly ýiti sese öwrülmelidi.

Juda seresaplylyk bilen ikonany ak zygyra dolap, ony tomografda işleýän tanyş lukmanynyňka äkitdi. Tagtany giň tigriň içinde ýerleşdirdi. Soňra-da ýatan Bogorodisanyň gapdalynda durup, tigriň ýuwaşja şykyrdy bilen nähili hereket edýändigine seretdi. Ekranda dürli reňkli syçratmalar we çyzyklar geçýärdi. Printer şöhleleriň ikonanyň içinden geçip, döwlen we zaýalanan ýerleri, boşluklary we çişleri, reňkiň ilkinji gatlagyny we soňky gatlaklary, örän köp şekilleri görkezýän kagyzlary çykarýardy.

Diagnoz goýlup, keseliň alamatlary belli bolandan soň, gymmatly näsagy Çelişow sagaltmalydy. Şeýdip, dikeldiş işlerine başlandy. Ol mikroskopda keselli öýjüklere seredişleri ýaly ikona seretdi. Her bir bölejik, her bir jaýryjak içgin öwrenildi. Onuň seresaply ellerinde birden skalpel, birden şpris, birden ýumşajyk şýotkajyk, birden çyglyja pagta bölejigi bolýardy. Ol ýanyklary ýuwýardy, büdür-südür ýerlerini we kesmegini kesip aýyrýardy, reňkiň bölejigine ilki başdaky täzeligi bermek, ony tagtada berkitmek üçin ýelimli suwuklygy sepişdirýärdi.

Bir aýlap ýadawsyz zähmetden soň, edil gan ýaly, açyk ülje reňkli, maforiýa­nyň kiçijik meýdany arassalandy we dikeldildi. Ondaky ýyldyzjyklar altyn öwüsýärdi. Çelişew halys bolup bu täsin ýalpyldaýan näzik ýyldyzlara seredýärdi. Wagt ýitdi. Moskwada ýatdan çykdy. Twer bulwaryna çykýan aýnalaryň tutulary ýapykdy. Bogorodisa aşakdan nur saçýan ak çyra gije-gündiz ýanyp durdy. Edil üstünden Günüň düşmegi bilen, sähralyklardaky kölegeleriň aýrylyşy ýaly, eşikleriň dikeldilen solgun reňkleri ýitip, ol kaşaň täze keşbe girýärdi we gülleýän meýdana öwrülýärdi.

Çelişew Twer bulwarynyň dublarynyň we lipalarynyň nähili saralandygyny we düşen ýapraklaryň üstünden ýöreýän maşynlaryň döreden emeli girdabyny hem duýmady. Ol sowuk ýagyşlaryň başlanyşyny, Puşkiniň ýadygärliginiň edil gara aýna ýaly ýalpyldaýşyny, öz aýagynyň astyndaky ýalňyz bägüliň gamgyn gyzaryp durşuny-da duýmady. Ilkinji syrgynlarda Twer bulwarynyň gijeki fonarlarynyň ýag­tysyna döreýän dumanyň arasyndaky solak älemgoşara gözi düşmedi. Suw akýan turbada ýukajyk buzuň dörändigini, olarda maşynlaryň akýan akymynyň görnüşini, swetoforyň üç reňkli odunyň ýylpyldaýşyny duýmady. Bulwaryň nädip ýaşyl dumana gaplanandygyny, skwerdäki gara klumbada çigildemleriň gyzyl öwsenini duýmady. Günlere we hepdelere däl-de, onuň ýok bolmakdan halas edýän ikonasynyň duran ujypsyzja bölejiklerine bölünen ýyl geçdi. Bölejikler dünýäniň kerpiçjikleridi, ol olara pytramaga ýol berenokdy. Onuň zähmeti görlüp-eşidilmedik lezzet berýärdi, hamala, her bir halas edilen bölejik oňa görlüp-eşidilmedik uly bagt eçilýärdi. Irmän-arman çeken zähmeit üçin oňa görlüp-eşidilmedik sylag garaşýardy.

