Awiator

(romandan bölek)

Günortanlyk naharyndan soň Geýger gitdi. Haçanda Walentina girende, men ony koridorda paltoly, eli papakly gördüm. Onuň daşlaşnýan ädimleriniň sesini ilki birinji gatda, soňra basgançakda eşitdim. Iki günläp Walentinadan ýanymda ýatmagyny haýyş etmedim, ýogsa bu hakda arzuw hem edýärdim. Geýger rugsat beren hem bolsa (ýa-da oňa berendigine garamazdan?). Häzir bolsa — haýyş etdim.

Ine ol eýýäm ýanymda, onuň aýasy meniň aýamda. Saçlarynyň bir çogdumy gulagymy gyjyklaýar. Biziň munuň başynda üstümizi basaýmaklary ahmal diýen pikir maňa agyr degýärdi. Başga bir zat, aýyp, hatda biabraýlyk zat edenimizde hem bolmagy ahmal, — gorkunç däl, sebäbi biabraýlyk — ilkinji, nämä garaşmak mümkin, ýöne munuň başynda bolsa... Bu ýerde hemme zat şeýle bir inçe, şeýle bir tolgun­dyryjy hem-de düşündirip bolmaýandy, munuň eýýäm haçandyr bir wagt bolandygy hakyndaky duýgy bolsa aýrylyp gidenok. Beýle zat öň bolupmydy, onuň bu babatda nähilidir bir düşnüksiz ýatlamalary, hatda ýatlamalary däl — çaklamalary barmy diýip, Walentinadan soraýaryn. Ýok diýip jogap berýär, bolmandy, hatda şuňa meňzeş zat düýbünden bolmandy, ýatlamalar nireden bolsun?

Mende bolsa bolupdy ahyryn, aslynda, men muny oýlap tapmadym-a. Ine şeýdip biz krowatda eli-elde tutup, çekgäni çekgä degrip, gymyldaman ýatyrdyk. Şonda men tüýküligimi ýuwdup bilmedim — ol meniň ýuwdunmamyň sesini eşider öýdüp gorkdum, bu sesi eşitdirmezlik üçin, bilgeşleýin üsgürdim — biziň gatnaşykla­rymyz şeýle maddy däldi. Ýa-da bognumyň şykyrdamagyndan-da gorkdum, sebäbi şol bada biziň gatnaşygymyzyň ähli howa ýalylygy, ähli näzikligi bozuljakdy. Olarda hiç hili maddy zat ýokdy. Maňa onuň goşary, onuň külbikesi, külbikesiniň edil perlamutryň örtügi ýaly kiçijik, ýylmanak we gülgüne dyrnagy ýeterlikdi. Men ýazýaryn, meniň bolsa elim titreýär. Hawa, gowşaklyk sebäpli, gyzgynyň galmagy sebäpli, şeýle hem duýgularyň örän uly dartgynlylygy sebäpli hem. Ýene-de başga zatlaryň ählisini ýadymyň menden bukup saklaýandygy sebäpli. Bu namedi?

— Bu namedi? — diýip, men, göz ýaş döküp, şepagat uýasy Walentina gygyrýa­ryn. — Näme üçin ömrümiň bagty meniň doly ýadyma düşenok?

Walentina sowujak dodaklaryny maňlaýyma degirýär.

— Belki, şonda ol bagt bolmagyny bes ederdi.

Belki. Emma muňa düşünmek üçin hemme zady ýada salmaly.

Ýatlaýaryn. Doňan derýanyň üstünde tramwaý relsleri. Bir kenardan beýlekisine barýan elektrik tramwaýjygy, penjireleriň öňünde oturgyçlar. Tramwaý sürüjiniň nazary syrgyna we alagaraňkylyga siňe seredýär, ýöne beýleki kenar henizem görünenok. Ýoly fonarlar çala yşyklandyrýar, olaryň ýalpyldaýan yşygynda buzuň üstündäki her bir büdür-südürlik ýöräp barýan jaýryk bolup we garalyp görünýär. Sürüji dykgatly, ol umydyny ýitirjekleriň iň soňkusy. Konduktoryňam ruhy berk, ýöne flýagajykdan owurtlamak bilen özüniň şähdini açmagy ýatdan çykaranok, sebäbi aýaz we bu aýly peýzaž her kimi aljyradýar, konduktor bolsa şähdaçyk bolmaly. Bäş teňňeden petek satýar, olary buz ýaly bolan barmaklary bilen ýolup berýär. Onuň aşagynda on gulaç suw, gapdallarynda syrgyn, ýöne onuň näzik gämisi, buzuň üstündäki sary otjagaz, öz maksadyna — ägirt uly, garaňkylykda ýitýän çür depä ýetmäge çalyşýar. Men bu çür depäni we bu derýany tanaýaryn. Indi haýsy şäherde ýaşandygymy bilýärin.

