Pişik
Anna Anatolýewna bütin ömrüniň dowamynda birtopar itlere, geçilere, esasan, pişikleriň urkaçysyna we erkegine at berip, muňa oýlap tapmaga eýýäm onuň güýji ýetmedi. Tüýüniň reňkine görä “Çal” diýip at goýdy.
Bir gün ol heniz kiçijik pişijek wagty gelip goýberdi — ol erkekmi, ýa urkaçy düşüner ýaly däl — naýynjar öýe girmegi sorady. Şol wagt gyşyň öň ýany diýilýän döwürdi. Gar ýokdy, kä ýerde haşal otlar gök öwüsýärdi. Gündiz Gün gyzdyrýar, emma ol ýaşaýsa, ýa öňüni ýeňiljek bulut bilen ýapaýsa, howa iniňi tikenekletýärdi, ýer bolsa bir gijede gataýardy.
Şeýlelikde, şeýle iniňi tikenekletýän howaly agşam ol Anna Anatolýewnanyň ýanyna gelip, öýe salmagyny sorapdyr. Ol kowdy welin, ol bolsa ýat howla azaşyp giren beýleki pişikler ýaly, gaçyp gitmedi, basgançagyň gyrasynda oturyberdi. Oňa gorkusyz we pişik uýatsyzlygy bilen seredýärdi. Birhili agyr ýagdaýa düşüp, öz deňine ýaly seredýärdi, gözleri bilen bolsa “Kömek et!” diýýärdi.
Anna Anatolýewna pikirlendi, soň ony ýeňsesinden tutdy, biraz saklady. Pişik çaga, aýaklaryny, ellerini gysyp, boýun egijilik bilen sallanyp durdy, oňa seretmegi dowam etýärdi. Indi gözleri bolsa “Sag men, sag...” — diýýärdi. Anna Anatolýewna ony basgançaga goýdy we gapyny açdy. Çaga pişik girdi. Şondan bäri ikisi bile ýaşaýardy.
Oý uludy — alty diwarly, iki peçli, ýyly we sowuk iki dälizli. Töwerekde kyrk sotka ýer bardy. Hammam, tomusky aşhana, mal ýatak, zawoznýa, odunhana, parnikli we teplisaly derslenen mellek. Bireýýäm hiç kime gerek bolmadyk uly baýlyk. Anna Anatolýewna hem gerek däl. Hatda beýik basgançagam gaharyňy getirýärdi — günde ýigrimi gezek ýaly üstüne çyksaň, aýaksyz galarsyň.
Garyndaşlar ýitip gitdiler. Deň-duşlar ölüp gutardy. Anna Anatolýewna bireýýäm ölüme garaşýardy, ýöne ony çagyranokdy. Her täze güne ýuwaşja begenýärdi. Öz melleginde iş tapýardy. Telewizory beperwaý görmeýärdi, ýa onda görkezilýänler bilen sögüşerdi, ýa ylalaşyp, betbagtçylyga düşenlere duýgudaşlyk bildirerdi, ogrulary we banditleri tutanlarynda begenerdi.
Emma uka gitmegi welin kyndy. Ýadandygyny duýýardy, uky güýç berer, onda garaňky gije çaltrak geçip gider, soň bolsa ertir, günjagaz, we işler bolar, ýöne basym uka gidip bolmaýardy. Ukusyny bütinleý gaçyrýan, hemmesem erbet, ajy ýatlamalar basýardy. Goýy dumanyň hapany, çüýli tagtalary, ýiti burçlary we göresiň gelmeýän we ägä bolmaly beýleki zatlaryň üstüni açyp birden ýitişi ýaly ýitýärdi...
Geçmişde erbet zatlar köp bolupdy. Nämedigini oňly duýup hem ýetişmedik ýagalynda — ululara hojalykda kömekleşmelidi, kiçi oglan we gyz jigileriňe seredişmelidi, ýene-de öý işlerini hem edip ýetişmelidi. Soň Anna Anatolýewnanyň basym taşlan etrap uçilişesi boldy — geljekki reňkleýji-suwagçynyň käri ony özüne çekmedi. Bärik gaýdyp geldi, ferma sagymçy bolup işe durdy.
Şol wagt maşyn sagymyny girizýärdiler, sagymçylar ak lukman ýaly ak ýektaýda gezýärdiler, sygyr ýataklar arassa saklanýardy, gara mallara seredýänler sanitarlary ýarladýardylar. Umuman, tas kyrk ýyl ol gowy işledi. Dagaýança, çökýänça pensiýa çykyp ýetişdi. Indi bolsa ferma bireýýäm boş. Sygyr ýatakdan diňe diwarlar galdy. Uzyn, çal, üçeksiz...
