Aleksandr Solženisyn

Solženisyn Aleksandr Isaýewiç (1918—2008) — kyssaçy, publisist, dramaturg, şahyr, jemgyýetçilik işgäri. Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi (1970).
Ol Kislowodskide dogulýar, Rostow-na-Donda ösüp-ýetişýär. Rostow uniwersitetiniň fizika-matematika fakultetini tamamlanyndan soň, Moskwadaky Filosofiýa we taryh institutyna okuwa girýär.1943-nji ýyldan frontda bolýar we ordenler bilen sylaglanýar. 1945-nji ýylyň fewralynda sowet hökümetine garşy pikirlerde aýyplanyp tussag edilýär, azatlykdan mahrum bolýar we sürgüne iberilýär. Azatlyga çykanyndan soň, ol Wladimir oblastynda oba mugallymy bolup işleýär. 1957-nji ýylda reabilirasiýa edilýär.
Onuň ilkinji “Nowyý mir” žurnalynda çap edilen neşirleri — “Iwan Denisowiçiň bir güni” hekaýasy we “Matrýonanyň howlusy” atly powesti sensasiýa bolýar. Edebiýatda ilkinji gezek GULAG temasy agzaldy. Tiz wagtdan soň Solženisyny çap etmän ugraýarlar, samizdatda we daşary ýurtlarda sowet ulgamy baradaky tankydy we neşirleri üçin SSSR-den çykarylýar. Watanyna diňe 1994-nji ýylda dolanýar.
Solženisynyň ähli iri eserleri belli edebi-jemgyýetçilik hadysasyna öwrülýär: uly göwrümli “çeper ylmy-barlagynyň tejribesi” bolan “Arhipelag GULAG” hem, “Ilkinji hatarda”, “Rak korpusy” romanlary hem, rus rewolýusiýasy we onuň ruhy kökleri baradaky “Gyzyl tigir” atly örän uly epopeýa hem, şeýle hem memuar-gündelik kyssasy we filologik öçerkleri hem.
Öz kitaplarynda Solženisyn XX asyr Rossiýanyň taryhy baradaky şahsy konsepsiýasyny görkezýär. Onuň ylmy-barlaglarynyň baş temasy — taryhyň dartgynly pursatlarynda milli rus häsiýeti.

Հեղինակի ստեղծագործություններ

1 ստեղծագործություն