Owuntyjyklar

Listwennisa

Bu nähili täsin bag! Ony näçe görsegem — iňňe pürli, iňňe pürli, hawa. Diýmek, şol görnüşe degişli? Aý, ýok. Güýz gelýär welin, onuň ýanyndaky ýapraklylar ýapragyny döküp ugraýar, ölýän ýaly bolýarlar. Şonda — gynanç bildirip? sizi taşlamaryn! Meňkiler mensizem arkaýyn durarlar — olam ýaprak dökýär. Şeýle bir agzybir we dabaraly — güneş uçgunjyklarynyň ýylpyldsy bilen ýaprak dökýärler.

Ýüregi, özeni bilen ýumşak — diýmek bolarmy? Ýene-de ýok: onuň agaç dokumasy dünýäde iň ygtybarly zat, ony her bir palta alyp bilmez, suwda akdyrmak üçin hem galdyryp bolanok, suwa gadyrylsa-da çüýränok, baky daşa bolsa örän golaý berkidilýär.

Şeýdip, ýene gaýdyp gelýär, her ýyl duýdansyz bir sowgatly, mähirli ýylysy bilen gaýdyp gelýär, — bize ýene-de bir ýyljagaz puryja berilýändigini, ýene-de ýaşyl öwsüp başlamagyň mümkindigini bilmek — ýüpek ýaly iňňejikleriň üsti bilen özüňkilere dolanmak bolýar.

Şeýle adamlaram bar ahyryn.

Ýyldyrym

Men ýyldyrymyň agaçlary döwüşini öz gözüm bilen görmändim, diňe kitaplarda okapdym.

Ine gördümem. Tupandan, gündiziň günortany — ýyldyrym öwüşgini biziň penjirelerimizi ak altynyň reňki bilen gamaşdyryp goýberdi, şol bada bolsa, doly bir sekunta hem ýetmän, öýden iki ýüz-üç ýüz ädimlikde, ondan daşda däl — ýyldyry­myň äpet çakyşy.

Tupan geçip gitdi. Hut şeýle: golaýda, tokaý meýdançasynda. Ýyldyrym has uzyn boýly sosnalaryň arasyndan gaty bir uzyn bolmadyk lipany saýlapdyr — näme üçin? Ol onuň ýokarsyndan başlap, edil çur depesiniň biraz aşagragyndan, — ýyldyrym uzaboýyna, agaç sütüninden uzaboýyna, onuň janly we öz-özüne ynamly iç-goşu­nyň içinden geçip gidipdir. Güýji azalany sebäpli bolsa aşak baryp ýetmändir — ty­pyp gidipmi? gutarypdyrmy?.. Diňe ýakylan kök töwereginde toprak oýulypdyr, şeýle-de elli metrräge iri taraşalar atylyp gidipdir.

Sütüniniň ýarylan bir bölegi bolsa, boýunyň ortasyna çenli bir tarapa gyşarypdyr, bigünä goňşularynyň pudaklarynyň üstüne ýykylypdyr. Beýlekisi bolsa — ýene-de bir gün saklandy, nähili güýç bilen saklandy? — ol eýýäm büs-bütin jaýrylypdyr, bolup, zowwam geçýän ullakan deşik bolup garalyp durdy. Soň — olam öz tarapyna, ýene-de bir uzyn boýly uýasynyň gür şahalarynyň arasyna ýykyldy.

Bizi-de şeýle, käbiri: haçanda eýýäm wyždan jezasynyň urgusy inende, tutuş içiňden, tutuş ömür boýuna urýar. Beýle zatlardan soň, kim ýene durýar, kim bolsa ýok.

Ugliçiň jaňy

Bu täsin jeza berlip, dilinden we gulaklarynyň birinden jyda düşürilip, indi gaýdyp hiç haçan jaň hökmünde asylyp durmakdan mahrum edilen şol jaň hakynda biziň haýsymyz eşitmedi? Mundan başga-da — gamçy bilen saýylan, ýene-de iki müň wýorstdan aňryk, Tobolska, kolymagada sürgün edilen, — bu ganym ýüki hem tutuşlygyna, tutuşlygyna bu uzak ýere atlar äkitmediler, jeza berlen ugliçliler — olardan başga şol iki ýüz sany eýýämdöwlet adamlaryny parçalandyklary üçin jeza berlip öldürilenler (kiçi şazadany öldürenler) we şäherde bolup geçen zatlary özüçe düşündirmezler ýaly dilleri kesilenler öz eginlerinde çekdiler.