Maşgalasy bardy. Üç çaga — iki oglan bir gyz. Olar häzir hem bar, ýöne özlerem eýýäm garry diýen ýaly. Her ýyl tomus ilki diňe özleri, soň gelinleri we giýew, soň agtyklar bilen gelinýän wagt, görýän welin, hemişelik gutarypdyr. Käwagt kimdir biri gelýär, ýöne gysga wagtlyk, islegsiz bolara çemeli. Borç hökmünde. Agtyklar ulaldy, obada olaryň içi gysýar, hapaçylyk, çybyn çakýar, hajathana daşarda... Öz ýanlaryna ýaşamaga çagyrýarlar. Ýöne ýene-de borç hökmünde bolmagy ahmal.
Anna Anatolýewna öz öýüni taşlasy gelenokdy. Has dogrusy, hemişelik göçüp giderin ýa-da köp wagtlyk bu ýerde bolmaryn diýen çynlakaý pikir hiç haçan onda döremeýärdi. Iki gezek kiçi oglunyňkyda, welaýat merkezinde bolupdy. Şol günler hem onuň üçin uzak we boş bolup görnüpdi, hatda gyz agtyjagyna seretmegem ony begendirmedi. Nädip öýüň içinde ýaşamalydygyny ol göz öňüne getirip bilenokdy. Onuň ýa ertirden agşama çenli girelgäň ýanynda sekide oturan, ýa ýedigat jaýyň etegindäki gülçanajygy-klumbojygy, bagjagazy ýalaýan ýaly edip arassalaýan kempirlere nebsi agyrýardy.
Anna Anatolýewna “Size bir öý, mellek, heriňize bäş sany towujak bolsady” diýip, öz ýanyndan maslahat berýärdi. — Ýogsam işsizlikden igleýärsiňiz, dälireýärsiňiz. “Işsiz” sözüni hakydasynda ýazgarma bilen däl-de duýgudaşlyk bilen aýdardy.
Özi onuň her gün bir zat ederdi. Ýygy-ýygydan hökman däl, käwagt bolsa düýbünden artykmaç ýaly işleri ederdi. Ýöne gymyldamagy bes etse — halys boljagyny, näsaglygyň gurşap aljakdygyny bilýärdi. Towuk saklaýardy. Ýa bäş, ýa ýedi. Ýumurtgany dükandan satyn alanyndan, ýa goňşularyň birinden satyn alanyndan dänä puly, gümansyz, köp sarp edýärdi. Emma towuk ketegi boş gözüniň öňüne getirip bilmeýärdi. Her aprel goňşy etrabyň guş fermasyndan gelen erkek adamyň:
— Towuk gerekmi? — diýen soragyna:
— Alaryn, alaryn, — diýip, jogap berýärdi.
Towuklar hemişe mejalsyzdylar, ýeleksiz diýen ýalydy. Eger biri ýumurtga guzlasa-da, süýji däldi, sarysy-da akdy. Emma kem-kemden däneden, ter otdan, Anna Anatolýewnanyň näçe sagatlap mellekden gözläp tapýan ýagyş gurçuklaryndan, balykgulaklardan towuklar özlerine gelýärdiler, direlýärdiler, günaşa, her gün ýumurtga guzlap başlaýardylar. Noýabryň başynda, haçan sowuklar başlanda, goňşularyň birine olary öldürderdi, ütüşdirerdi, içlerini arassalaýardy daşky jaýda-senide bak gapda doňdurardy we soňra täze ýaz gelýänçä azajykdan iýerdi.
Ýöne onuň güýji barha gaçýardy. Sosial işgäri, ýene-de şol goňşusy, kyrk ýaşly Nadýany çagyrmaly boldy. Ol hepdede iki gezek gelýärdi, suw, azyk daşaýardy, aşa ösen hapa-haşal oty otaýardy, etrapda bolanda derman alýardy, yşyk üçin töleg edýärdi, telefona pul salýardy.
Dogrusy, Anna Anatolýewna Nadýanyň üstüne aşa iş ýüklemek islemeýärdi — köp işler töleglidi. Şkafyň üstünde “goşmaça hyzmatlaryň” sanawy ýatyrdy. Meselem, sowadyjynyň buzuny eretmek we içini ýuwmak üçin üç ýüz on dört rubl, bir kwadrat metr ýeri aklamak — otuz üç rubl, otuz minut gar aýyrtmak — altmyş ýedi rubl, mellegiň bir sotkasyny suwarmak — ýüz otuz dört rubl, kir maşynda kir ýuwmak — bir kologramy altmyş ýedi rubl...
