Saz sapaklary
Men iru-giç her niçik-de bolsa özümiň Saz bilen aragatnaşygym hakynda bir powest ýazaryn. Bu gaýgyly we gülkünç powest bolar.
On alty ýyldan soň hötdesinden gelip, alan saz bilimim, ýagny yrgyldap duran dik basgançak bilen aşak-ýokaryk inip çykyşym baradaky powest diýilse, belki, bu has anyk bolar? Hawa, on alty azaply, agyr dem almalardan, gözleriň gyrpyldysyndan we basgançaklar boýunça ýokaryk, ýokaryk, nädip hem bolsa-da ýokaryk, konserwatoriýanyň diplomyny almak üçin dyrmaşmadan doly ýyllar?.. Ýok, şonuň bilen, Saz bilen: ejeligim bilen, has gowusy hatda ejeligim bilen hem däl, kakalygym bilen — hyrsyz, akylly we adalatly, öz wagtynda meniň kellämden zyýanly pikirleri aýran we aýaga galdyran kakalygym bilen...
Maňa ornaşdyrylan ýokary sazçylyk bilimi edil sowuklanda gaýtalanyp durýan köriçege ýaly bolup meniň içimde otyr we durmuşyň iň bir garaşylmadyk pursatlarynda özüniň bardygyny durdurýar. Şonda bolsa mydama sazly gecmişim bilen galtaşýan minutlarymda meni tapýan wiolençel gussasy, has takygy, gussa däl, gussa salgymy — sebäbi gussanyň özi eýýäm ýok, ol aradan çykdy we şu geçmişiň çäklerinde galdy, — gussanyň salgymy goýalýar we mylaýymlyk bilen meniň urup duran ýüregime degýär, şol wagt men tisginip gidýärin we özüme iru-giç hökmany suratda Saz bilen özara gatnaşygym hakynda gaýgyly we gülkünç powest ýazaryn diýýärin.
Emma entek wagty däl, entek häzir däl. Bu meniň geçmiş bilen pyçakly çaknyşyklardan gorkýandygym üçin däl-de, ýöne häzir bolsa başga zat barada.
Bu başga bir waka.
...Şol baharda meniň birinji kitabym çap edilipdi. Men şoňa guwanyp ýaşaýardym. Has takygy, men ýaşamokdym, garaşmagyň kalbyňa agram salýan, ejir çekdirýän hepdelerdir günlerini başdan geçirýärdim. Öýde neşirýat syrlarynyň “birinji korrektura”, “ikinji korrektura”, “signal” ýaly atlandyrylan jadyly belgileri ýaşaýardy.
Men işläp bilemokdym... Ýazuw stoluň üstünde ellenilmän petde bolup gutarylmadyk hekaýa ýatyrdy, ýazylmaly pýesanyň bolsa möhleti geçen şertnamasy ýalpyldaýardy. Men uzakly gün diwanyň üstünde biderek ýatýardym we, elimi ýeňsäme atyp, özümiň entek dünýä inmedik kitabymy göz öňüme getirýärdim. Onuň gök sahabyny we ak harplar bilen gök kagyzda ýazylan öz hususy adymy...
Penjiräniň aňyrsynda tebigat bahary döredýärdi ýa-da bahar tebigaty döredýärdi, her näme bolsa-da, her gün bir hili täzelik getirýärdi: ýa erik näzik duman ýaly bolup gülläp başlaýar, ýa otuň üstünde çalasynlyk bilen ylgaşýan meýne hindi guşjagazlarynyň sürüsi peýda bolýardy.
Bir zada güýmenmelidi, hekaýany gutarmaly, pýesany doly ýazyp tamamlamaly, gezelenje çykmaly we ahyrsoňunda öýde geýilýän gara switeri ýeňiljek bir zada çalyşmalydy. Emma men ertirden agşama çenli gara switerde we sesimi çykarman biderek ýatyrdym, dartgynly ýagdaýda wagtdan üstün çykýardym. Men garaşmakdan ýaňa ysmaz bolupdym. Uzakly günläp men neşirýatdan jaňa garaşýardym. Agşamara, jaň edilerine gyssanyp, özüm til kakdym. Täzelik barmyka? Ýok. Megerem, ýakyn günlerde. Ýakyn günlerde... Ýakyn günlerde?!! Bu günleri nädip ýaşap geçirmeli? Eýsem, bu haçanam bolsa bir wagt gutararmyka?! Garaşmak bilen geçýän günler çydap bolmaýan elhençlige öwrüldi...
