Aprel ýamblary
Men ömür boýy diň saldym, nädip
Kiçijik çüwdürimde suw seslenýär
Howzuň gara düýbüne sepilip,
Kaştanlarda şemler nädip aýlanýar
Çirok bilen şol taýa dökülýär,
howza, sypjyk ýyldyz deýin
Aýralyk ýollarynda ot gaçyrýar.
Hemişe diýdim ajala: gerin.
Ine, geldim tanyşmaga — aprelde,
Şol aýazly hem güneşli ýylda,
Aý gök bulutdan çala jyklaýardy,
Ýyldyzlaram göçüp barýarkalar
Dumanly aýnada ýüzdi we ýandy,
Hamala gama aýdym aýtdylar.
Bir ýyl geçdi, hem, belki, geçendir
Synmaz ýylgyryşly bütin ömürde,
Ýöne bu ajal, ganatlaryn gerende,
Heniz arkada birleşdirilmedi,
Entek hoşlaşyk ýyldyzy kiçi,
Arçalaryň, sosnalaryň üstünden
Aýyň sessiz jaňlary ýüzüp dur şindi.
Kiçijik çüwdürimde suw seslenýär
Howzuň gara düýbüne sepilip,
Kaştanlarda şemler nädip aýlanýar
Çirok bilen şol taýa dökülýär,
howza, sypjyk ýyldyz deýin
Aýralyk ýollarynda ot gaçyrýar.
Hemişe diýdim ajala: gerin.
Ine, geldim tanyşmaga — aprelde,
Şol aýazly hem güneşli ýylda,
Aý gök bulutdan çala jyklaýardy,
Ýyldyzlaram göçüp barýarkalar
Dumanly aýnada ýüzdi we ýandy,
Hamala gama aýdym aýtdylar.
Bir ýyl geçdi, hem, belki, geçendir
Synmaz ýylgyryşly bütin ömürde,
Ýöne bu ajal, ganatlaryn gerende,
Heniz arkada birleşdirilmedi,
Entek hoşlaşyk ýyldyzy kiçi,
Arçalaryň, sosnalaryň üstünden
Aýyň sessiz jaňlary ýüzüp dur şindi.