Anna Anatolýewnada pul bardy — pensiýasy, soramasa-da, çagalary iberýärdi. Emma kiri ýuwulýan we ardylýan baýar aýal bolup ýaşamak utançdy. Ýa gelşiksizdi. Ýa-da düýbünden ýigrenjilikmi, nämemi? Bu nähili, keseki adam seniň içki geýimjikleriňi ýuwýar.
Umuman, häzirlikçe hötdesinden gelýärdi. Uly ýadawlygy, güýjüň gaçanyny, ýürek gysmany duýman, uzakly gününi aýak üstünde geçirýän wagtlary-da bolýardy. Emma ine agşamlaryna... Haçanda telewizor söndürilende, yşyk öçürilende, ýatmaly wagty bolanda, ýöne uky tutanok. Onsoň kelläňe agyr ýatlamalar gurçuk bolup gelip dur, gelip dur.
Onuň adamsy Wiktor bilen guran durmuşy başa barmady. Sögüşmeler, obaň ýarsyna eşidilýän gykylyklar bolmady. Hemme zat ýuwaşlyk, sowuklyk bilen, çagalara bildirmän bolup geçýärdi. Bu bolsa, gohlaşmadan beter bolmagy ahmaldy. Gykylyklaşan, gykylyklaryny eşitdiren bolsalar, belki, düzelişerdem, ýöne beýle... Durmuşa çykanyna soň bäş ýyl geçip, eýýäm ogly we gyzy doglandan soň, Anna Anatolýewna adamsynyň gezýändigini bilýär. Has dogrusy, gowy adamlar çawuş çakdylar. Kakdyrma, ýaňsa alyp ýylgyrma bilen — birnäçe wagt ol ynanmady. Soňra özüni ele alyp, günleriň bir güni, dynç güni adamsynyň nirä barýanyny yzarlady. Oňa bolsa bir tanşy, ady hem ýadyna düşenok indi, kömekleşmegi haýyş et diýdi diýipdir. Hakykatdan bolsa onuň ýanyna gidipdir.
Onuň ady Olgady. Obanyň beýleki çetinde ýaşaýardy. Wiktor öz öýünden daşdakyny ýörite saýlan ýaly. Olga gelmişekdi. Ony bärik adamsy getiripdi. Özi bolsa tiz wagtdan howuzda gark bolup ölýär. Ol öz hossarlarynyň ýanyna dolanar diýip pikir edýärdiler, ýöne dolanmady. Belki Wiktor şol wagt söýendir we söýmegi söz berendir, ol hem galandyr. Sowhozyň naharhanasynda aşpezdi.
Anna Anatolýewna şol gün telegraf sütüniň aňyrsynda gizlenipdir, adamsynyň howlynyň gapysyndan girenine garaşypdyr. Häzir çykar umydy bilen durupdyr. Ol bolsa çykmandyr. Ýarym sagatdanam, bir sagatdanam. Olam öýüne tarap gaýdypdyr...
Wiktor ertiriň ümüş-tamşynda şadyýan, mähirli bolup geldi we Anna Anatolýewnany şeýle bir gyzgyn söýüpdir welin, ol sübhelenipdir: oýnaşynyň ýanynda boldumyka? Soňam birnäçe gün söz açyp bilmändir. Emma biri-birinden aýra bolan wagtlarynda, kellesinde bir pikir aýlanýardy: Wiktor häzir şonuňkyda, Wiktor şonuňkyda... Ol traktor sürýärdi. Her dürli tabşyryklary alýardy. Köplenç, obaň öz içinde. Anna Anatolýewna bolsa hemme wagt diýen ýaly fermada, on kilometr daşlykda bolýardy. Bolsada, anyklamagy ýüregine düwüpdir. Adamsy parahat: “Hawa, Olganyň ýanyna barýan” — diýip, jogap beripdir. Ol ony halaýar. Annany hem. Taşlajak dälmiş. Maşgalany ekleýär, çagalary söýýär... Güýçli erkek adamlaryň ynandyryp bilşi ýaly, “şeýle dogry bolýar” diýip, ony ynandyrdy. Aý şonda obada şeýle üçburçluklar az däldi. Erkek adamlar, oglanlar motosiklde heläk bolýardylar, urşup ölýärdiler, gark bolýardylar, arakdan ýanýardylar. Wiktor düýbünden içmeýär diýen ýalydy, işeňňirdi, oturylyşyklaryň bezegidi. Esasy zat — çagalary gowy görýärdi. Anna Anatolýewna “ goý şeýle bolsun” diýen netijä geldi. Hiç bolmanda şeýle...