Haçan-da, ol Bogorodisanyň ýüzünden köýügi aýranynda, ol täsin ary balynyň ýagtysy bilen nurlandy, kiçijik dodaklary bolsa edil gyzyl güljagaz ýaly açyldy. Keýigiňki ýaly uzyn we owadan gözlerinde bolsa ýyldyzly asman ýalpyldaýardy. Birden ol ikonadan gelýän ýakymly ysy duýdy. Ussahanadan bägüliň ysy gelýän ýaly boldy. Ol gülläp oturan düýbi görmek üçin töweregine seretdi.

Ol öňki tanyşlaryndan daşlaşdy, duşuşyklardan gaçdy. Moskwanyň teatr söýüjileriniň huşlaryny alýan iňlis we fransuz spektakllaryna barmakdan ýüz öwürdi. Medeniýet ministriniň doglan güni mynasybetli dabara gelen çakylyga pisint etmedi. Ýakyn wagtda tapynan magşugynyň hem Ispaniýa fiesta gitmek üçin eden çakylygyna hem seslenmedi. Ol dynman jyňňyrdaýan telefonyny öçürip goýdy. Ol özüni ýalňyzlyga sezewar etdi, emma ony duýmady. Ol haýran galdyrýan Dewa bilen iki-çäk galdy, oňa her gezek elini degrende, ikonanyň her bir bölejigini dikeldende, ol görlüp-eşidilmedik lezzet alýardy.

Onuň ussahanasyna muzeýiň direktory aýal hem baryp gaýtdy. Ikona haýran ga­lyp seretdi we onuň solup barýan, çekinjeň ýüzi, näzik gyzyl al reňke boýaldy.

— Siziň işiňiz, Arkadiý Iwanowiç, tamamlanyp barýar. Muzeý bilen ikonany kilisä berilmegini isleýän monastyryň arasynda jedel döreýär, emma olar ony saklap bilmeýärler. Ýene-de wagşylarça tüssä garaldarlar, doňdurarlar, çygly soborda asarlar. Oňa ýörite, temperaturany we çyglylygy sazlaýan enjamly futlýar gerek bolar. Siz näme pikir edýärsiňiz, Arkadiý Iwanowiç?

— Bilmedim, — diýip, Çelişow altyn şöhleli ýyldyza seredip, ýuwaşja jogap berdi, onuň ýüzüne bolsa şatlykly ýylgyryş çaýyldy.

Onuň ýanyna monahinýa, wezipeli kilise işgäri Ýelizaweta ene monastyrdan geldi, ol ýerde bir wagt Bogorodisa knýaz Andreý Bogolýubowa görnüpdir, ol hem onuň keşbini çekmegi buýrupdyr. Ýelizaweta ene hor, tekiz göwüsli, ýanyp duran gögümtil gara gözli, çeýelik bilen birnäçe gezek ikona baş egdi. Batly, titrewük ses bilen aý­dym aýtdy:

— Bogorodisa Dewa, begen. Bereketli Mariýa, Hudaý seniň bilen.Sen bagtly aýal. Seniň garnyň “miwesi” bagtly, sebäbi biziň ruhlarymyzy halas edijini dogurdyň.

Süýnmek burunly ýüzüni göwünjeňlik bilen Çelişewe öwürdi:

— Siz, Arkadiý Iwanowiç, siz bu dünýä degişli däl. Siz Hudaýyň ýalkan adamsy. Siziň ýardamyňyz bilen Possiýa bolmalymy ýa-da bolmaly dälmi diýilýän günlerde Preswýataýa Bogorodisanyň keşbini görkezmek mümkinçili size berildi. Siziň başarjaň elleriňiziň kömegi bilen arassa keşp rus topragynyň üstüne şöhle saçýar. Ol şöhle ýurduň üstünden betbagtçylygy aýrar. Siz Arkadiý Iwanowiç, Bogorodisa nirä gitse, siz onuň ýanyndan aýrylmaly dälsiňiz. Ol bolsa monastyra, wepaly knýaz Andreýe görnen ýerine gider. Siz onuň ýanynda keleýnik bolarsyňyz. Ol, Bogorodisa, bize patyşany görkezer, siz bolsa onuň ýanynda bu hikmete düşünersiňiz we ony halka mälim edersiňiz. Şunda siziň beýik gulak asmagyňyz we edermenligiňiz, Arkadiý Iwanowiç... — Ýelizaweta ene Çelişewi çokundyrdy. Çeýelik bilen özüniň inçejik göwresini aşak egdi, ikona baş atdy we çykdy.