Men häzir şol günleriň meniň durmuşymyň iň bagtly günleri bolupdyr diýip çak edýärin...
Ahyrsoňunda bir gezek agşama golaý jaň etdiler. Hawa, gutlaýarys, signal geldi. Meniň redaktor aýalym, hamana, hic bir täsin zat bolmadyk ýaly, rahat-mylaýym ses bilen gepleýärdi. Onuň sesinde göwün göteriji bagt ýokdy, bu bolsa oňa ýigrenç döretdi.
— Ýöne siz bu gün, megerem, gelip ýetişmeseňiz gerek. Iş gününiň gutarmagyna ýarym sagat galdy. Ertire çenli goýmaly boljak...
— Ýok, ýok, men ýetişerin! Taksi tutaryn, ýa şahsy maşyny, ýa ýük maşyny! Zir-zibil daşaýany! Suw sepýän maşyny! Men ýigrimi minutdan neşirýatda bolaryn!!
Şol gara switerde öýden atylyp çykyp, men howludan — gök sahapda hasyl bolan arzuwyma tarap okdurylyp barýardym.
— Bir minut mümkinmi?
Biziň howlymyzda haýsydyr bir gündogarly halkyň wekillerinden — ýa parslarda, ýa osetinlerden, ýa-da buhara ýewreýlerinden bir maşgala ýaşaýardy. Onuň maşgalabaşysy, gelşikli murtluja, hortaň adam ekspeditor bolup işleýärdi, maşynly et daşaýardy. Köplenç günortanlyk nahar wagtlary onuň gök tirkegli maşyny howluda durýardy. Maşgalanyň ejeleri ýokdy, sazly wakadan üç ýyl öň ýogalypdy, ine olar şeýleräk betbagtçylyga uçrapdylar.
— Birje minut mümkinmi? — diýip, maşgalabaşy çekinjeňlik bilen ýylgyryp, meniň ýanyma geldi. — Eger-de siz gaty howlukmaýan bolsaňyz.
— Hawa, baş üstüne. — Men özümiň guduzlama derejesine ýetýändigimi duýdum, emma ýüzüme üns berýän bolup, çylşyrymly gülerýüzlüligi çaýdym. Meniň durmuşymy mydama öýde alan terbiýämiň artykmaçlyklarynyň günäsi, men gündogar däp-dessurlarynyň artykmaç ýüki ýüklenen terbiýäniň diýesim gelýär. Oňa görä hemme kişä — ýaşululara, goňşulara, nätanyşlara sypaýy we gülerýüzli bolmaly. Has hem çala tanyşlara, olar seni tanaýan ýaly, ýöne ýeterlik tananoklar, Alla görkezmesin, sen barada nädogry pikir edäýmesin... Gündogarly maşgalanyň kakasy edil şeýle çala tanyşlaryň toparyna degişlidi. Biz howluda duşanymyzda, birek-birege baş atyşýardyk.
— Hawa, baş üstüne...
— Biz nätanyş, emma biz siz barada bilýäris... — diýip, ol hemişekisi ýaly çekinjeňlik bilen gülüp, howlukmaçlyk bilen gepläp başlady. — Howluda siz barada gowy zatlar aýdýarlar...
— Şeýlemi? — diýip, men hoşamaýlyk bilen haýran galyp, bu barada näme aýtjagymy hem bilmedim.
Sekuntlar aýagaldygyna şeýle bir çalt geçýärdi, kitap neşirýatda, redaktoryň stolunyň üstünde ýatyrdy. — Hany, näme?
— Siz konserwatoriýany tamamladyňyz, şeýle dälmi? — diýip, ol şadyýan dowam etdi. Men tukatlanyp ugradym.
