Wladimir Liçutin

Liçutin Wladimir Wladimirowiç (1940-njy ýylda doglan) — kyssaçy, publisist. Rossiýanyň Uly edebiýat baýragynyň (2006), RF-iň Hökümet baýragynyň (2011) we ençeme beýleki baýraklaryň eýesi.
Arhangelsk oblastynyň Mezen şäherinde ata-baba pomorlaryň maşgalasynda eneden dogulýar (Zapolýarýanyň kartasynda Liçutina diýen ada bar). Kakasy frontda wepat bolýar. Tokaý-tehniki tehnikumyny, Leningradyň döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini, Ýokary edebiýat kurslaryny tamamlaýar.
“Ak gornisa” atly birinji powesti 1972-nji ýylda çapdan çykýar. Liçutin “oba kyssasynyň”, onuň demirgazyk şahasynyň wekili hökmünde eser döredip başlaýar, pomor daýhanlarynyň durmuşyny aýdyň we özboluşly beýan edýär. Soňurak häzirki zaman psihologik romanlar, “şäher kyssasy” ýüze çykýar. Uly göwrümli taryhy “Bölünişik” (Rus kilisesiniň XVI asyrdaky bölünişigi hakynda) atly trilogiýasy uly waka bolýar. “Bölünişik”, şeýle hem “Sergezdan”, “Lýubostaý”, “Miledi Rotman”, “Jennetden gelen gaçgak” we “Hudaýa garaşyp” ýaly beýleki romanlary, şeýle-de “Düşündirip bolmaýan köňül: rus halky hakynda oýlanmalar” atly ýygyndysy okyjylar tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar.
Liçutiniň döredijiliginiň merkezinde — rus häsiýeti we Rossiýanyň ruhy tebigaty boýunça derňewler. Onuň kitaplaryny “öz ýagdaýyňy aňmagyň milli tejribesi” diýip atlandyrýarlar. Tankytçylar Liçutiniň täsin “sesli keşde nagyşlaryny” belleýärler — onuň dili “hal­kyň çeper sözüni” we “köne däpçilik döredijiligini” eredip birleşdirýär.