Onuň zähmeti tamamlandy. Tutuş Moskwada täze ýyl mynasybetli, göýä, şa aýaly ýaly bezenip-beslenip, dürli dürleri, monjuklary dakynyp ýolkalar durdy. Twer bulwaryndaky agaçlaryň daşyna ametist reňkli girlýandlary aýlapdyrlar. Adamlar bolsa bulwaryň ugry bilen aýazdan emele gelen hrustallary seslendirip ýöreýärdiler.

Maňlaýy daňylgy, giň köýnekli, buýralanyp duran mele sakgallyja hor ýüzli Çelişew ikona seretdi. Onuň elleri bilen ýyladylan, demi bilen janlandyrylan her bir bölejigi, her bir döwüjigi ilkinji reňkleri bilen täsin öwşün atýardy. Bogorodisa edil uly gaýykda ýatyp, Moskwanyň garlarynyň arasy bilen hrustal agaçlaryň içinde, uçsuz-guraksyz deňizde ýüzýän ýalydy.

Ol birden ussahananyň petiş howasyny, ikonanyň töwereginde howasyz boşlugyň emele gelýändigini, onuň sansyz ýyldyzly gök boşlukda gaýyp duranyny duýdy. Onuň demi tutuldy, özünden gitdi. Oňa ölüm howpy abanýan ýaly boldy we ondan gorkdy. Birden-de ikonanyň çuňlugyndan, agaç tagta çekilen suratdan akylyňy haýran edýän ylahy gudratyň bar ýerinde gözüňi gamaşdyryp barýan yşyk görnüp gitdi. Yşyk onuň kalbyna okgunly girdi. Joşgunly şatlyk duýgusy ony gurşap aldy. Nähilidir bir täsin gudratly güýç ony ýokaryk galdyrdy we gözüňi gamaşdyrýan älemgoşarla­ryň, jadyly öwüşginleriň üstüne, ýyldyzlaryň uçýan tolkunlarynyň arasyna galdyrdy. Ol şeýle bir şatlandy, şeýle bir keramatly kuwwata eýe boldy, şeýle bir söýgini başdan geçirdi welin, giňişlik we wagt gaýyp boldy, diňe gözüňi gapýan şatlyk galdy.

Bu bir pursatlyk dowam etdi. Ýene-de ussahana. Ikona sowan guýma meňzäp ýatyrdy. Onda bolsa şatlyk dowam edýärdi. Oňa bir keramatly güýç girip, hamyla bolana meňzeýärdi. Ol bolsa gabaklaryň aşagynda emele gelen älemgoşara meňzeş ýyl­gyryşyň ýitip gitmeginden gorkýardy.

Şol günden başlap Çelişew ikona bilen özüniň arasynda bir ýakymly baglanyşygyň bardygyny duýdy. Hamala, Çelişew ikonany däl-de, ikona ony ýaşaýşa gaýtaryp beren ýalydy. Dilsiz-agyzsyz Bogorodisadan oňa guwanç döredýän we mähirli ýatlamalary oýarýan buýruklar çykýardy. Ol ýaş, owadan, giň ak köýnekli ejesiniň ýaş wag­tyny ýadyna düşürdi. Ol aýnanyň öňünde gür goňras saçyny agaç darak bilen darap durdy. Aýnanyň öňünde duran çüýşe gapjagazlaryň biri bolsa Günüň şöhlesine zümerret reňke boýalyp şöhle saçýardy.