Sibirden gaýdyp gelýärkäm, Tobolskiniň kremlinde — sürgün edileniň yzyndan boşap galan ýekebara ybadathanada, men duşdum. Ol şol ýerde yzyna gaýtmak üçin günäsi geçilýänçä özüniň üç ýüz ýyllyk möhletini geçirip otyrdy. Ynha — men Ugliçde, Dmitriý-na-krowi ybathanasynda. Jaň bolsa, ýigrimi putlyk agramynyň bardygyna garamazdan, boýy bary-ýogy adamyň bilinden, bu ýerde hormat bilen berkidilipdir. Onuň bürünji gam çekmeden ýaňa çalaryp solupdyr. Onuň dili hereketsiz salla­nyp dur. Maňa-da kakmagy teklip edýärler.

Men — kakýaryn, bir sapar. Ybadathana-da bolsa şeýle bir täsin ses döreýär, ga­dymyýetden bize, biziň pähimsiz gyssanmaç we bulanyk kalplarymyza bu guýulýan çuňňur owazlaryň sazlaşygy şeýle bir köp manyly. Bary-ýogy bir kakuw, emma ýa­rym minut dowam edýär, ýöne diňe assa-ýuwaşlyk bilen dabaraly ýatyp — tä dym­ýança özüniň owadan köpowazlylygyny ýitirmän doly bir minutlap ýaň salýar. Pederlerimiz metallaryň syryny bilipdirler.

Şazadanyň pyçaklanyp öldürilendigi baradaky habaryň ilkinji pursatlary baş ybadathananyň ponomary özünden bilip içinden gapyny gulplap, kilesäniň jaňhanasyna okdurylýar, duşmanlar näçe girjek bolsalar-da, hut şu jaňda howp jaňyny kakyberýär we kakyberýär. Ugliç halkynyň agysy we gorkusy asmana göterilýär — jaň bolsa Rus üçin umumy gorky barada habar beripdir.

Şol gaty güýçli jaň sesleri — uly Betbagtlygyň çagyryşy — Ilkinji Pitnäni habar berdi. Ynha häzir nirededir bir bölünişikde, Üçünji Pitnäniň köreýän wagty bu horluk çeken jaňa meniňem kakmak nesip etdi. Nadip deňeşdirmän durup biljek: dört ýüz ýyl mundan ozalam, häzirem halkyň öňden görüjilikli aladasy — diňe tagta we ýykyp bolmaýan boýarşina tarap barýan nebsiňi agyrdýan päsgelçilik.

Jaň minarasy

Kim bir nazarda, bir garaýyşda biziň gark edilmedik Rossiýamyzy görmek islese — Kalýaziniň jaň minarasyny görmegi unutmaň. Ol baş ybadathananyň ýanynda, baý söwda şäheriniň merkezinde, Gostinyý dworynyň golaýynda durdy, onuň ýany­na meýdançyga söwdagärleriň iki gatly köşkleriniň köçeleri barýardy. Şonda hiç bir bilgiç tatarlaryň, polýaklaryň ýowuz talaňçylyklary başdan geçiren bu gadymy şäheriň özüniň sekizinji asyrynda kejeňek hökümdarlaryň bisowat erki bilen onuň üçden iki böleginiň Wolgada gark ediljekdigi barada aýtmandyr: ikinji bent ähli zady halas ederdi welin, bolşewikler oňa harajaty gysganypdyrlar. (Goýsana! — Moluga hem ählisi düýpde). Bu gün bolsa kenarýaka tarapda dur — hatda on iki gulaç ýere çümen, bu zorlanan Kiteži ýa-da Atlantidany öz hyýalyňda hem çykaryp bilmersiň.