— Hawa... umuman... şeýle... — diýip, men düşnüksiz gürledim
Şol wagt konsertmeýster wezipesinden arany üzenime bir ýyl dolýardy hem-de edebiýat bilen meşgullanmak üçin doly erkindim. Kynçylyk bilen ýetilen, uzak garaşylan bu erkinlik meniň üçin entek ygtyýar edilmedik bir elyetmez bagt, oňaýsyz, kada laýyk gelmeýän edepsizlik ýaly bir zat bolup görünýärdi. Meniň Saza bolan özara gatnaşyklarymdaky köp ýyllaryň dowamynda emele gelen borçlar howply golaýlykda maňa görünmän pelpelleýärdi. Men entek doly ynanyp bilemokdym: men erkin, erkin, erkin. Şeýdip, uzak wagtlap agyr ýük göteren we ahyrsoňunda hem ony taşlan adam, indi ýeňildigine we çalasynlygyna begenäýjek ýaly welin, egenleri sorkuldaýar, bili döwlüp barýar, endigan dem alanok.
Keltejik hoşamaý adam maňa köp ýyllyk sürgüni, meniň egnimiň üstünde ýaňy-ýakynda hem oýnan gamçyny ýadyma saldy. Meniň eginlerim sandyrap gitdi...
Maşgalanyň kakasy kartoşkaly setka torbany aşak goýberdi we ol asfaltyň üstünde tagaşyksyz maşşardy.
— Men gyzym barada... — diýip, ol ýüpli torbadan gyp-gyzyl digir-digir yz galan ellerini owkalap durşuna dowam etdi: — Ol şeýle başarjaň, şeýle akylly, siz diňe lezzet alarsyňyz!..
— Hä, — men düşündim, — siz ony saz ugrundan okatjak bolýarsyňyzmy?
— Siz diňe uly lezzet alarsyňyz, — diýip, ol haýyş edijilik bilen öňki sözüni gaýtalady, hemem bir zady ýadyna düşürip, howlukmaç üstüne goşdy: — Bahany özüňiz aýdyň!
— Gynansagam, men eýýäm saz bilen meşgullanmaýaryn. Düşünýäňizmi, bütinleý... — diýip, men ýüzümi gussaly we mylaýym hala getirip, hatda ýok diýen şekilde ellerimiň azajyk arasyny açdym. Soň gözümiň gytagy bilen sagada seredip, sessiz iňledim. Meni neşirýata diňe hususy ulagly ökde sürüji eltip biljekdi.
— Ol nähili bütinleý? — diýip, ol ynanmazlyk bilen ýylgyrdy. — Hany, do-mi-sol aňry-bäri haýsydyr bir zatlary ýatlap bilýärsiňizmi?
— Do-mi-sol ýadymda, — diýip, men sypaýylyk bilen şol bada berk ýok diýmäge derek, özümiň haýsydyr bir bolgusyz düşündirişlere, boýun gaçyrmalara, diýen etdirmelere kaýyl bolup barýandygyma göz ýetirdim. Ol:
— Biz siziň bolmagyňyzy isleýäris, — diýdi we uludan demini alyp goýberdi. — Howluda siz barada gowy gürrüň edýärler. Siz ondan lezzet alarsyňyz, meniň Karinam — ol şeýle ukyply!
— Bilýäňizmi näme, geliň, men sazçy dostlaryma jaň edeýin we Karina üçin gowy mugallym tapaýyn, — diýip, men teklip etdim.
— Biz diňe siziň sapak bermegiňizi isleýäris, — diýip, ol gussaly, ýöne tutanýerlilik bilen garşy çykdy. — Onuň merhum ejesi pahyram bu hakda arzuw edipdi...
Men özümiň gutarnykly yagdaýda doly ýeňlendigime göz ýetirdim. Çekinjeň adamyň özi duýmasa-da, ol meni ikinji gezek suňşurdy.
Meniň gaty berk düzgünlerim bar, men boýun towlamagy başarýaryn. Men öz wagtymyň gadyryny bilýärin we maňa gerekmejek adamlaryň kast etmeginden ony goramagy başarýaryn. Diňe bir möhüm zat — bu adamlar ýeterlik derejede gowy ýaşamalydy. Ynha, tanyşlarymyň biri jaň edýär we onuň režissýor dostunyň goýan spektalyna syn ýazmagymy haýyş edýär.
— Bolmaz, gardaş, — diýip, men mylaýym, ýöne kesgitli jogap berýärin. — Sen meniň başarmaýan zadymy hiç mahal etmeýändigimi bilýärsiň ahbetin. Birinjiden, men teatrçy däl, ikinjiden, wagtym ýok, ahyrsoňunda-da men şony asla islämok, munuň özi hem ýeterlik derejede esasly sebäp. Dostum düşünýän äheňde trubkada gepimi makullaýar:
— Hawa, hawa, elbetde... Sen mamla... ýöne oňa nebsim agyrýar, düşünýäňmi. Aýaly keselhanada, gyzy elini döwdüripdir, üstesine-de bärde bu baş režisýor — haýwan, igenip ýüregine düşýär, teatrdan süderrekledip çykarjak bolýar.
