Odisseý
(gy s galdylan uzyn monotrawelog)
Men hyjuwda, gorkuda, dertde stoik däl, çydamly däl.
Meniň gidesim gelmedi urşa, däli bolan boldum,
emma urşuň däliligi geçýär däliligin dünýäň,
öküz bilen eşegi goşup, dänä derek joýa duz
ekip, men dälisiräp, näçe boýun gaçyrjak bolsam hem, urşuň
ilçisi bolsa bildi meniň gözgyny mekirligmi,
mähriban bäbejigi oklap aşagna azal päkiň,
men öz adamy, aýalymy we çagamy edip terk,
gylyç alyp, gämiň gapdalna galkan asmaly boldum.
<...>
Tizräk tamamlamak üçin urşy, men troýalylara
gurnadym hile: gämi agaçlaryndan içi boş at
ýasap, alty esger bilen gizlendik şonda, ynanman
troýalylar Kassandra, tapyndyny saldylar süýräp
diwaryň aňyrsyna, gowulyk nyşany, hudaýlaň
sowgady öýtdi betbagtlar. Şol gije ýitdi Troýa,
<...>
Ykbal uzaltman, uruş islänokdy meni goýbermek,
erbet ar alýardy, meň hiläm üçin. Ýigrimi ýyllap
deňizlerde entedim. Deşilen bortlary dykyp we
ýamap ýyrtyk ýelkeni hem soňky umydyň bölegin,
hepdäň we gaýaň, tolkunyň we ýitgiň hasabyn bilmän;
nejis uruş dolanmaga goýbermedi eziz öýe,
misli burundaky sümük dek, dünýäde ygdym men,
<...>
Men diri galjak bolýarkam, aýalym bolsa çekýärdi
keşde, wagt ählisin ýatlady, emma giňişlik özün
unutdy. Men wagty Güne agaryp giden ýelken dek
çekdim. Emma ol barmaklaň arasyndan pytrap çüýrük
dek, ýyrtylýardy böleklere, aradaşlyklary men
ýumrukda gysymladym, gämiň ruly dek, emma olar
ellerimden sypyp, tolkunlardan, özge adalardan başga zat
görkezmän, pyrlanýardylar töweregimde,
<...>
Emma men şol uruşdan ahyrynöýe dolanamda,
göýä köpek dek, bosagada maňa garaşyp durdy
ol, özüne söz aýdýan haýasyzlary, Troýan aty
ýaly maňa sokup, ýene men hatyrasyna açgöz
urşuň, hemişe aç, adam etin küýseýän ýyrtyja,
gekatomba, gurban etmek üçin öldürmeli boldum.
Urşuň erkiniň öňünde adam edil şireje.