Emma şol döwürden soň onuň adamsyna bolan söýgüsi geçdi. Pasportdaky möhür, umumy çagalaryň dogluş hakyndaky şahadatnamalary bilen kanunlaşdyrylan ýaşaýyş galdy. Düşekde ol hyjuwly bolup, haçan söýýeňde, haçan sen ýeke-täkdigiňi bileňde, utanç däl zatlary edip bilmeýärdi.
Şeýdip, takmynan, ýigrimi ýyl ýaşapdyrlar. Bäş ýyl söýgüde, ýigrimi ýylam bile ýaşapdyrlar.
Wiktor basym öldi, kesellemedi diýen ýaly. Bir aýyň dowamynda horlandy, hemme zada biperwaý, parhsyz boldy. Köplenç, küýkerip, bükülip oturardy. Göýä içinden bolup geçýän gorkunç zatlara garaşyp duran ýalydy. Anna Anatolýewna lukmanlara görünmegini haýyş edýärdi, ol bolsa: ‘geçer,’ — diýip, boýun gaçyrýardy. Geçmedi. Ukudaka öldi. Jesedi şähere äkitdiler — ümsüm öýüň içinde maşyna garaşyşlary ýadyna düşende, henizem ýüregi urup başlaýardy, agzyndan çykaýjak bolýardy — kesip görmek hökmandy. Ýaşy boýunça düýbünden garry adam däl, men diýen wagtydy. Kyrk ýedi ýaşynda. Düýbünden içenok diýen ýalydy, çilimi çeni bilen çekýärdi...
Aşgazanyň düwnük keseli dörän ekeni. Lukmanlar Anna Anatolýewnadan geň galyp soraýardylar:
— Näme, hiç haçan keseline şikaýat etmeýärdimi?
Ol:
— Ýok. — diýip jogap berýärdi. Sesini çykarman adamsyna nebsi agyrýardy we şeýdenine gahary gelýärdi. Belki-de halas ederdiler. Indi bolsa ol üç çaga bilen. Ulusy ýap-ýaňyja gullukdan geldi. Tehnikumy gutaran bolsa-da, aýaga galmaga wagt gerek ahyryn. Gyzy pedinstituta okamaga gitdi, kiçisi entäk sekizinji synpda. Iň beter gahary gelýän zadam, onuň öz Olgasyndan şeýdibem arasyny üzmändigidi. Soňuna çenli hepdede bir, iki gezek ýanyna barardy.
Olga jaýlaşmaga geldi. Gazylan mazardan birneme uzakda durdy. Haçanda her kim mazara bir gysym gum atanda, ol hem çalt bardy we ol hem zyňyp goýberdi. Anna Anatolýewna çydady. Näme, ýigrimi ýyl çydady, indi näme... Belki oňa birzatlar iýdiren bolaýmasyn — aşgazanyň düwnük keseli ýöneligine döremeýär. Ýa gutarnykly guratmak üçin, ýyllap otjagaz we ýa garyndy sepip durdumyka? Belki, adamsynyň ikilik edendigi üçin, onuň ölümini uly hasratsyz geçirendir. Käbirleri ýaly gaýgylanyp ýörmedi. Ölen adamsynyň mazaryna özlerini oklaýan ýa-da patadan soň horlanyp, göni manyda yzy bilen gidenlerem bolýardy. Bu bolsa, köplenç, ýaşlarda ýa-da garrylarda bolýardy. Anna Anatolýewna şol wagt kyrk bäşden geçipdi. Öňküler ýaly, erkek kişi oňa şeýle bir gerek hem däldi. Erkek kişi kömekçi hökmünde-de gerek däldi. Wiktor ölenden, bir ýyl ýyldan soň sygry satdylar, üç doňza derek birini saklap başladylar. Umuman, basym uýgunlaşdylar. Agyry bilen gahar hem ýatyşdy.
Uly ogly ýerini tapdy. Gowy gyza öýlendi. Bu hemme üýtgediş-hususylaşdyrmalara çenli iki jaýly öý alyp ýetişdiler. Gyzy durmuşa çykdy. Oňa erbet adam duşmady. Anna Anatolýewnany sylaýardy, bärde bolanda kömekleşýärdi. Kiçi ogluda oňaýsyz ýagdaýa salmady. Hemmesi ony görmäge gelerdi. Otuz ýyl ýekeligiň hasraty, gaýgysy we tapdan düşürýän, bu uklatmaýan oýlanmasy bolmady.