Men gyssagly terjime etmek barada ýene bir zatlary mynny-mynny edýärin, emma berk kada — meniň söweşjeň atym — eýýäm maňa nätanyş režisýoryň betbagtlylygyna büdredi, çeki gowşady, menem hut eýerden agaýjak bolýaryn. Sen nirede, meniň söweşjeň atym? Ol eýýäm boýnuny boýuntyryga golaýladýar, bu eýýäm at däl-de, debsilemek bolýan işçi arryk ýaby. Muny meniň dostum hem gowy duýýar we gepine has agram salýar:
— Men saňa söz berýärin, ol bütinleý öwgä mynasyp spektakl, saňa-da ýalan sözlemek gerek bolmaýar. Birnäçe gowy sözleri ýaz-da, kyn güne düşen adamy golda. Munuň saňa haýry deger...
Onuň maňa edil nirede haýry degjekdigini men eýýäm anyklamaýaryn, sebäbi eýýäm eýerden agdardylar. Men diňe gamgyn sesim bilen spektaklyň başlanjak wagtyny anyklaýaryn.
Ynha, men pioner wyždany bilen özüme düýbünden gerekmejek spektakly görmek üçin süýrenip barýaryn we tutuş iki sagatlap sahna çiňerilip seredýärin. Onda tutuş synpyň gowy görýan pioner ýolbaşçysynyň keşbini trupbanyň iň uly ýaşly artist zenany ýerine ýetirýär. Men at gazanan aktrisanyň aýaklaryna seredýärin — tromboflebitden ejir çekýän, gartaşan aýalyň aýaklary we gaýgy-gama batýaryn... Mundan soň meniň özümiň düýbünden pioneriňki däl ynsabym bilen üç günläp azap çekýärin we oňa hassahanadaky aýaly we haýwan baş režisýor barada bir zatlary düşündirmäge çalyşýaryn, ynsabym bolsa meniň esgi ýaly lellimligim üçin meni jähenneme iberýär we şol haýwan režisýoryň ýerine bolan bolsam, eýýäm bir wagt
meniň dostumyň ýaranyny teatrdan kowardym diýip jogap berýär. Ahyrsoňunda, men nähilem bolsa, ikije sahypa bolgusyz nalajedeýin zady çykarýaryn we ýalan sözleýärin, özi-de, utanman ýalan sözleýärin. Meselem, gartaşan pionerler ýolbaşçysyny spektaklyň üstünlikleriniň biri diýip agzaýaryn. Makalanyň aşagynda, elbetde, toslanyp tapylan göze ilmeýän familiýany goýýaryn we prinsip boýunça gazetiň şol warsaky çap edilen sanyny satyn almaýaryn. Emma wyždan, ýa-da ony başgaça nähili atlandyrmaly, entek agyrýan ýeri ýene uzak wagtlap gaşaýar we onuň üstünden arz edýär.
— ...Hawa, onuň merhum ejesi şeýle arzuw edipdi, — diýip, maşgalanyň kakasy hyrsyz gaýtalady. — Karinanyň saz guralyna erk etmegi başarmagy... Hakyny bolsa özüňiz aýdyň.
— Bu ýerde puluň name dahyly bar! — diýip, men ýene öz sözümde durmaga çalyşdym, ýöne munuň eýýäm ähmiýeti ýokdy. Özüniň keramatly manysy bilen meniň ýaşaýşa durnuklylygyma ysmaz ýaly täsir edýän düşünjeler bar. Gyz ýetimdi, meniň geljekki boýun gaçyrmam bolsa peýdasyzdy. Men eýýam diňe bir bu gerekmejek zat bilen däl, eýsem, meniň üçin gutarnyksyz ejirli iş bilen meşgul boljakdygymy — gyzjagaza saz sapaklary berjekdigimi bilýärdim.
— Hany bolýar, — diýip, men lapykeç halda seslendim. — Göreris... Men şu gün soňurrak bararyn. Ilki siziň gyzyňyz bilen tanyşaýyn...