Bir wagtky daça onuň ýadyna düşdi. Onuň daşyna tagtadan edilen haýat çekilipdi, onuň üstüne alaja kebelekler gonýardy. Olar özleriniň kiçijik serdessä meňzeş goňrumtyl meleje ganatlaryny açýardylar. Şonda olaryň emelsizje ganatjyklarynyň hereketine ejizje göwresi titreýärdi, ýukajyk bedenindäki tüýjagazlary bolsa nähilidir bir reňk bilen öwüsýärdi.

Ol garşyda duran goňşy jaýdan ümrük garalyp barýan çagy gyzylymtyl sary reňke boýalyp öwşün atýan aýnany ýadyna düşürdi. Käwagt aýnada ýaş aýal görünýärdi. Zenan ýalaňaç tirsegini çykaryp, geçelgä seredýärdi. Çyranyň ýagtysyna onuň kellesiniň aňyrsynda jaýynyň töri syrly we özüne çekiji bolup görünýärdi.

Bir gezek Bogorodisa Çelşewe köçä gidip, köçe süpürýänleriň üçekden urup gaçy­ran buz şelpelerini getirmegi haýyş edýän ýaly boldy. Ol howla çykdy, gök öwüsýän ýiti uçly buz şelpesini aldy we öýe getirdi. Ony ikonanyň ýanynda goýdy. Bogorodisa täze ýyl arçalarynyň içinde şöhleleri öwşün atýan buz şelpesine seretdi.

Ol ýarygije howsalaly ýagdaýda oýandy. Göwnüne bolmasa, Bogorodisa ony çagyr­ýan ýalydy. Ol aýak ýalaňaç ussahana girdi-de, çyrany ýakdy. Hamala diýersiň, ikonanyň gyzgyny galyp, ýüzi solgun görünýän ýalydy. Onuň töweregindäki howa aga­ryp gyzaran ýaly ýagtylýardy. Çelişew Bogorodisanyň gözlerinden iki sany gyzyl ganly gözýaşyň damandygyny gördi. Ol aglaýardy. Ýakynlaşan belany duýýardy. Bu bela diňe Çelişewe däl, ähli adamlara, tutuş Rossiýa betbagtlygy öňünden duýdurýardy. Ýelizaweta enäniň aýdyşyna görä, Bogorodisa ondan halas etmek üçin gelipdi. Çelişew Bogorodisanyň başyndan geçirýän ähli agyryny we ejirleri duýdy. Ol ejiriň çeşmesiniň aýnanyň aňyrsyndaky gijeki şäherde, äpet daş jaýlarynyň, san-sajaksyz maşynlaryň, ýalpyldaýan täze ýyl arçalarynyň arasyndadygyny duýdy. Bogorodisa Çelişewiň şähere gitmegini, belanyň çeşmesini tapmagyny we ony ýok etmegini talap etdi. Bogorodisanyň islegi hökman ýerine ýetiriläýmelidi, ol ony gyssady. Ondan ýol görkeziji güýçler çykýardy. Çelişew çalt geýindi, ählumumy gyrgynçylyk getirjek belanyň öýjügini gözlemek üçin gije köçä çykdy.

Moskwa gündiz halys ýadan ýaşaýjylaryny ýatylýan etraplarda süýji ukynyň gujagyna berip, tagamly naharlaryň muşdaklary, lezzetli dynç alyp, şatlanmagy halaýanlar üçin özüniň restoranlaryny, gijeki kluplaryny, teatr zallaryny giňden açyp­dy. Ýakynda ýagan gardan soň ap-ak bolan köçelerde ýalpyldaýan garlary çyralary bilen yşyklandyryp, gymmat maşynlary sürýärdiler. Feşenebel dükanlarynyň ha­ryt tekçelerini dolduran gögümtil pises derileri, daşary ýurt geýimleri, gyzyllar we brilliantlar bilen haýran galdyrýardy. Aýazly howada gijeki barlaryň we dynç alyn­ýan ýerleriň ýazgylary bengal otlary ýaly uçgunlaýardy. Hemme ýerde: meýdanlarda, çatryklarda, edil owadan zenanlar ýaly, her biri özüniň bezeginde, ýaşyl, gögümtil, malina reňkli krinolinde, gymmatly geýnen arçalar hellewläp görünýärdi.