Emma gark edilen şäherden beýik edip salnan jaň minarasy galypdyr. Baş ybadathanany partladypdyrlar ýa-da biziň gelejegimiz üçin kerpiç böleklerine bölüp dargadypdyrlar. Jaň minarasyny bolsa näme üçindir ýykyp ýetişmändirler, goragly ýaly bolup duran bu minara hatda düýbünden elem degirmändirler. Ynha indem mäkäm gurlan, ak kerpiçden salnan alty ýarusly ýokaryk inçelip (ýarym ýarusy suw alan) gidýän minara suwdan çykyp dur. Soňky ýyllarda hatda onuň aşagyny aýawly saklajak bolup, onuň töweregine suw geçurmeýän zatlary guýupdyrlar. Hiç hili gyşarman, egrelmän, bäş sany şemal çekip duran sütünli, soňra bolsa göge direýän lukowkaly we inçe gümmezli dur ol! Wiý, hawa, inçe gümmezinde — nähili gudrat? — haç abat galypdyr! Wolgada ýüzýän iri teplohodlaryň üstünden, ýokaryk, uzakdan seretseň ýarym ýarusa ýetmeýän, ak diwarlara pagşyldap urunýan tolkunlara palubalardan eýýäm elli ýyl bäri sowet ýolagçylary seredýärler.

Şol suw alan ýerden gyssagara göçürilenleriň eýýäm gyşaran öýjagazlarynyň duran gamly abat galan köçelerinden edil ýaranyň üstünden ýören ýaly bolup aýlanýarsyň. Kalýaziniň zenanlary, Wolga suwunyň ozaldan gelýän ýumşaklygyna we päkligine bolan köne wepalylygyny saklap, ýasama kenarýakada kirlerini durlamaga barýarlar. Ozalky kaşaň binalaryndan azajyk galyndylary galan ýarym doňan, döwlen, doly ýykylmadyk şäher. Emma bu boşap galan bärde taşlanan, aldanylan adamlaryň ýaşamakdan başga çykalgasy ýok. Ýaşamak bolsa — şu ýerde.

Olar üçin bolsa, olaryň ählisi üçin bolsa, kim bir gezek bu gudraty bärde gören bolsa: jaň minarasy dur ahyryn! Edil biziň umydymyz ýaly. Edil biziň dogamyz ýaly: ýok, Alla tutuş Rusuň doly gark bolmagyna ýol bermez...

Garramak

Ölümiň elhençdigi hakynda näçe ýazylypdyr, emma welin: eger zorlukly bolma­dyk halatynda, ol nähili tebigy zat.

Lagerde eýýäm heläk edilen, ýaşy bolsa otuzdan agan bir grek şahyry ýadyma düşýär. Ol bary-ýogy otuz ýaşdan geçendir-dä, emma welin eýýäm ölüme kaýyldy. Onuň mylaýym-gussaly ýylgyryşynda ölümiň öňüsyrasynda hiç hili gorky gorky ýokdy. Men haýran galdym. Ol bolsa: “Ölüm gelmezden öň, bizde içki taýýarlyk bolup geçýär: biz oňa taýyn bolýarys. Eýýäm hiç zat gorkuly däl” — diýdi.

Şonda bary-ýogy bir ýyl geçdi — men hem otuz dört ýaşymda munuň hemmesini öz başymdan geçirdim. Aý yzynda aýlap, hepde yzyndan hepdeläp ölüme garaşyp, öwrenişip, — men öz taýýarlygymda, bedenimden öňe geçdim.

Eger biziň uly ýaşymyz ýuwaş-ýuwaşdan ölüme eltende, şeýle bir äňsat, nähili aç-açanlyk. Garramaklyk — düýbünden Hudaýyň jezasy däl, onuň öz eşreti we özüniň ýyly reňkleri bar.