Penşenbe

Men Peterburgy diýseň söýýärdim. Başga ýerlerden gaýdyp gelemde, uly bagty başdan geçirýärdim. Onuň sazlaşygy meni çagalygymdan bäri gorkuzýan we gaharlan­dyrýan haosa garşy durýardy. Häzir men öz durmuşymdaky wakalary bolşy ýaly dikeldip bilemok, diňe bir zat ýadyma düşýär, haçanda meni bu haosyň tolkunlary gurşap alanda, meni Peterburg — olaryň baryp çym-pytrak bolýan adasy — hakyndaky pikir halas edýärdi...

Walentina häzir meniň ýumşak ýerime sanjym etdi. Nähilidir bir witamin. Witaminler agyrak, bu şprisler näme üçindir dermanly şprislerden has ýakymsyz. Men pikirimi ýitirdim...

Hä, hawa — sazlaşyk. Sypaýylyk. Ynha men kakam we ejem bilen — men merkezde, olar gapdalymda, ellerimden tutýarlar, Fontankadan Aleksandrinskiý teatry­na tarap Teatralnaýa köçesi boýunça, edil köçäniň ortasyndan, ýöräp barýarys. Biziň özümiz simmetriýanyň, gerek bolsa sazlaşygyň şöhlelenmesi. Ine şeýdip biz barýarys, kakam maňa jaýlaryň arasyndaky aralygyň jaýlaryň beýikligine deňdigi, köçäniň uzynlygynyň bolsa jaýlaryň beýikliginden on esse artykdygyny aýdýar. Teatr ulalýar, golaýlaşýar, gorkuzýar. Asmanda bulutlar çalt süýşýär. Howa, ine neme: köçäniň ady soň üýtgedildi, nähilidir bir ugursyz alamatlandyrdylar. Näme üçin?

Ýene meniň ýadyma ýangyn düşdi. Ýangynyň özi däl-de, ýöne ony— Newskiý bilen, güýzüň başynda, günüň ahyrynda nädip söndürmäge baryşlary. Öňde gara atda — skaçok-atly. Ahyrzamanyň perişdesi ýaly, agzynyň ýanynda sunraýy. Tüýdükli atly ýangyn söndürijileriň ýükli arabalaryna ýol taýynlap, surnaý çalýar, hemmeler dürli tarapa gaçýarlar. Paýtunçylar atlary gamçylaýarlar, olary ýoluň gyrasyna gysýarlar we ýangyn söndürijilere tarap çala öwrülip, doňup galýarlar. Ynha güwleýän Newskiý boýunça ýüze çykan boşlukdan ýangyn söndürijileri getirýän araba çapyp barýar. Olar bir-birine arka berip, uzyn oturgyçda, mis kaskada otyrlar, ola­ryň depesinde ýangyn söndüriji bölümiň baýdagy pasyrdaýar. Baýdagyň ýanynda — brandmeýster, ol jaň kakýar. Özleriniň biperwaýlygy bilen ýangyn söndürijiler tragikdir. Olaryň ýüzünde olara bir ýerlerde garaşýan, bir ýerlerde eýýäm ýanyp başlan, häzire çenli görülmedik alawyň öwüşgini oýnaýar.