Çelişew Bogorodisanyň görünmeýän görkezmelerine, eşidilmeýän buýruklaryna boýun bolup, Moskwadan ýöräp barýardy. Ol güýç çyzyklary bilen gurşalandy, olar ony ýan ýodadan alyp barýardylar, ýerasty geçelgelere düşürýärdiler, bir etrapdan beýleki etraba geçirýärdiler. Bu çyzyklaryň her biri bolsa ony bütin dünýäniň ölümine getirip biljek belanyň we ejiriň öýjügine ýakynlaşdyrýardy. Ýalpyldaýan şäher ähli keseliň gorkuly alamatlaryny görkezýän rentgen suraty ýaly, gara dumanlary özünde gizleýärdi.

Ol restoranyň gapdalyndan geçdi. Ol ýerde gruzin jenaýatçylarynyň baş tutanlary nebit bilen bagly bolan gymmatly ylalaşygy gazanyp bileni üçin oturyşlyk guraýardy. Pul seçýärdiler, ýaş aýallary otaglara äkidýärdiler, stoluň başyna der basyp, köýnekleriniň iliklerini açyp, gaýdyp gelýärdiler. Ideg edilen barmakly aýallar ola­ryň tüýli döşlerini gyjyklaýardylar, gruzinler hezil edip gülüşýärdiler. Olaryň biriniň kaşaň penjeginiň jübüsinden altyn pistolet gaçdy.

Çelişew ýoň bolan geý-kluba ýakynlaşdy, onuň ýokarsyndaky ýazgy älemgoşar reňkinde öwüsýärdi. Dodaklary pomadaly, beýik ökjeli köwüş geýen aýal içmegindäki portýe gapyny açyp berýärdi. Kaşaň maşyndan düşen garry semiz belli režisýor syratly ýetginjegiň egninden gujaklap hälki gapydan girip barýardy. Olar derjigen bedenleriň, güýçli duhileriň beýhuş ediji ysy gelýän holluň alagaraňkysynda ýitip gitdiler.

Çelişew gijelikde ýol bilen ýöräp barşyna diskotekanyň hem gapdalyndan geçdi. Diwarlaryň aňyrsyndan sazyň töweregi sarsdyrýan basyk sesi eşidilýärdi. Diskotekanyň gögümtil şöhleler bilen bölünip gidýän ýarym garaňkylygynda adamlar biri-birine gyslyşyp tans edýärdiler. Meýdança şeýle bir dardy welin, tansçylar biri-birine süýkenýärdiler, serhoş ýagdaýda öpüşýärdiler, garaşylman durka damarlary çekip titreýärdiler. Jemendäniň ýokarsyndaky ölügsi yşyk bilen ýagtylandyrylan beýik sütünde ýalaňaç, edil jadygöý aýal ýaly, tutuş altyn reňke boýalan aýal tans edýärdi. Ol altyndan bezelen aýaklaryny öňe taşlap, ýadaman egilýärdi, ýylan ýaly towlanýardy. Jemende özlerine erk edip bilmeýän joşgunly hala düşüpdi, ol äpet uly şepbeşik, reňkli nem pürkýän molýuska meňzeýärdi. Bu nemiň syçrantgylary dürli reňkli damja öwrülip, töweregi tegmilden doldurýardy.

Çelişew Bogorodisanyň barmagynyň güýç çyzyklarynyň görkezýän ugry boýunça ýöremegini dowam etdirýärdi. Ol ahyry tümlügiň jümmüşine aralaşdyrdy. Emma olaryň hiç birinde, edil gara almadaky ýaly, bütin dünýä ýitgisiniň liçinkalary gizlenenokdy, Rossiýanyň üstüne çozmaga taýýar aždarhajyk bukulyp ýatanokdy. Şeýle-de bolsa, Çelişew dynç alynýan ýerlerden nobatdaky aýlawyny etdi-de, gijeki Moskwanyň brilliant ýolkalarynyň arasynda jadyly syýahatyny dowam etdirdi.

