Ýadymda, çagakam meniň şokoladdan atym bardy...

* * *

Ýadymda, çagakam meniň şokoladdan atym bardy,
äpet, otuz santimetre golaý, öýdýän, gerşinde, gadymy
ütügiň agramynda, ýöne, soň bolsa bilindi
içi düýbünden boş eken. Boş bedenli, manysynda.
Ony üç ýaş toýuma daýzam maňa edipdi sowgat:
işleýärdi DSM-de, şondan alypdyr, bufetden.
Aty ýürekden söýüpdim, hem gysganyp, hem hyjuwly,
özüm iýmäge ret edemokdym we başgalara bu
hakda pikir hem etdirmeýärdim. Umuman, bizde atym
ýaşady ýarym ýyl, tutuş kakady, görgüli, çal çaň
basdy. Soňra bolsa pişik penjiräň öňünden gaçyrdy —
bilgişleýin etdi, öýdýärin, Murkamyz gabanjaňdy.
Biz galyndylary topladyk, ýuwduk wederrew iýdik.
Emma men dynman agladym, ýöne barsy bilen iýdim...
Näme diýseňem bu birhili geň zat — söýgi.
Geň zat!