Mal — gara bardy — geçi, doňuz, towuklar, kawagt bäş sany gaz, birnäçe çebşekler, it, elbetde, pişik. Ogullarynyň haýsydyr biri, ýa goňşy erkekler birinji sowuklar düşende et üçin mal öldürip bererdiler. Bahar aýlary Anna Anatolýewna täzelerini alardy. Gatan çöregiň, elmydama köp bolup durýan käşirdir kelemiň, ownuk ýer almanyň we ýene-de birtopar iyilýän, ýöne zyňaýmaly zatlaryň köpdügini bahana edýärdi. Itler we pişikler özleriniň uzak bolmadyk möwrütlerini ýaşap ölüp gidýärdiler. Indiki it we pişik çagalary dogulýardy. Soňra doňza, geçä, towşanlara, soňra bolsa gazlara, ondan soň bolsa towuklara hem güýç ýetmän başlady. Öňňül zynjyrynda ölüp galan Týomkany mellegiň gyrasynda eýdip-beýdip jaýlap, täze güjüjek almazlygy karar etdi. Geçen ýyl Ryska garaşyp ýetmedi, ol pişiksiz hem galdy. “Gatap galaryn, bular bolsa bu ýerde aç — diýip özüni aklaýardy. — Nadýada her gün ylgap gelenok”.
Ynha-da bu Çal ýüze çykdy. Belki, ol geçen gyş ony halas edendir. Dogrusyny aýtsaň, ol baradaky alada Anna Anatolýewna gyşy geçirmäge kömek etdi.
Hiç haçanda ol janly-jandar üçin aýratyn alada etmegi gowy görýändigini bilenokdy. Pişiklerä asla-da üns bermeýärdi, talabam edenokdylar. Çöregiň ýumşak ýerini oklarsyň, käwagt tabajyga süýt guýarsyň — ynha hemme alada. Urkaçy ýa erkek pişik öz özlerini eklemeli — hanha polda howaçeker, ol ýerde bolsa syçanlaryň elmydama şytyrdaşýan gizlin ýeri, syçan ýokmy, başga howaçekerden çyk-da jaýyň düýbüne düşelen guma, kümejige, taşlanan sygyr ýataga, sypal düşekçä git, ýa serçeleri garawulla.
Emma muňa bolsa Anna Anatolýewna bagry badaşan ýaly bolup, kiçi çaga seredýän ýaly seredýärdi. Öz iýýän zadyndan naharlaýardy — towuk etini, onda-da hamsyz, peýnir, doktor kolbasasyny berýärdi, çorba guýardy. Nadýa edilýän dükandan alynmaly adaty sargytlara pişik iýmiti goşuldy. Sosial işgär başda haýran galypdyr, soňra diýen edijilik bilen we hatda birhili şatlyk bilen kellesini atyp makullapdyr:
— Bolýar, bolýar. Bizde bu ýerde bardy, gördüm. Size gurusynymy ýa şol gaplardakysynymy?
Hawa, ondanam we beýlekidenem al. Göreris, ýüregine näme ýaraýar. Pişik minnetdarlyk bildirýärdi. Öýi hapalanokdy, pol astyna, belki howla gidýän bolmagy ahmal. Azar bermezdi. Emma Anna Anatolýewna kresloda oturyp telewizor görende, onuň aýaklarynyň ýanynda ornaşardy, çalaja süýkenýärdi. Ol bolsa ahyrsoňy rugsat bererdi:
— Bolýar, çyk.
Ol ýumşaklyk bilen böküp münerdi we onuň garnynyň üstünde düýrülip ýatýardy we kiçijik ýyladyjy ýaly rahat myrlaýardy.
Bir gezek, haçanda adaty bolşy ýaly uklap bilmedik wagty, seresaplyk bilen krowatyň üstüne mündi we aýaklarynyň üstünde ýatdy. Anna Anatolýewna ony kowjak boldy — hiç wagt pişigiň krowatda ýatýan wagty ýokdy. Emma kowmady. Çalyň myrlaýanyny diňledi, diňledi we ýatyp galdy.
Şondan bäri ol onuň ýanyna her gezek gelerdi. Eger başga ýerde gyşaraýsa, ony özi çagyrardy:
— Gelsene indi, öz aýdymjyklaryňy maňa aýdyp ber.
Çal razylyk bilen, kem-kem onuň gursagyna, kellesine has ýakynlap gelipdir. Myrlapdyr, mawlapdyr. Anna Anatolýewna onuň haýpy gelýändir, bejerýändir öýdüpdir...
Şeýdip olar gyşy geçirdiler. Çaga pişik uly pişik boldy. Ýaş, emma daýaw, garynjyk salypdyr we myşsalary dykylan ýaly bolupdyr. Derisi, edil ýag çalnan ýaly ýalpyldaýardy.
— Hawada, towujakda we gaýmakda, — diýip, Anna Anatolýewna halamaýan ýaly bolsa-da, hakykatdan bolsa lezzet bilen belleýärdi. Çal muňa dokluk bilen gözüni süzýärdi.