Öz ýangyny bolan Ýekaterininskiý seýilgähinden gyzylymtyl-sary ýapraklar gelýänleriň üstüne uçup düşýär. Ejem ikimiz çoýun gözenege söýenip, ýapraklaryň agramsyzlygynyň ýükli arabalara nädip geçýändigini synlaýarys: ol düşelen dörtburç daşdan ýuwaşjadan aýrylýar we pes belentlikde Newskiýniň üstünden uçýar. Ýangyn söndürijileriň hatarynyň yzyndan lomly, şlang saralan tigirli we münülýän merdiwanly iki at goşulan araba, onuň yzyndan bug nasosly başga araba (gazandan — bug, turbadan — tüsse), onuň yzyndan ýananlary halas etmek üçin lukmançylyk furgony süýnüp barýar. Men aglaýaryn, ejem bolsa gorkmaly däl diýýär, ýöne men gorkudan däl-de, aşa duýgulardan ýaňa aglaýaryn. Bu adamlaryň edermenligine we beýik şöhratyna, olaryň doňup galan mähelläniň öňünden jaň sesiniň astynda dabara bilen geçip barýandyklaryna guwanyp aglaýryn.

Men brandmeýster bolmagy şeýle bir isleýärdim welin, her gezek ýangyn söndürijileri görenimde bolsa, özümi olaryň hataryna kabul etmeklerini sessiz haýyş edip ýüzlenýärdim. Imperialyň üstünde Newskiden geçip barýan wagtym, elmydama ýangyna barýan ýaly bolup göz öňüme getirýärdim. Men özümi dabaraly we birneme tukat alyp barýardym, we ol ýerde möwjeýän alawyň arasynda hemme za­dyň ­näme boljagyny bilemokdym, we gaty begençli garaýyşlary birden duýýardym, we märekäniň salamlaryna kellämi çala gapdala öwrüp, diňe gözlerim bilen jogap berýärdim. Ähli zatdan görnüşi ýaly, her niçik-de bolsa, men ýangyn söndüriji bolmadym, ýöne häzir, wagt geçensoň, men bu barada ökünemok.

Şenbe

Düýn bütin gün barlaglardan geçdim. Birhili geň täsir... Ýok, agyrmady, hatda maňa erbet täsir hem etmedi. Abzallar geň galdyrdy — bular ýalylary men hiç haçan görmändim. Elbetde, men abzallar boýunça hünärmen däl, olar hakda aýdyp biljek zatlarymyň hemmesi bolsa meniň duýgymdan başga zat däl, ýöne bu duýgy adaty däldi.

— Men uzak wagtlap huşsuz boldummy? — diýip, soň şepagat uýast Walentinadan soradym. — Şeýle uzakmy, hatda täze abzallar peýda bolup ýetişipdir?

Walentina jogaba derek meniň ýanymda ýatdy. Meniň saçymy sypalady. Şeýdip meni birwagt Anastasiýa sypalaýardy. Görsene, birden at ýüze çykdy. Ýadyma düşenok, onuň kimdigini, näme üçin meni sypalandygy, ýöne Anastasiýadygy, ýadymda. Onuň barmaklary saçymda syýagat edýärdi, käwagt pikirlenip doňýardy. Olar ýaňakdan gulaga süýüýýärdiler, ýuwaşjadan gulak çukurjygymy elleşdirýärdi, men bolsa ola­ryň adaty däl güýçli şygyrdysyny eşitdim. Anastasiýa maňlaýyny meniň maňlaýyma degrip, meniň saçlarymy öz saçlary bilen goşup örýän wagtlary hem bolýardy. Açyk reňklini gara reňkli bilen. Bu bize örän erbet täsir edýärdi, biz şeýle bir tapawutlydyk.

— Näme hakda pikir edýärsiňiz? — diýip, Walentina menden soraýar.

— Maňa “sen” diý, bolýarmy?

— Näme hakda sen pikir edýärsiň?

Aý hiç zat hakda. Maňa hiç zat hakda pikir etmek aňsat— meniň hiç zat ýadyma düşenok. Ynha Anastasiýadanam diňe ady galypdyr. Ady we onuň bugdaý reňk saçynyň ysy — muny hem ýatdan çykarmandyryn. Belki-de, ýadymda ýitmän galan täsiri men Walentinanyň saçynyň ysy hökmünde görýändirin. Ýa-da şeýle: Walentinanyň saçynyň (olar hem bugdaý reňkli) ysy meni bir wagtlar bagtly eden bir zady ýatladýandyr.