Ol düýşde ýaly aýlanyp ýördi. Onuň gözleri açykdy, emma ol nähilidir bir ruhy kesele sataşan adam — lunatik ýaly ukudady. Ony haýsydyr bir sessiz güýç herekete getirýärdi. Geçelgelere seretmäge, howlulara aýlanmaga, ýalňyz duran fonaryň aşagynda doňup durmaga, entek çyralary sönmedik ýek-tük penjirelere, kem-kemden sönýän fasadlara siňe seretmäge mejbur edýärdi. Şeýle geçelgeleriň birinde ol türmäni gördi. Ýaşaýyş jaýlary bilen gurşalyp, ol prospektden görünmeýärdi. Türme uly, betnyşan, kletka-kletka çanakly pyşdyla meňzeýärdi. Kerpiç diwaryň, tikenekli simleriň rulonlarynyň aňyrsynda nämedir bir zat uludan dem alýardy, ejir çekýärdi, samyrdaýardy. Ol ýerden demriň, ýaglanan gulplaryň, hapa deriň, zabun ezýetiň ysy gelýärdi. Türme, hamala, kowýan ýaly bolup, Çelişewe hyrsyz seredýärdi. Demir derwezeler açyldy. Olardan içinde görünmeýän heläk boljak jan gysylyp duran galyň polat gapyrjakly maşyn çykdy.

Çelişew özüniň aýlanyp ýörşüne, Moskwanyň ol künjeginden bu künjegine geçýärdi. Hamala, ony gijeki tüweleý göterip geçirýän ýalydy. Ol edil uka giden ýaly bolýardy, gözüni ýumýardy, açan-da bolsa, şäheriň başga künjeginde, prospektleri we köçeleri tanaman gözlerini açýardy. Onuň öňünde edil gaýa ýaly bolup bina dikeldi. Ol içine yşyk düşmeýän we nähilidir bir diri zat gizlenip ýatan örän uly futlýary ýada salýardy. Ol tisginýärdi, çişýärdi, pyssarýardy. Bu onkologik merkezdi. Ol ýerde bolsa Çelişewe örän uly çiş bar ýaly bolup göründi. Ol içinden geçen syýa reňkli damarlar bilen, gan bilen akyp, has çişýärdi. Çelişew beton örtüklerde çykýan titremeleri, metal gurluşlaryň jygyldaýan sesini eşitdi. Çiş ulalyp, binanyň diwarlaryny gysýardy, olar dargamaga taýyndylar, betnyşan şepbeşik zat bolsa Moskwanyň üstüne gaçaýjak bolýardy. Gara binanyň ýokarsy ýuwaşja ýagtylýardy. Bu ejir çekmekden dynanlaryň, ölenleriň ruhlary, asmana uçýardylar.

Şäheriň gyrasynda, ümsümlige çümüp oturan ýatylýan etrapyň jaýlarynyň biriniň aşaky gatynyň aýnasy ýagtylyp görünýärdi, gar üýşmeginde sary çyzyk emele gelýärdi. Çelişew aýna seretdi we operasiýa kreslosynda satanyny açyp, ukladylan aýal ýatyrdy. Gan syçran halatly hirurg onuň içine polat turbajygy sokýardy, ondan bolsa gan löderesine öwrülen düwünçek syrçaly legene zogdurylyp akýardy.

Çelişewi alyp barýan güýçli çyzyklar agyryly we ejirli üýşmekleriň ýanynda Rossiýany syndyrmaga taýyn gorkunç howplar gizlenip ýatandygyny görkezdiler. Emma güýçli çyzyklar ejir çekýän üýşmeklere diňe ýakynlaşýardylar, olaryň gapdalyndan geçip, Çelişewi aňryk äkidýärdiler.