Haçan birneme guraşanda, ol onuň bilen howluda aýlanyp başlady, diwarlary, bedreleri ysgaýardy, tamyň golaýyndaky boşlukda meşgen tutýardy. Güneşde ymyzganýardy. Onuň ýanynda işlemek hem gowudy, aňsatdy — diňe özi barada alada etmeýan ýaly bolýardy.
— Ynha, belki, agtyklar gelerler, seniň bilen oýnarlar, — diýip, Anna Anatolýewna iş arasynda gepleýärdi. — Meň olarym gowy.
Durardy, haýsy agtygynyň näçe ýaşandygyny ýatdan sanamaga çalyşýardy.
Uly gyz agtygy eýýäm ýigrimi üç ýaşynda. Galanlary-da, kim on bäş, kim on iki ýaşynda... Ulaldylar. Indi çowluklara garaşmak hem bolar. Garaşmak islegi döredi, diňe özi üçin däl, şu Çaly sypalarlar, onuň bilen oýnarlar ýaly...
Pişik howlynyň içinde öwrenişip, köçä çykmaga başlady. Anna Anatolýewna başda saklardy, gitme diýip haýyş ederdi, itler we oglanlar bilen gorkuzardy. Emma onuň sözleri näme — biderek. Öýde bolsa gulplap goýup bolmaýar. Obaly, şäheriň haýsydyr bir ýigrimi birinji gatyndaky öýden däl. Başda Çal uzaga gitmeýärdi, soňra bir sagat, ondan hem köp ýitip başlady, günortanlyklaryny geçirýärdi. Ynha-da ýatmaga gelmedi. Anna Anatolýewna gijä çenli basgançaga çykýardy, çagyrýardy, göňşy köçedäki it üýrmesini, uruşýan pişikleriň sogup çykýan seslerini diňleýärdi. Olar onuň Çalyny düýp-müýt edýändirler öýdýärdi.
Ir ertir howaçekerden girip gaýdyp geldi. Tabajykda goýlany uzak wagtlap iýdi, ýuwundy, soňra bolsa krowadyň gyrasyna özüni oklady-da uzakly gün ýatdy. Agşam ýene gowy iýdi we pol astyna gitdi.
— Nirä sen? — diýip, Anna Anatolýewna aglamjyrap sorady. — Şeýle-de, hanha, tüýleriň bulaşyp keçä dönüpdir, tumşugyň dyrnalypdyr. Ýene gözüňi hem çykararlar. Sen otur öýde.
Çal ötünç soraýan nazar bilen oňa seredip, hamala “bolanok, gitmesem bolanok” diýip düşündirýän ýalydy.
— Menä sen oňat oglanjykmykaň diýip pikir edýärdim, sen bolsa garagol bolup ýetişýärsiň. Haý-haý-haý-eý.
Indi sosial işgär Nadýa bilen bar gürrüňleri pişige syrygýarsy. Nadýa arzlary diňlärdi we takatlyk, belkide, gussa bilen, özüniň hem garrylykda söýgüli pişiginiň üstünden şikaýat etjegini öňünden duýup ýylgyrardy — bireýýämden bäri onuň adamsy ýokdy, çagalary şäherde okaýardylar; gümansyz, garrylykda ýekelik garaşýardy...
Güýze golaý Çal iki-üç günläp, käwagt bolsa hepdeläp ýitip başlady. Anna Anatolýewna alada edýärdi, garaşýardam, gaharam gelýärdi. Pişik ýokka köp öýkeli sözleri oňa aýdardy, haçanda gaýdyp gelende bolsa — begenerdi, sypalardy, eline aljak bolardy (dogrusy, güýji ýetenokdy), tabajyga iň süýji zatlary salardy.
Ynha gyzykly zat — baharda we tomusda aç, bulaşan, dyrnalan görnüşde gelýän pişik indi, elmydama diýen ýaly dokdy, tüýleri, göýä daralan ýaly, gyradeň ýatyrdy.
— Awlamagy öwrendiňmi? — diýip, Anna Anatolýewna soraýardy. — Hemmesini ýeňdiňmi? Indi hondan bärsi bolup ýörsüňmi?
Çal gözlerini şatlykly agdarýardy we gaty myrlaýardy.
Ol kem-kemden onuň birnäçe gün ýitip gidýändigi, soňam gaýdyp gelýändigi bilen öwrenişdi. Onuň bilen, takmynan, bir hepde ýaşaýar — elbetde, degre-daşa gezelençsiz bolanok. Näme pişikler-dä, it däl-dä, olara erkinlik gerek. Ynha, aýaz geler welin, bes eder...
