Gyz ýygyny

Katýa guwanýar, onuň adamsy hormatly, onda bar mümkinçilik; Lena guwanýar, ýeke özi çagasyny ulaldýar, dünýäden hiç zady talap etmän; Sweta guwanýar, onuň hünäri bar we ýokary hak tölenýän wezipesi; Tanýa guwanýar, onuň özüniň hususy, goşlary örän gelşikli goýlan bar öýi. Başga zenana gitdi hormatly äri Katýaň. Ýyllar geçýär, ýöne adam ýok baha berere bekän synaglaryň içinde batyr ruhuna Lenaň. Sweta, häsiýeti gabat gelmän, işden çykdy — gezýär uzakly gün halatda. Birhili tukatlyk hem ýalňyzlyk öýünde Tanýaň. Olar her ýyl gyz ýygyn edýärler Sekizinji martda. Katýa getirýär şirinnan we pirožny, Lena — peýnir bilen serwelat, Sweta — gowy çilimleri hem joşgun üçin kagory, Tanýa bolsa goýýar näzirki zaman sazyny, bezäp saçagy gowrulan towuk hem salat bilen. — Ine, aýdýarlar, Gadymy Gresiýada, — diýip, başlaýar biri, — bir ada bolupdyr, onda diňe zenanlar-amazonkalar ýaşapdyr, olar erkekleri öz ýanlaryna golaý-goltumlaryna hem eltmändirler, tötänleýin tupanyň eltenlerini hem, öldüripdirler duran ýerinde! Bu gürrüň döretdi şowhun, göterdi keýpi: gürleşdiler grek danalygy hakynda, diňlediler konsertin estrada ussatlaň hatda özleri tans hem etdiler we pikir alyşdylar indiki nesil hakda, pirožnylar hem buterbrodlar süpürdiler reňkin baýramçylyk pomadalaň. Hoş, sag bol, Katýa, — öýüň öçügsi çyrasynda ajaýyp görünýäň! Hoş, sag bol, Lena, — sen ýene trolleýbusa münmeli, soň bolsa — boş ýatan ýeriň içinden gorkýan ädimjik bilen! Hoş, sag bol, Sweta, — saňa saga, soňra çepe hem — garaňky doňan park bilen! Hoş, sag bol, Tanýa, — sen entek iýilmän galan pirožkaly tarelka ýuwmaly!..