Gamlet
Gennadiý Aýgä
Sahnalar öwrüldi syçan gapana,
perde hem ýapylar edil häzir...
Söz täsin endigi bilen aňk edýär —
öz bogaz gurluşyn görkezmek üçin,
ýene dereksiz bir zat aýtmak üçin...
ol agzyn açan bada zal doňýar.
Pikir modal işligne deň gurady,
heläk boljaklaň sanawy hem başlandy.
Ol bogaz ölleýär şol garyndy bilen,
polat tyglary berkiden awy bilen...
Sungat näme? — diňe ölüm bilen söweş.
Edil söýgi deý. Söýgä görä, pugtarak.
Sahnalar öwrüldi syçan gapana,
perde hem ýapylar edil häzir...
Söz täsin endigi bilen aňk edýär —
öz bogaz gurluşyn görkezmek üçin,
ýene dereksiz bir zat aýtmak üçin...
ol agzyn açan bada zal doňýar.
Pikir modal işligne deň gurady,
heläk boljaklaň sanawy hem başlandy.
Ol bogaz ölleýär şol garyndy bilen,
polat tyglary berkiden awy bilen...
Sungat näme? — diňe ölüm bilen söweş.
Edil söýgi deý. Söýgä görä, pugtarak.