Ýekşenbe

Geýger maňa “Robinzon Kruzony” getirdi. Ýönekeýleşdirilen ýazuwly täze neşiri däl-de, rewolýusiýadan öňki neşiri: 1906-njy ýyl. Hut şu kitaby hem men çagalygymda okadym — ol bu hakda bilýärdimikä? Men ony ýumuk gözlerim bilenem — elläp, agramy boýunça tanardym. Ysy boýunça — edil Anastasiýanyň saçy ýaly. Meniň burnumda bu kitabyň ýalpyldawuk kagyzlaryndan gelýän çaphananyň reňkiniň ysy hemişelik galypdy. Ol syýahatyň ysydy. Bu sahypalaryň şygyrdysy Robinzony günden goran örän ullakan, açyk ýaşyl, azrak ygşyldaýan, irden hrustal damjaly ada ýapraklarynyň sesidi. Men kitaby agdararýardym we sahypama sahypa tanardym. Her setir bilen meniň geçen döwrümde bolan zatlaryň hemmesi direlýärdi — enemiň üsgülewigi, aşhanada ýere gaçan pyçagyň sesi we (şol ýerden) gowrulan naharyň ysy, kakamyň çiliminiň tüssesi. Kitabyň çykyş maglumatlaryna seretseň, ähli bellenen wakalaryň bolup geçişi 1906-njy ýyldan öň bolmandy.

Duşenbe

Adam stoluň başynda otyr. Gapydaky yşgalaňdan görünýär: bükülip, kolbasany deň tegeleklere bölýär we biri-biriniň yzyndan agzyna atýar. Gynançly naharlanma. Uludan dem alyp, kürüşgä arak guýýar, bir gezekde içip goýberýär, şapbyldaýar. Wagtal-wagtal penjirä seredýär. Ol ýerde ýapraklar, edil gurşundan ýaly, diagonal boýunça aşak gaçýar. Olar birsydyrgyn gaçmaly ýaly welin, ýöne ýel, ol olary özüne çekýär. Men hemme zada garaňky ýer bolan koridordan synlaýaryn. Edil gapynyň ýanynda däl-de, yza çekilip synlaýaryn, şonuň üçin men görünmeýärin. Maňa özüniň yzarlanýandygyny bilmeýän adamyň näme edýändigi gyzyklydy. Ol bolsa hiç zat edenok, diňe kolbasany tegelek yzyndan tegelek edip kesýär we tukatlyk bilen üstünden arak içýär. Ol kürüşgäni almazdan öň, barmaklaryny gazete süpürýär. Bäh, üýtgeşik zat ýok welin, ýöne aňyma ornaşypdyr. Bu nirede we haçan bolupdy?

Eýýäm birnäçe günden bäri meniň gyzgynym 37,5-den geçenok. Özümi gowurak duýýaryn, ysgynsyzlyk kem-kemden gidýär. Käte ýadaýançam, krowadyň üstünde oturýaryn, ýöne häzirem çalt ýadaýaryn. Şeýle gynama bolupdyr: adamy aýaklary ýere ýetmez ýaly edip, syrdam agajyň ýa-da inçejik oturgyjyň üstünde oturdypdyrlar. Ýatmakhem däl, hatda bükülmek hem rugsat edilmändir. Elleri dyzlarynyň üstünde. Gije-gündiz, tä aýaklary çişýänçä, oturmaga mejbur edipdirler. Ol şeýle hem atlandyrylýardy — syrdam agaja ugratmak. Näme diýseňem, meniň kellämde nähili bulaşyklyk...

Has gowusy şeýle: ynha biz Ligowda, Polezaýewskiý seýilgähinde. Iýun aýy. Ol ýerde Ligowka derýasy, onçakly uly däl, ýöne seýilgähde edil köl ýaly giň. Girelgede ekipažlar, köp mukdarda lando, menem kakamdan tutuş şäher bu ýere geldimi diýip soraýaryn. Kakam birnäçe wagt, meniň soragymyň aňyrsynda sadalyk ýatyrmy ýa kinaýa diýip, saldarlap görýär. Seresaplylyk bilen jogap berýär: ýok, hemmesi däl. Aslynda, meniň soragym şatlykdan şöhle saçýar — men köp adamly üýşmeleňleri gowy görýärin. Entek şol wagtlar halaýardym.

