“Suw” sözli üç altylama

Bankajyk ýaly, boş, gapdaly
galyň gyraňly asmandan suwy
guýup goýberdiler süzgüje.
Ähli dyky-hasalar berk däl —
haýaljakdan süýşýär, tä düşýänçä
dört ýol üstdäki gara, şu ýere.

Biz ýaşaýarys, ösümligi
deý deňziň, düşnüksiz boş diwarly
asmanyň elek bilen suw
daşalýan düýbünde. Zyrp edip —
päkili guşakda—töwerekden
uçýar ýollanmadyk otlular.

Haçan tigirleň tykyrdysy
nirededir bir çet ýerde doňýar,
her damjada suw öçürilýär.
Şonda çopan bizi çykarýar
baýyrdan gara köwde dem alýan
seretmäge altyn şäherleň.