Ol begenjinden ýaňa ruhubelent ýagdaýda çalt gürläp başlady, düşnüksiz ýene bäş minut dagy gürledi. Men bolsa öz gezegimde mylakatly baş atýardym we eger ýigrenç çaşmak üçin sebäp bolup bilsedi, onda çaşmaga ýakyndym. Men ony, geljekki okuwçymy hem-de özümiň gowşak häsiýetimi ýigrendim. Emma hemme zatdan beteri-de men özümiň saz ugrundan alan bilimimi ýigrendim. Bu netijesiz ýigrençden ýaňa damagym agyrýardy we gözlerim gijeýärdi.
Agşam men gözüňi deşip barýan gyzyl reňkli dar girelgede durdum we on iki ýaşlaryndaky ýüzi gamaşyp duran gyzjagaz meniň üçin şypbyk gözleýärdi. Ahyrsoňunda ol gapynyň aňyrsyndan gözenek çyzmykly şypbygy çykardy-da, meniň öňüme oklady:
— Aýakýalaňaç durmaň.
Otagdan ak hüžžük saçly, ak sakally, örän nurana garry aýagyňy tarpyldadyp ýöräp çykdy, ýöne ol, akylyndan azaşana meňzeýär, sebäbi gyzjagaz ýüzüni çytdy we gaharly gygyryp goýberdi:
— Hany, saňa näme? Bar, git-de ýat!
Bu gojany men köp gezek görüpdim. Baharda, howa maýlap başlanda, uly ogul agtygy ylgap, köne wena oturgyjyny howla çykarýardy we näzik ýaşyl dona bürenip başlan üzüm agajynyň aşagynda ony goýýardy, soňra öýe ylgap girýärdi we serasaplylyk bilen gojany alyp çykýardy. Ol oturgyçda sagatlap oturardy. Injildäki pygamber ýaly nurana, hüžžük saçly, tahýaly ýaşuly irkilerdi ýa-da howluda bolup geçýän zatlara boş düşnüksiz nazaryny dikýärdi.
Goja maňa siňe seretdi we düşnüksiz dilde gysgaça bir zat sorady. Bu gündogar dilidi, ýöne özbek dili däldi. Men özbek dilini bilýän diýip biljek däl, ýok, ony bilemok, ýöne ony gulagym we kentlewügim bilen duýýaryn.
Gyzjagaz gygyryp goýberdi:
— Ýok, ejem däl! Bar, öz otagyňa git diýýän men saňa!
Men bärde başga-da bir kiçiräk gyzjagazyň bardygyny gördüm. Ol gapynyň söýesine gysylyp durdy we maňa ýuwaşja ýylgyryp seredýärdi. Onuň ýalpyldaýaýan dury gözleriniň garaýşy diňe mylaýym bolman, eýsem, söýgüden doludy. Ol özüniň bu garaýşy bilen töweregindäki ähli zada: maňa-da, gyz doganyna-da, akylyndan azaşan goja-da, gapynyň söýesine-de mähir bilen seredýärdi. Ol hemmäni, hemmäni söýýärdi...
Men oňa:
— Hany, salam, — diýdim. — Diýmek, men saňa saz çalmagy öwretmelimi?
— Ýok. Meni — diýip, ulujasy hümürdäp goýberdi. — Siz giriň, men häzir. Meniň ol ýerde kotletlem bişip dur...
Ol ýitirim boldy. Goja bir zada garaşýan ýaly geplemän, howsalaly ýagdaýda maňa seretmegini dowam etdirdi. Soňra kiçi gyzjagazdan ýene nämedir bir zatlary soraşdyrdy. Ol bolsa kellesini yrap, çalasyn ýylgyryp, maňa şeýle diýdi:
— Ýok-la, bu ejem däl. Bar, ata, gidip ýatsana... — diýip, goja gysmyljyrap, şol gündogar dilinde bir zatlary mylaýym gürläp, ony öýüň törüne bakan alyp gitdi.
Uly otagda köne diwan, bufet, birnäçe wena oturgyçlary, bildiriş boýunça satyn alnan bolsa gerek, ýüzi soýlan, gara reňkli “Oktýabr” pianinosy durdy... Şeýle seçekli, kagyz teňňeli telefon belgili bildirişler biziň azyk harytlary dükanymyzyň kese diwaryny tutuşlygyna örtýärdi.