Otuň üstünde — saçaklar, samowarlar, patefonlar. Bizde patefon ýok, gapdalda oturanlaryň onuň tutawajyny nädip aýlaýandyklaryna syn edýärin. Kim otyr — ýa­dyma düşenok, ýöne häzire çenli tutawajyň nädip aýlanyşyny görýärin. Bir salymdan soň saz başlaýar — boguk sesli, sakawlaýan, ýöne şonda-da saz. Aýdym. Kiçijek, sowuklan, aýdym aýdýanlardan doly ýaşşik — şonda nähili onuň mende bolmagymy isläpdim! Oňa ideg etmegi, eziz görmegi, gyşyna pejiň ýanynda goýmagy, ýöne esasy zat — ony, birwagt adaty bolan zady edişleri ýaly, belent mertebeli biperwaý­lyk bilen aýlamak isleýärdim. Tutawajyň aýlanmagy maňa ýönekeý bolup göründi we şol bir wagtyň özünde çykýan sesleriň mese-mälim görünmeýän sebäbidi, gözelligiň umumy gulp açgyjydy. Eliň aýlawly hereketinde Moşartyňky ýaly bir zat bardy, lal gurallary janlandyrýan we ýer kanunlary bilen düşündirip bolmaýan dirižýor taýagy­nyň hereketinde bir zat bardy. Meniň öň eşiden sazlaryma hiňlenip, ýeke özümüň dirižýorlyk edýän wagtym hem bolýardy, men başaryşym erbedem däldi. Eger brandmeýsterligi arzuw etmedik bolsadym, onda men, elbetde, dirižýor bolmak isleýärdim.

Şol iýun güni biz dirižýory hem gördük. Onuň taýajygyna boýun bolýan orkestr bilen ol, ýuwaş-ýuwaşdan kenardan daşlaşýardy. Seýilgäh orkestri hem däldi, üflenip çalynýan gurallaryň orkestri hem däldi — simfonik orkestrdi. Ol salyň üstünde durdy, oňa nädip sygandygy belli däldi we onuň sazy suwuň üstünde ýaýraýardy. Sa­lyň töwereginde gaýyklar, ördekler ýüzýärdiler, ýa kürek berkitmeleriniň sesi, ýa ördek gagyllamasy eşidilýärdi, ýöne bularyň hemmesi aňsatlyk bilen saza goşulýardy, dirižýor tarapyndan, umuman, gowy garşylanýardy. Sazandalar bilen gurşalan dirižýor şol bir wagtyň özünde ýalňyzdy: bu hünärde düşünip bolmajak betbagt­çylyk bar. Onuň ýangyn brandmeýsteriňki ýaly aç-açan görünmeýän bolmagy hem ahmal, sebäbi ol ýangyn bilenem, umuman daşarky ýagdaýlar bilen baglanyşykly däl, ýöne onuň bu içki tebigaty ýürekleri hasam güýçli yakýar.

Sişenbe

Azyk kartoçkalaryny alan dört topar:

Birinji — işçiler. Bu günde bir funt çörek. Ýeterlik derejede.

Ikinjisi — sowet gullukçylar, günde funt çöregiň dörtden bir bölegi.

Üçünjisi — gullukçy däl intelligentler, bary-ýogy sekizden bir bölegi.

Dördünji — buržuýlar. Olara-da sekizden bir bölegi, ýöne iki gün üçin. Özüň bolsa hiç zatdan ýüz öwürme...

Azyk kartoçkalarynyň häzirem ýöredilýändigi Geýgerden soradym. Ol eýýäm ýatyrylandygyny aýtdy. Hudaýa şükür. Bu uly bolmadyk hezillik — kartoçkalar boýunça, aýratynam, sabyn we kerosin üçin berlenler boýunça haryt almak.

