Men birinji bolup ukudan oýandym

* * * Men birinji bolup ukudan oýandym. Ýüzýärdi aýnada äpet aý. Ýöne welin, bagyşlaň, hemme zady yzyna, oýanyş nokadyna çenli saradalyň. Ukudakylar aýnanyň ugry boýunça ýöreýärdiler: arka, arka, arka. Gün hem çür depede ap-akdy. Men geçip gitdim çeredanyň gapdalyndan, seredýärdim ýüzlere. Betbagtçylygyň reňki — ola­ryň eşikleri, ýöne, güne ýanyp, olaryň betbagtçylygy, edil iýulyň aýagyndaky baglar ýaly, tozana gömlüpdir. Kördüler we hordular, akýardylar — ýa orda, ýa tewtondylar. Asmanda Ýaradanyň saçynyň düşen ýeri ýalpyldaýardy, edil mum ýaly, onuň ýüzünden der hem damýardy. Hemme zat ýüzýärdi, ereýärdi. “Uklan bolsam men, — pikir kellä geldi, — ine, şeýdip barardym, goýun, kelläni etege salyp awçynyň üstüne, gaýtalap-gaýtalap: ...weýrançylyk, zalym, sütem”. Men duýdum asman tonnalarynyň agramyn we günä — günäsizleriň düýşi, ýumşak Hudaý meniň halkyma gaharlanmaýar, çip bolsa oňa günäniň konstantasy bilen ornaşdyrylypdyr, ol hem Adam bilen How ene üçin, Wawilion üçin, Gomorra we Sodom üçin, uruşlar we aýnanyň aňyrsyndaky tebigy hadysalar, jellat patyşalar, öldürilen patyşalar üçin — hatda Üçünji reýh, GULAG, durnuklylyk, Gazprom üçin, bu Ukraina üçin, doglan ýerindäki bäbekhana üçin jogap berýändigine ynanýar. Eý, hudaý, hudaý, hudaý! Dur-oýun! — diýip, meniň gygyrasym geldi. Düýnki bolan gün çalyşdy, bize deriniň aşagyndan girizilen ata-babalaryň günälerini ýadyňyzdan çykaryň! Arassalanyň! Ura!!! Emma olar ýöreýärdiler, her biriniň döşünde deşik: penjäňi sokmak, megerem, boljak.