Pianinonyň gapagynyň üstünde örän ýumşak tüýli, küljümek reňkli, ýabany gamgyn gözli pişik otyrdy. Men pişigi ol ýerden kowdum-da, gapagy galdyrdym we guralyň sazlaşygyny barladym. Golaýda sazlapdyrlar. Guralyň sesi tutuk ýaňlansa-da, ýöne durudy. Men pyrlanýan oturgyçda oturdym we şol wagtyň özünde guralyň ýalpyldysy meniň gamgyn, çagalygyň we yetginjekligiň hemrasy bolan gammadan kütelen keşbimi görkezdi. Biz bir ýyllap görüşmändik, uzak bagtly ýyl, onuň dowamynda men yekeje gezek hem guralyň ýanyna barmadym, ynha-da, duşuşdyk...
Wah, meniň gara reňkli adamym, gözleri gara hanaly alter egam, ýaňagy tutuk şuglaly, meniň uzaga çeken agyr ukym, meniň alasarmyk duýgym — hany, salam...
Ýatdan çykaran barmaklarym bilen minor akordyny aldym we aýagym bilen pedala basdym. Howada gynançly sazlaşyk yzgarly titräp gitdi. Şonda men ýadyma düşýän we mydama söýýän Şopeniň “Ekspomt-fantaziýa” eserini çalyp başladym. Bu näzik geň sazyň düre meňzeş halkalary, halkalary, ýüregiň töweregindäki halkalary, ondanam ýokardaky — bokurdagyň töweregindäki, ahyrsoňunda, möňňürilende çekilen tanap...
Birnäçe takt çaldym we bes etdim: bir ýyllap klawiatura galtaşmadyk barmaklarym protezli ýaly duýulýardy. Ynha, ol nälet siňen gadyrsyz senet, onuň doýmaz-dolmaz agzyna her günki köp sagatlyk, surnukdyryjy işi atyp durmasaň bolanok.
Meniň gapdalymda ýuwaşja dem alyp goýberildi. Gyzjagazlaryň kiçisi diwara ýelmenen kagyza — oboýlara arkasyny diräp durşuna, maňa mylaýymlyk bilen ýylgyrdy. Soňurak men onuň diňe bir öz ýakynlaryna — atasyna, doganyna, kakasyna däl, eýsem, predmetlere hem nebsiniň agyrýandygyny bildim. Hamana onuň kiçijik durky jahandaky ähli zatlara bolan söýgüden doly ýalydy, gözüne ilen ähli zady gujaklamaga, gysmyljyrap mylaýymlyk etmägi isleýärdi.
— Hany, näme? — diýip, men oňa sorag berdim. — Nämä ýylgyrýarsyň?
— Saz, — diýip, ol klawiatura ümläp, pessaýja aýtdy. — Owadan... Edil şarjagazlar ýaly pytrap ýaýraýar...
Ýöräp gelşine öňlügini aýyrýan uluja gyz aşhanadan çykdy. Men tegelek oturgyçdan turdum we elimiň aýasy bilen onuň egnine kakdym:
— Otur, — diýdim-de, özüm wena oturgyjyna geçdim. Karina boýun egijilik bilen oturgyja özüni goýberdi, büküldi, ellerini dyzyndan aşaklygyna goýberdi we pioninada görünýän öz keşbine tiňkesini dikdi. Bu gyzjagaz maňa kimdir birini juda ýatladýardy. Şeýle bir ejir bilen ýatladýardy welin, hatda men geçmişi külterlemek islemedim.
Men oňa:
— Ýokaryk galsana, — diýip ýüzlendim. — Saňa beýik bolýar. Hany, oturgyjy sazlaly.
Sazladyk... Ol ýene-de gulak asyp, ellerini dyzyndan aşak goýberdi we biperwaý halda öz keşbine, edil goja çopanyň uzak guraksy sähra surnugan garaýşy bilen seredişi ýaly çiňerildi.
Men oňa häzir ruhuny göteriji, adamkärçilikli haýsydyr bir hoşamaý sözleri aýtmalydym, sebäbi adamkärçilikli zada ol menden garaşmaýardy. Belki, ol başynda oturan saz guralynyň adynyň fortepýanodygy barada gürrüň berer diýip pikir edýändir... Ýok, ezizim, meniň ilkinji alan saz sapaklarym örän gowy ýadyma düşýär...