Wasilýewskiý ostrowda, 8-nji we Orta liniýalaryň burçunda berilýän täze ýeriň açylandygyny bildim. Men Petrogradskaýadan şol ýere gitdim — täze ýerler hakda hemmeler bilmeýärdi, adatça, şol ýerlerde nobat azrak bolýar. Aýlagdan gelýän ýel we ownuk gar gulaklary ýalaýar. Papagymyň üstünden daňar ýaly maňa enemiň ýaglygyny berdiler (enem bolsa eýýäm aýatda ýokdy), ýöne men, samsyk, utandym. Tuçkow köprüsinde meni tas uçurypdy. Portfelimden ýaglygy çykardym-da kelläme oradym. Nämeden utandyň, diýsene — şeýle bir syrgyn, goluň uzynlygynda hiç zat görünmeýärdi. Eger hatda görünäýende-de, meni bu ýaglykda kim tanar? Emma 8-nji liniýa ýakynlaşamda, ony barybir aýyrdym.

Nobata durdum. Pelageýa Wasilýewna maňa şeýle diýýär:

— Men Pelageýa Wasilýewna, men nobatda siziň öňüňizde, ýöne şemalyň azyrak ýerinde, ygyşakda durmak isleýärin.

— Elbetde, — diýip jogap berýärin, — Pelageýa Wasilýewna, duruberiň ygyşakda, men size başga näme diýip bilerin?

— Siz nobatdan çykmarmysyňyz? Eger gitseňiz, meniň ýanyma ygyşak ýere geliň (görkezýär) we duýduryň.

Men baş atýaryn, ýöne ol ýerinde dur.

— Men hem durardym welin, ýöne gyzgynym ýokary. Bu durmadan soň, menden näme galjagyny bilemok. Kerosin bolmasa nämede bişirjek.

Nikolaý Kuzmiç gelýär:

— Bar, Pelageýa, men seniň ýeriňde duraryn, ýöne, Hudaýyň hatyrasyna, alada etme.

Ol oňa özüniň nobatdaky ýerini berýär.

— Nikolaý Kuzmiç üçin men arkaýyn.

Duranlaryň hemmesi — başgaplar, eginler, kirpikler gar bilen örtülipdir. Käbirleri aýaklaryny aýaklaryna urýar. Ygyşak ýerden, Nikolaý Kuzmiçe ynanmazlyk bilen seredip, Pelageýa kellesini çykarýar. Ol Pelageýany görýar we ýazgaryp başyny ýaýkaýar.

— Taňry ýalkasyn, Nikolaý, — diýip, ol ygyşak ýerde gizlenýär.

Ilkinji sagatda hemmeler degişýärler we kerosinsiz ýaşamagyň nähili kyndygy hakynda gürleşýärler. Kerosinsiz we odunsyz. Üç sagat geçiberende, maňa nähilidir bir ýerden tanyş görünýän Skworsow gelýär. Skworsow umumy söhbetdeşlige goşu­lyp, 1919-njy ýylyň öz durmuşynda iň erbet ýylydygyny aýdýar.

— Seniň ýaşyň näçe? — diýip, nobatda duranlaryň biri soraýar, — jemi on dokuz dagy barmy? Ýa-da ýigrimimi? Sen, umuman aýdanyňda, bu durmuşda näme gördüň?

— Ilki bilen-ä...

Skworsow jogap berip, özüni nobatda durmaga doly ygtyýarly ýaly we meniň bilen duran ýaly alyp barýar. Onuň sesi ynandyryjy, ýöne nobatdakylar oňa ynanmaýar.

Nikolaý Kuzmiç meni görkezip:

— Ynha, ol şu ýerde başdan bäri dur, biz ony bilýäris. Bu ýerde Pelageýa Wasilýewnany bilýäris, men onuň ýerinde durun (Ygyşak ýerden Pelageýa bir salymlyk görnüp gidýär). Bagyşla welin, seni bilemizok.

Skworsow eginlerini gysýar we olardan üstüne düşen gar gaçýar. Bir pursatdan soň Skworsow tupan bilen birleşip gidýär. Jedel etmezden, aňsatlyk bilen gidýär. Ol meniň durmuşymdan baky gidýär, sebäbi men ony soň görmedim öýdýärin.