Sessiz buýruga boýun bolup, ol ýene-de öz jaýynyň ýanynda, Puşkin meýdança­syndaky ýadygärligiň gapdalyndaky seýilgähde peýda boldy. Şahyryň bürünçden ýasalan ýadygärligi şlýapasyny çykaryp, kellesini egdi, ýeňiljek syrgyn bolsa bürünç buýra saçlara, şlýapa, basgançakdaky gyzyl bägüle kümüş sepýärdi. Çelişew Twer köçesinden çyralaryny ýakyp, okdurylyp gelýän maşynlaryň yzy kesilmeýän aky­myna seretdi. Olar daşlaşdygyça, ýanýan çyralar gyzylja közlere öwrülip, gözden ýitýärdiler. Birdenem maşyn akymynyň arasy üzülýär, köçe az salymlygam bolsa boşap, doňan göwrä öwrülýär. Soňra bolsa, köçäni çaltlyk bilen kesip geçip, meýdany ýanyp duran haça öwürip, iki ýoluň ortasyndaky bagly seýilgähler bilen ýollaryny dowam etdirýärler.

Güýçli çyzyklar ony ýerasty geçelgä eltdiler, ol ýerden az sanly pyýadalar bir ýerlere gyssanyp barýardylar. Saçy goýberilen skripkaçy ýaş zenan bolsa kemençäni dynuwsyz işledip, geçelgäniň agzynda zaryn heňli saz çalýardy. Onuň öňünde teňňe atylan we togalanan kagyzly şlýapa ýatyrdy.

Çelişew Twer bulwaryna çykdy we hrustal tokaýda peýda poldy. Agaçlar ametist girlýandlar bilen saralypdyr. Gögümtil buz bilen örtülen şahalar ýuwaşja seslenýän ýalydylar. Hrustal agaçlar bilen gurşalan boş alleýa, daşa gitdi, onuň yzyndan bolsa aňyrsy görnüp duran syrgyn ýüwürdi.

«Puşkin» restoranynyň ýanynda maşynlar durýardy. Silindirli şweýsar gapylary açýardy, gelýänleri gapa çenli ugradýardylar, aýallaryň üstünde saýawan açýardylar. «Turandot» restoranynyň ýanynda edil otparazlaryň ybadathanalarynyň öňünde ýaly, gök gazly fakeller ýanýardy.

Çelişew güýçlenýän howsalany duýup, bulwar boýunça ýöräp barýardy. Ol howsala hrustal şahalaryň arasynda aýlanyp ýördi, gurluş aýratynlygy bilen tapawutlanýan ampir jaýlaryň üstünde öwüsýärdi, Çeperçilik teatrynyň gara binasyndan tüsse ýaly bolup zogdurylýardy. Howsala has goýalýardy, agyrlaşýardy, ýalpyldaýan agaçlaryň arasyndan bulut ýaly bolup ýerinden turýardy. Gorka öwrülýärdi.

Çelişew garşylyk görkezdi, gidesi gelmedi, emma keçjal güýç ädim ätmäge mejbur etdi. Ol eýmençligiň buludyna girdi, indi görlüp-eşidilmedik nägehan düwün-düwün bolup towlanýardy.

Şu golaýlarda bir ýerde Puşkini gören üç ýüz ýyl ýaşan dub gögerip otyrdy. Emma Çelişew ony tapmady. Ol ýüz ýyl mundan ozal gurlan, äpet penjireli beýik bina­nyň öňünde durdy. Bina garady, emma iki gaty gowy ýagtydy, hamala, ol ýerde gijeki baýramçylyk geçýän ýalydy. Örülen ramalardaky hrustal aýnalarda syrgyn kümüş öwüsýärdi we olar ak yşyk bilen gaty ýagty salýardy. Bu aýnalardan agyr elhençlik öwüsýärdi, ol aklyňy çaşyryp barýardy.

Bogorodisa bu ýere, şu ajaýyp jaýa Çelişewi getirdi. Bu ýerde Rossiýany ýok etjek betbagtçylyk mesgen tutupdy. Näsag, gijeki bulwarda sowukdan ýaňa doňan Çelişew bolsa bu betbagtçylygy togtatmalydy. Ol doňan ýaly bolup, ametist reňkli agaçlaryň arasynda, ýiti şöhle saçyp duran aýnalara seredýärdi.