Güýç we häsiýet toplaýan çagajyklaryň şowhunyny synlamak gowy ýaraýar. Hatda, seniň güýçden gaçmaklygyňam saňa gowy ýarap bilýär, deňeşdirýärsiň: emma, diýmek, men öň nähili goşulýan üç atyň nähili ortakasy bolupdyryn. Uzak günläp işlemek eýgerdenok — aňyň arakesmesi bermekligiň süýji we gysga, soňra ýene ikinji we üçünji säheriň aýdyňlygy, ýene saňa peşgeş. Ruhy lezzetem bar — iýmitlenmekde çäklenmek, artyçmaç tagamlary gözlemezlik: sen entek diri, ýöne maddy zatlardan ýokary göterilýärsiň. Heniz gary eremedik baharyň ilkinji günlerindäki tokaýdaky geçiguşlaryň inçejik sesjagazy eşitmek — tiz wagtdan olary eşitmejekdigiň sebäpli, iki esse ýakymly, diňläp hezil et! Ýöne nähili uç-gyraksyz hazyna — ýatlamalar. Ýaşlar ondan mahrum, olaryň hemmesi bolsa seniň ýanyňda, säginmän, gijäniň gündize, gündiziň gijä haýaljykdan-haýaljakdan geçende olaryň janly bölekleri günde seniň ýanyňa gelýär.

Aýdyň garramak — bu aşak däl-de, ýokaryk gidýän ýol.

Ýöne garyplykda we sowukda garrylygy bermäweri, Hudaý.

Şeýdip — biz hem ençemeleri we ençemeleri taşladyk...

Ýaramaz melhem

Ekerançy näçe zähmet siňdirýär: däneleri möhletine çenli saklamaly, talabalaýyk ekmeli, peýdaly ösümlikleri miwelerine çenli ideg etmeli. Emma hapa-haşal otlar — diňe bir idegsiz-seredilmesiz däl, eýsem islendik idegiňgarşysyna, üstünden gülýän dek, — şeýle bir pajarlap ösýärler. Ýatda sakla nakyl: ýaramaz melhem topraga tiz siňmez. Näme üçin peýdaly ösümlikleriň elmydama güýji az?

Has gadymy zamanda-da, has häzirki günde-de adamzat taryhynyň çykgynsyz­lygyny görüp, — başyňy gamgyn aşak salýarsyň: hawa, bilmeli — bütindünýä kanuny şeýle. Biz hiç haçan, hiç bir gowy oýlap tapmalar bilenem, hiç hili zemini meýiller bilenem ondan çykyp bilmeris. Adamzadyň ahyryna çenli.

Her bir ýaşaýana diňe bir zat berlipdir: öz zähmetiň — özem kalbyň.

Säher

Gije biziň köňlümizde näme bolup geçýär? Seniň ukydaky hereketsiz ysgynsyz­lygynda ol (köňül) bu bedeniňden aýratynlykda, haýsydyr bir päkize giňişliklerden geçmek, geçen günüň dowamynda, hatda geçip giden tutuş ýyllaryň dowamynda onuň üstüne ýelmeşen ýa-da ony mürşerden ähli bolgusyz zatlardan boşamak üçin erkinlik alan ýaly bolýar. Yzyna bolsa asyl duw-ak gar ýaly bolşunda dolanýar. Saňa bolsa uç-gyraksyz asuda, päk säher ýagdaýy açýar.

Bu minutlarda nähili pikir edilýär! Göwnüňe bolmasa: häzir sen nähilidir bir duýdansyz aňyjylyk bilen hiç haçan bilmedik... bilmedik şeýle bir zada düşünersiň... Doňup galýarsyň. Hamala sende entek seniň özüňde görmedik, güman etmedik bir zadyň häziriň özünde ör-boýuna galaýjak ýalydyr. Şol gowy ösüntgini, baky suwuňel degmedik tekizligindenedil häzir süýşjek şol akja liliýajygyň depejigini sen demiňi alman diýen ýaly çagyrýarsyň.

Rahat bu pursatlar! Sen — öz-özüňdenem beýigräk. Sen haýsydyr bir deňeşdirilip bolmajak zatlary açmagy, çözmegi, oýlap tapmagy başarýarsyň — ýöne diňe öz-­özüňdäki bu kölüň tekizligini çaýkaman, oňa zeper ýetirmän bolsady...

Emma şol duýgur dartgynlygy haýsydyr bir zatlar tiz hökmany suratda silkeleýär, döwýär: käwagt kesekiniň hereketi, sözi, käwagt bolsa seniň öz ownuk pikiriň. Şeýdip — jadygöýlük ýitýär. Dessine — şol ajaýyp rahatlyk, şol köljagaz ýok.

