Läheňiň neberesi

( Ý. S. Rytheunyň “ Haçanläheňlergid ýär ” atly powe s tiniň motiwleri ulanyldy)

 Men — deňiz awçysy
Boldum indi läheň awlaýjy —
garyndaşymyzyň jellady:
Bolupdyr ata-babam meň läheň,
garry ene-mamam — ýerdäki hudaý.
Nädip olar durmuş gurupdyr — bilemok anyk.
Bilýär muny kempirler,
olar hem gürrüň berer bu hakda.

 Öwrülipdir şonda adama
ata-baba läheň we awa başlapdyr
Moržlara we düwlenlere...
(Nätjek? Bolmasa ölmezlik mümkin däl!)
Emma öz deňiz doganlaryna
öz garpunyn ol galdyrmady bir gezegem
Buýurdy öz ogullaryna
hormat goýmagy läheňlere, biziň eziz garyndaşymyza.

 Bulaň bary bolupdyr — men ynanýan...
Emma haçan halkymyz gyrylýarka açlykdan,
Moržlar we döwlenler gitdi uzaga — ýetip bolmaýar,
Şonda öldürmek üçin
biz ýüzýäris şol, läheňleriň
Gadymdan bäri ýaşaýan aýlagyna:
goý olar öz etlerin iýdirsin
açlyk çekýän doganlaryna.