Ýene elegiýa
Hakykatdanam sen? pikirlenipdim men
duralgada düşüp 37-nji tramwaýdan,
edil ýaňyja bolan şol ýeriňde, ýagmyrdan
ala köçe henizem bugarýardy, seneden
saklanýan, pasyl bolsa hiç aý bolupdy maý,
hakykatdanam sen? nazaryň oturan adamlaryň
üstünden geçdi we düşdi meniňkä, we
37-i tramwaý siltäp durdy, galgady gök plaşyň,
çaga boýnuň açyp, men hem şonda düşüpdim
şol bir wagtda gelip özüme, ýöräp barşyma
hakykatdan senmi diýmegi zol dowam edipdim,
walidoly tapjak bolup tümde, ne howany,
ne haýsy gün bilmän, azyndan bir ýylrak,
ýatyrdyň şeýle ümsüm we uzakda, degmäge gorkup,
— studiozus, soňra gygyrypdym, sen tentek,
bir tramwaýa münüp we sowa düşülermi,
elmydama haýsydyr bir ýana Lefortowa
tarap, saňa bolsa hemişe saga sowulýan,
kime ýyllaň jümmüşinden jyrlaýar jaň ýa
näme ol, el telefonmy? — parhy ýok — durma, aňkaw,
ýolda, eger-de bilmeseň geljegi! — ukudan
açylman edýärdim pikir garaňkyda, senem
ýanymda, ýanymda, 37-däki nätanyş —
jenan senmi? — aýalym, ýene bar, söze sygmaýan,
ýiti nazara ilmeýän, ýöne alamaty
ýaly gutulgysyzlygyň zat bardy we habary
bolup aýna üfledi, hem sene anyklady,
dört bäşlik şaýa ýa-da iki obola deň bolan,
sebäbi rimlileň-rimli dälleň elegiýasynyň
wagty ötdi, möwriti irden däl-de gijedi,
ýöne seň ýüzüňi, urýan damarly çal çekgäňi
göremde, ezizim, sen ynanarmyň, hemme
zat yza tesýär — ýadawlyk, ýyllar, newroz,
güýjeýän garrylyk we keselçilik sistollary —
ähli zat gidýär, diňe seň saçlaň ysy
eliň aşagynda örän owadan çözlenen,
olary gizlin kesip gara günler belligi
edip gymmatbahaly tumar-kitapda goýsaň,
hoşboý ys, diňe ol saklaýar, aňyrdakyny,
bu kitaby nirä goýsaň, näçe ysgasaň, kän
tüýkülikläp agdarsaň, wesýet deýin, däl bir,
iki gezek däl okalany, goşgulap tutuldy ýat,
barybir ol syr, elbetde özboluşly soňy,
oňa çenli hiç hili bellik ýetmez hiç-haçan,
sebäbi soňy ýok, umuman, ýok sözem,
bu depressiýanyň görnüşi, beýniniň boş gaýnamasy:
gijräjik duşduk? ýöne biz duşuşdyk, bolsa söýgi,
ýol. Stalin ýazypdy, ýeňip bilýär we şuňa meňzeş,
diňe bir umyt, özdiýenli däl serdarlarymyz,
öz ajalňa, öz düşegiňde ölmäge goýarlar,
ýeňillik dälmi, haçanda ölüm howply deşik öňdekä,
Hudaýym, diýýärin, çyndanam Sen bärdemi, çyndanam
puryja berýäňmi, ine seýil baglaň ýadady,
bar, gaýyp ýüp egirmäge — ol bärde nä, deşik dälmi? —
ýöne joram ýanymda, sen ony daňdan oýarma,
ol daňdan süýji uklaýar, tramwaý hem geçip gitdi.