Uzak günüň dowamynda-da näçe azap etseň-de, eýýäm ony yzyna dolap bilmersiň.

Onda-da her bir säherde bolanok.

Perde

Ýürek keseli — biziň ömrümiziň keşbi ýaly: onuň hereketi — tüm garaňkylykda, biz günüň soňunam bilemizok: megerem, ynha, bosagada bolmagy ahmal, — belki-de, entek tiz däldir.

Haçanda sende çiş howply ösýän bolsa — onda, eger öz-özüňi aldamasaň, gizlin möhlet hasaplamak mümkin. Emma ýürek derdinde welin — sen wagtal-wag­tal ýalandan sagdynsyň, sen höküme daňylgy dälsiň, sen hatda — hiç zat bolmadyk ýalysyň.

Bagtly habarly bolmazlyk. Bu — merhemetli peşgeş.

Ýiti derejedäki ýürek keseli bolsa — edil ölüme höküm edilenleriň kamerasynda oturan ýaly. Her agşam — garaşýarsyň, aýak sesleri gelenokmy? bu meniň yzymdanmy? Oňa derek her säher — nähili eşret! Nähili rahatlyk: ine Alla maňa ýene-de bir doly güni peşgeş berdi. Diie bir-ýeke-täk günüň dowamynda näçe, näçe zady başdan geçirmek we etmek mümkin!

Alagaraňkylyga

Biziň Günortamyzda örän ýaýran alagaraňkyda oturmak däbi gowy ýadyma düşýär. Rewolýusiýadan öňki döwürlerden alnyp gaýdylan, Raýatlyk urşunyň mätaçlik we howply ýyllary bilen ol has berkidilen bolmaga çemeli. Emma bu däp ondan öňem bar eken. Muňa günorta alagaraňkylyklaryň köp aýlyk ýylylygy eltdimikä? — köpler bolsa gomparýardylar: hiç haçan çyra ýakmaklyga howlukmaly däl. Entek gün ýaşmanka işlerinden, kim bolsa mallaryndan dynyp, ýöne ýatmaga gyssanmaýardylar. Jaýlaryň öňüne, köçedäki ýa-da howludaky sekilere çykardylar, ýa bolmasa ýöne otagda, onda-da aýnany açyp oturýardylar, ýagtylyk bolmasa, ownuk mör-möjekler hem uçup girmeýär. Olaryň biri, ikinjisi, üçünjisi ýuwaşjadan, hamala oýlanýan ýaly bolup çökýärdiler. Uzak wagtlap hem dymyp oturýardylar.

Biri gürläýse-de — pessaý, sypaýy, ara düşmän. Näme üçindir gürrüňlerde jedelleşmek, ýa-da birine ajy gyjalat bermek, ýa-da birek-birek bilen sögüşmek kellesine-de gelmeýärdi. Ýüzler — asla, soňra düýbünden görünmeýär diýen ýaly, — ine, olarda, seslerinde hem ýyllaryň dowamynda biziň gözden salan, haýsydyr bir näta­nyş zatlarymyzy görýärdik.

Hemmeleri nämedir bir zadyň bitewilik duýgusy, bize hiç haçan görünmeýän, gün batanyndan soň öçüp barýan asmandan ýuwaşlyk bilen düşýän, howada dargap gidýän, penjirelerden guýulýan, gündiziň başagaýlygynda üns berilmeýän, ýaşaýşyň çuňňur wajyplygyny, onuň doly açylmadyk manysy bolan zat gurşap aldy. Elden gidirilýän syra biziň galtaşmamyzdy.

Horaz aýdymy

Biz öz adamsyzlaşan, çöken, ölüp başlan obalarymyzy ýatlamagy hem ýatdan çykardyk, nesiller bolsa hiç haçan horazyň günortanky köpowazly gygyryşlaryny eşitmedi. Howludan howla, köçelerden geçip, obanyň çetinde, güneşli tomusda — ýeňişli ýaşaýşyň bu hory ajaýyp.

