Berýozanyň ikatýogy söhbet açmaz gyşyna...

* * *

Berýozanyň ikatýogy söhbet açmaz gyşyna.
Ahmal meniň agralandyr gulagym hem-de huşum.
Hudaýyň ejesi, hasratda şepagatçy, maňa
rehim et — başga hiç hili doga ýada düşenok.

 Barýarkam mekdebe, walkalar derýaga kakýardy,
menem nally ädikli urardym köprüjiklere.
Maýyp bir kirişlini derýaň ýanynda çalýardy,
saza goşmaga jan edýärdim, aý, boldy, oňaýsyz,
çünki ömür gara şaýlyk — onuň biderek bary,
çünki düşüp samolýotdan mündüm men samokata,
ýaşlykmy günäkär, ýa misserşmitmi, ýa medsanbat,
berýoza ikatýogy bolsa açmaz gyşda söhbet.

 Köprüjiklere, basyşdyryp ak tagtajyklara
barýardym mekdebe, gapdalymdan bolsa ötýärdi
haýsydyr bir ömür, mat-maçeha hem gülleýärdi,
germew bejerilen, mellek agdarylan ýerlerde,
kinoçy Gulin bolsa örän çalt krosword çözýärdi,
pälwan diýip tanalan sazdan halypa Tade hem,
mydama öz gutusynda baýan däl, kerpiç çeken,
asla beden üçin däl, janly ruh üçin, howany
“Eşegaryň uçuşy” opusda titretmek üçin.

 Takdyr! Ine ol — golaý ýaşamak we bolmak bärde.
Soň barymyzy bir-birden elterler gaýynlyga,
Ikatýogam guguldar hem wagt dymar çolalykda...
Hudaýyň ejesi, derde Şepagatçy, rehim et!