Ýuwaş zenan lirikasy

Bu tutuş ýuwaş zenan lirikasy,
ýuwaş diňe bir wagta çenli,
birden topulmak üçin, azgyrylmak üçin,
böküp goýbermek, ýere mynjyratmak üçin.
Ine ol uzyn dyrnaklaryn ýiteldýär,
reňkleýär pitneçil öz agzyny,
hem buýrasyn söweşjeň görnüşde saraýar,
döwük çyzyk bilen — gaşyny.
Gözýaşlar we iňňildiler, nalyşlar, zeýrençler, —
rehimsiz takdyrjygy näletleýär;
görgüli rifmalar — agsak hem azaşan
hatara durzulan meýdanda.

Onuň baky ýazy bar — wadaly,
güýzi solan ýaprakly.
Ýeňiş äheňi, hoşlaşyk guwanjy,
hem umytlylyk ýuwdumy.
Bu ritorika, bu isterika,
gormonlaň gowry: wagt boldy!
Ah, nähili gorkuly beýle newrotika
çal kölegeli oýun.

Eros hem şol — gorkdy hem bukulýar —
özüne derek — meňzeşini
iberýär jezalandyrmaga — ynjygy, bolgusyzy:
karamçyny we ahlaksyz adamy.
Sorarsyň — sende nireden bu älem-jahan
tümlügi, kim günäkär?
Bularyň hemmesi — ýuwaş zenanlaň lirikasy,
tutuş bu dowzah.