Iheýuan Tomus köşgüniň Asudalyk zalyndaky imperator tagtynyň ýanynda

Alty ýaşly oglanjygy
öýdeniçerleň ökde elleri
seresaply we yhlas bilen bezeýär:

geýdirýärler altyn reňkli
ýüpek balajygy aýajyklaryna
şeýle-de köýnejigi hem bedenjigine

öňünde tans edýän aždarha
bulutlaryň içinde keşdeli salnypdyr,
üstünden bolsa, jaň ýaly ýeňlije

gyralary tüýli parawuzly
egne atylýan plaşjagaz geýdirýärler,
kellejigine ýasy telpejik geýdirýärler, —

şeýdip! — oturdýarlaram tagtda
sarymtylrak pombarhat tikilen, —
ýüzjagazynda gulagyna çenli ýylgyryş

ýaýrap uzap gidýär
gözjagazlary mekirje gülýär,
emma hetdenaşa aladasyz şatlyk

basym tamamlanýar: bulanyp,
nazary jansyz we öçük görünýär,
gaşlary çytylyp ýowuzlaşyp ugraýar

ýene-de birazdan —
gaharly ýaňaklary gyzarýar,
buýruklary berip başlamak isleýär,

duşmana goşun ugradýar,
öldürmek we günä geçmek bikanun,
rehimsiz gozgalaňy ýatyrmak,

ýok edilmegini goldamak
ýat kitaplaň, gulak hüşerdip
öwgüsine ýaranjaň raýatlaň, —

üç minut geçmedi,
tagtdan göz dikýän hökümdary
çekip düşürýärler, — nobaty ýetdi

onuň yzyndakyň, — oňa bolsa
ýadygärlik galar diňe onlarça
örän ajaýyp hilli fotosuratlar.