Ýewgeniý Popow

Popow Waleriý Georgiýewiç (1939-njy ýylda doglan) — kyssaçy, şahyr, ssenariýaçy. RF-iň Hökümet baýragynyň (2013), Sankt-Peterburgyň Hökümet baýragynyň (2014), “Uly kitap” baýragynyň we beýlekileriň eýesi.
Kazanda dogulýar. Leningradyň elektrotehniki institutyny tamamlaýar, inžener bolup işleýär. Bütinrossiýa döwlet kinomatografiýa institutynyň ssenariýaçylyk fakultetini tamamlaýar.
Ilkinji “Öňküden günortorakda” atly hekaýalar ýygyndysy 1969-njy ýylda çap edilýär. Otuzdan gowrak çeper we dokumental kyssaly kitaplary çap edildi: “Erbetleriň gowusy”, “Кömelekçiler pyçakly gezýärler”, “Syýa perişdesi”, “Ýeňşiň elhençligi”, “Magdalinanyň Ýewangliýesi”, “Üçünji dem”, “Durmuş ugruna boldy”, “Özgeriş döwründäki durmuş”. Birnäçe ssinariýa ýazýar. “Ajaýyp adamlaryň durmuşy” seriýasynda Dmitriý Lihaçew we Sergeý Dowlatow hakyndaky kitaplaryň awtory . Popowy Andreý Bitowyň we Sergeý Dowlatowyň çykan kyssaçylaryň “Leningrad mekdebine” degişli edýärler. Onuň eserlerine tragikomediýa, grotesk häsiýetli; onda durmuşy suratlandyrma duýgy hyjuwy bilen, beýanynyň gyzyklylygy bolsa toba bilen utgaşýar.