Paýyş sözler, giçki ene, kawkazla barmak äre...

* * *

Paýyş sözler, giçki ene, kawkazla barmak äre.
Gün şöhläň şekili. Pökgi ýaly bökýär. Ine, şeýle!
Girdejili semiz söwdagär aýal.
Hakykatdanam kimkä ol?

Ol bolsa — gürleşip başlady — çernobyllyň duly, garalan, misli omela.
Iki gezek çagasy düşdi. Ahyryn boldy hamyla.

Bu ärini hat bilen çagyrmazlar, reaktora taşlamazlar. Ol işden soň
Gurgun gelýär, ogly bilen nardy oýnaýar, öwredýär oňa gaýtawul bermegi
“Hany, sen kim?” diýen soragdan soň —
“Aglamaryn” diýp özüne ynamly diýmegi.

Ol aglanogam ahyryn. Olaň hemme zady bakuwlylaňky dek. Düzgün hem owkat.
Zyna aýala gerek däl senet.
Onunjy arkasy moskwaly bolan aýal ganatyn gerýär bu garaja çagaň üstünde,
Mümkin bolmadyk gudratyň, heniz açylmadygyň üstünde!
Ýylgyragan bu gargajygyň üstünde, bejerýär oň gözlerin, ine, bu otit, demrew...

— Hany, aýtsana, näme üçin ol öýde oturmadyka? —
Heleýler ah çekýär çernobylçy hakda. — Näme gaçmadyka?
— Hany, Hudaý nämäkä? —
Ol soraglara jogap berýär, soňra paýyş sögýär şu hili ýurda. —
Ýok, meň özümem oňa sypmagy teklip etdim, girmezligi gyrgyna. —
Ol aýal hem gaharlanyp başlaýar: — Aýak diredi — ilmedi gulagna!
Watan öňündäki borç! Watan öňündäki borç! Başarjak däl başgaça!