Çalyň her gezek onuň bilen bolýan, oňa nebsi agyrýan, gussasyny bejerýän şol giç agşamlar ýadyna düşerdi. Hemişeki ýaly onsuz uka gitmek kyndy.
Tomus kiçi ogly az wagtlyk geldi. Käbir zatlary bejerdi, mellege biraz kömekleşdi. Pişigi oňlady.
— It bolsa-da kem bolmazdy, — diýdi.
Anna Anatolýewna goluny salgap:
— Nähili it. Käwagt günortana çenli ýygnanyp çykyp bilemok, ol bolsa bärde aç bolar.
— Saňa göçmek gerek. Ýeke bolsaň erbet.
— Iň gowusy siz bärik, arassa howa geliň.
— Men hezil edip gelerdim. Pensiýa ýeteýin — we okdurylaryn.
— Men seniň pensiýaňa çenli galmaryn.
— Görübereris, eje, äht etme...
Täze gyş geldi. Soňkumy ýa nobatdakymy?
Hakyna tutulan erkek adamlar berýoza agaçlaryny süýreýärdiler, kesindilere bölýärdiler, kesindileri taraşa edip owradýardylar, taraşalary Anna Anatolýewna Nadýa bilen odunhana üýşürip goýýardylar. Bir odunhana, daşa äkitmez ýaly, basgançaga ýakyn diwaryň uzaboýuna, beýlekisi — hammamyň ýanynda ýerleşýärdi.
Çal, her zat edip hem taraşa öwrüp bilmedik ýogyn üstünde oturyp, işiň gidişine syn edýärdi, makullama bilen gözüni süzýärdi.
— Ynha, öý bikäň bilen ýyljak ýerde bolarsyňyz, — diýip, Nadýa aýdýardy. — Aýagyňy, eliňi üşedip, hiç ýere gitmek gerek däl.
Emma ol gezmegi bes etmedi. Sowuklar ony saklamady. Hemişekisi ýaly, tas hepdeläp ýiterdi, soňra hepdeläp öýde ýaşardy. Munuň bilen Anna Anatolýewnany halys edýärdi. Ol ony utandyrýardy, nebsi agyrýardy, has süýji-süýji naharlaýardy. Hiç zat kär edenokdy...
Käwagt öz haýatynyň içinde ruhdan düşmezlik, ýabanylaşmazlyk üçin, ol dükana giderdi.
Jan edip, uzak taýýarlanýardy. Ýyly, ýöne eşik gysmaz ýaly edip geýinýärdi. Onuň oňat possuny-şubasy bardy. Ýöne bireýýäm onuň endamy ony göterip bilenokdy — eginleri sallanyp durdydy, arkasyny egreldýärdi, aýaklary döwlüp barýardy. Ynha, bäş ýyl mundan ozal gyzynyň sowgat beren per güpbüsi halas edýärdi. Anna Anatolýewna ilkiler boýun gaçyrdy: onda men nirä gideýin, özem gülgüne, muny ýaşlar geýmeli. Indi bolsa begenjiniň çägi ýok...
Ynha, fewral günleriniň birinde, haçan Gün ýagty we şädyýan şöhle saçanda, öýde oturmak ýürege düşende, mellekde güýmenmek manysyz we içgysgynç bolanda, ol gidermen boldy. Özüni duýşy gowudy. Egninden asmak üçin uzyn tutawaçly mata torbasyny — taýajyk aldy. Agaç jaýynyň, howlusynyň gapysyny gulplady. Duýar we çalt tapar ýaly, agyr gaýkaly halkadaky açarlary jübüsine saldy. Ugrady.
Oba bir köçeden durýardy. Ol goňşy oba hem barýan ýoldy. Ýoldan-köçeden çola köçelere we petiklere şahalanýardy. Öýleriň köpüsi şol ýerde, çola köçelerde we petiklerde durdy — geçip barýan maşynlaryň tozany azdy, galmagal azdy.
Anna Anatolýewna şeýle öýleriň birinde, çemenlik bilen gutarýan darajyk çola köçäniň düýbünde ýaşaýardy. Birwagtlar şu çemenlikde olaryň geçileri, kiçi göleli sygyrlary otlaýardy. Gowudy, çetdedi. Indi welin...
Sagdynka dükana on minudyň içinde ylgap barardy, ynha bolsa şeýle... Ýok, zeýrenmek günä. Gowy ýöräp barýardy, demi ýeňil alýar. Howa sowuk, Gün gyzdyrýar. Gar hütürdeýär, ýöne dekabrdaky ýaly däl, guraksy we digir-digir, başgaça aýdaňda, hamana buzjagazlary bölýän ýaly bolýar. Gyrymsy agaçlarda serçeler sögüsýärdiler, alahekekler haýatlarda otyrdylar, adam görüp, jakyrdap başlaýardylar. Aladaly däl-de, şadyýan ýaly bolup görünýär. Hatda gapdalyndan geçeňde-de uçup gitmeýärler. Belki, sowgada garaşýan bolmaklary ahmal.