Ýüregiňe rahatlyk indirýän zatlaryň sany öte azdyr. Hiç bir başagaýlykly owazlar bilen gatyşmadyk — bu arassa, titreýän, şireli, güýçli heň bize eşidilýär, tutuş şu töwerekde — abadan dünýä, pozulmaýan rahatlyk, şeýdip şu günki gün şu ýere ýetdi — indem näme üçin ol şeýdip aňryk gitmeli däl? Öz ýagşy işleriňiz bilen boluberiň.

Ynha şu ýerde bir ýerlerde ol buýsanç bilen, ak-mämişi reňkli, meşhur rysarlyk gyzyl kekeji bilen iki ýana ýöräp ýör.

Gussasyz görünýär.

Bizem — şeýtsedik.

Gijeki pikirler

Lagerde başgaça: uzak gün süňkleriňi kül-uşak edýärsiň, ýaňybir saman ýassyga başyňy goýarsyň — “Tu-u-ruň!” diýen sesi eşidersiň. Şeýdip — saňa hiç hili gijeki pikirler.

Hazirki zaman, üznüksiz hereketli, dartgynly, gaý-da-gaýmalaşykly durmuşda bolsa, — pikirler günüň dowamynda bişip ýetişmän we ýerbe-ýer edilmän, soňa goýulýar. Gijesine bolsa — özünkini alyp bolmak üçin, gaýdyp gelýärler. Seniň aňyňdaky perdede hatda çalaja yş açyldygy — olar seniň ýasy içiňe biri-birini öňürdip, okdurylýarlar, okdurylýarlar. Olaryň içinden haýsydyr bir has awulysy, has ýitisi, beýlekilerden öňe geçip, dişlemek üçin towlanyp dur. Seniň çydamlylygyň, seniň mertebäň bolsa — şol tüweleýlere baş bermez, emma gara akymy ele alar we sagdyn etjek zada tarapa gönükdirer. Elmydama pikir, onda-da biri hem däl, bar, ol edil ýader reaktorynyň partlamazlyga ýol bermeýän sterjeni süýşürişi ýaly, asudalygyň esasyny berýär. Diňe şeýle esasy, halas ediji Hakyň şöhlesini tapmagy başarmaly ýa-da hatda şonuň bardygyny öňünden bilmeli — şodanam ýapyşmaly. Şonda kalp we aň arassalanýarlar, şol tüweleýler güm bolýar hem-de ukusyzlygyň birahat göwrümine ýagşy, iri pikirler girýär. Gündiziň başagaýlygynda olara eliň degýärmi näme?

Ukusyzlyga ýene-de şunuň üçin sagbolsun aýtmaly: şol nukdaýnazardan hatda çözülmejek zatlaram çözüp bolýar.

Öz-özüňe häkimlik etmeklik.

Merhumlary hormatlamak

Ol — keramatly durmuşyň adamlarynyň beýik pähimdarlygy bilen bize goýlan miras. Bu niýete düşünmek — haçanda biziň ýakynlarymyz, mähribanlary­myz, dostlarymyz bilen gurşalan gujurly ýaşlyda bolanok. Emma — ýyllar geçdigiçe.

Ene-atalar otüp gitdi, ýaşytdaşlaryň gidip başlaýar. Nirä gidýärler? Bu — düşünilmejek, akyl ýetirilmejek ýaly, bize berilmedik ýaly bolup görünýär. Emma şeýle bir anyk öňdengörüjilik bilen ýagty saçýar, bize ýalpyldaýar, olar — ýok, ýitip gitmediler.

Biz dirikäk mundan artyk hiç zady bilmeýäris. Emma olaryň ruhlaryna bagyşlanan dogalar — bizden olara, olardan bize — duýulmaýan — bütindünýä möçberindäki, çäksiz ýakynlygyň arkasyny geçirýärler. Ine olar, elläp göräýseňem boljak. Olar tanalanylanok, ozalkylary ýaly, şeýle adaty. Emma — ýaşy boýunça bizden yza galanlar: käbiri ozal bizden uly bolanlar, olar eýýäm bizden ýaş.

Ünsüňi bir ýere toplasaň, hatda olaryň jogabyny, päsgelçiligini, duýduryşyny hem aňyp bilersiň. Senem olara öz zemin ýylylygyňy iberýärsiň: belki-de, bizem bir zat ýardam ederis?

Duşuşygyň hem wadasy.