— Bererin, bererin, — diýip, Anna Anatolýewna samyrdaýar. — Yzyma gaýdyp barýarkam bererin. Ynha dükana barýan... bir zat satyn alaryn.
Onuň çagalykdan bilýän, ýogyn çapylan agaçlardan edilen dükany bireýýäm ýok. Togsanynjy ýyllaryň ortalarynda ýapypdylar. Soňra haçanda bir wagt açylmajagyna düşünip, ýerliler wagonkalary sypyryp başladylar, gabsalary gopardylar, şiferleri aýyrdylar, bäş ýyl mundan öň bolsa galany ýandy. Ýa nähilidir bir yz bildirmejek bolup bilkastdan, ýa samsyklykdan ýakdylar. Häzire çenli hem dur, gara köýüge öwrülen depäniň üstüni kem-kem ot basypdyr.
Bu dükan bolsa öň obanyň merkezidi. Bu ýerde haçandan bäri görüşmeýänler köp wagt durup gürleşerdiler — obada-da aýlap görüşmän gezilerdi. Her kimiň öz işi, aladasy ýetik. Täzelikleri bilerdiler, sowukda ýylynardylar, käwagt gyt azyga, käwagt ýöne çörege garaşardylar. Bu ýerde bedre, nähilidir bir geýimleri, sabyn, we başga-da hojalykda gerek bolan derwaýys zatlary satardylar. Häzir obada üç dükan bar. Hemmesi hususy. Kiçijik, darajyk, garyp. Islendik ownuk zat üçin halk şähere gidýärdi. Ol ýerde saýlar ýaly zat bardy, birneme arzanragam.
Anna Anatolýewna azyk almak üçinem däl-de oba garamak üçin gidip barýardy. Belki birini görer, birki söz aýdyşarlar. Näçe ýyl görmeýän, şol hakynda pikir etmäge-de keşdi çekmeýäni hem gördi. Haçan ýatlanda, öýkeden we gahardan ýaňa aglasy gelýärdi. Olgany. Hut şony.
Olam haýaljakdan ýöreýär. Olam taýakly, egninde torbasy. Onda-da şol dükana. Onuň yzyndan bolsa — Çal. Anna Anatolýewnanyň Çaly. Guýrugy turba ýaly, aýaklary yzly yzyna basýar, süýji berjek diýlip söz berlen posalak çaga ýaly, tumşugynda hoşallyk bildirýär.
Emma? belki ol däldir?
— Çal! Piş-piş, — diýip, Anna Anatolýewna çagyrdy.
Pişik begendi, hatda oňa baka okduryldy we durdy. Söňra Olganyň yzyna düşdi.
— O nähili Çal... — diýip, Olga agzynda daş bar ýaly bulaşyk sesi bilen jygyldady. — Bu meniň Witusýam.
— Näme? — Anna Anatolýewnany at haýran etdi. — Wi... Sen nädip het edip bildiň?.. — Pişige seretdi. Bu onuň Çalydy. Tumşugy indi özüni ýitireniňki ýaly, gulaklary dik, murty bilen guýrugy sallanyp durdy. — Çal... Çalja, gel meniň ýanyma...
— Bu meniň pişigim, — diýip, Olga «hüm» diýip goýberdi.
— Sen... — Anna Anatolýewnany gahar gaplap aldy. — Sen, nejis, bütin ömür ärimi menden aýyrdyň, indi munumy? Haýwan diýsänim!
— Jüt! — diýip, Olga itiň kowluşy ýaly etdi. — Düýbünden akly çaşypdyr. Meniň pişigim bu. Ikinji ýyl mende.
— Ol mende ikinji ýyl. Ylgaýaram... Nirä ylgaýar?.. Ine, indi düşnükli. Sen nähili arwah!
— Özüň seniň akly çaşan arwah. Witusýa, ýör, ezizim...
— Çal, gel bäri. Gel, mähribanym.
— Witusýa... — Olga egilip pişigi eline aljak boldy. Ol böküp gaçdy. Aljyraňňylyk bilen bir oňa, bir muňa seredip gar üýşmegine özüni zyňdy. Çykyp haýata mündi. Yzynda it bolaýmasyn diýip barlap durdy we biriniň haýatynyň içine bökdi.
Kempirler ýeke galdylar.