Çarşenbe

Şkafyň üstünde Femidanyň heýkeljigi bar, ony hukuk fakultetini gutaran güni kakama sowgat edipdirler. Ony maňa heniz bäbek döwrümde Femida diýip görkezerdiler. Soň bolsa, esasanam, myhmanlar barka: “Femida nirede?” — diýip soraýardylar. Men görkezýärdim. Femidanyň kimdigini entek bilmeýärdim, şkafyň üstünde duran islendik biderek zat diýip pikir edýärdim. Femidanyň terezisinden başga hemme zady halaýardym — olar yranmaýardy. Ýedi ýaşa çenli men bu ýagdaýa çydadym, soň bolsa terezini herekete getirmäge synanyşdym, olary egdim, çekiç bilen ýençdim. Olaryň hökman yranmalydyklaryna ynanýardym, bir zat ilişýändir öýdýärdim. Tereziler, elbetde, döwüldi.

Penşenbe

Şu gün irdenki barlagdan soň, Geýger palatada galdy. Wena oturgyjynyň arkasyny sypalap, şeýle diýdi:

— Siz bir gezek Walentinadan uzak wagtlap huşsuz boldummy diýip soradyňyz...

Iki elini oturgyjyň arkasyna diredi we maňa seretdi. Men ýorgany eňegime çenli çekdim.

— Bu hem syrmy?

— Ýok, näme üçin. Siziň reabilitasiýaňyz gowy geçýär, men eýýäm size käbir zady düşündirmek mümkin diýip pikir edýärin. Ýöne käbir zady, şeýdip hemmesini birden däl. Edil bu sözlere garaşýan ýaly, Walentina podnosda üç sany çaşka alyp otaga girdi. Ol bosagadan aýagyny äden badyna munuň kofedigini bildim. Ol burk urýardy. Gowy gaýnadylan kofe — men ony iň soňky gezek haçan içdim-käm? Maňa turmaga kömek etdiler, bir minutdan soň hemmämiz — men krowatda, Geýger we Walentina bolsa oturgyçda otyrdyk.

Geýger şeýle diýdi:

— Ýagdaý şeýleräk, siz hakykatdanam uzak wagtlap huşsuz bolduňyz we dünýäde üýtgeşmeler bolup geçdi. Men olar hakda size azajykdan aýdyp bereýin, siz bolsa bolan zatlaryň hemmesini ýada salmagyňyzy dowam etdirersiňiz. Biziň wezipämiz, bu iki akymyň agyrsyz birleşmegini üpjün etmek.

Kofe öz ysy ýalydy, hatda birneme gowuragam. Geýger kosmosyň eýelenişi hakda aýdyp başlady. Görüp otursak, biz amerikalylar bilen eýýäm uzak wagtdan bäri kosmosa uçýan ekenik. Siolkowskiniň pikirlerini nazarda tutsaň, bu garaşylýan ýagdaýdy. (Kofede maňa ýetmeýän zat — şeker. Şeker şeker alyp bolmazmyka diýip soraýaryn. Geýger ýaýdanýar, meniň bedenime glýukozanyň nähili täsir etjegini bilmeýändigini aýdýar.) Kosmosda ilkinji bolup rus adamy boldy, ýöne amerikalylar Aýa baryp gördüler. Kosmos we Aý hakda köp zat bilemok, ýöne, meniň pikirimçe, ol ýerde edere iş ýok.

Geýger sözüni dowam etdirýär:

— Adamlar iň çuň deňizleriň düýbünde bolup gördüler.

Men baş atýaryn.

— Siziň döwrüňizde şuňa meňzeş bir zat hakda pikir etmek mümkindimi? — diýip, Walentina soraýar.

— Hawa, diýip, jogap berýärin, — bu meselede eýýäm şonda käbir pikirler bardy. Öň ýarmarkalarda awstraliýaly ýaşaýjy diýen bir oýunjagyň bolandygy barada gürrüň berýärin. Aýnaly gapda gözleri hanasyndan çykyp barýan kiçijik (aýnadan ýasalan) jenap suwda ýüzýärdi. Gabyň ýokarsyna rezin membrana dakylýardy. Membranany basýarsyň — awstraliýaly ýaşaýjy öz okunyň daşyndan aýlanyp, düýbe gidýär. “Awstraliýaly ýaşaýjy ynsan bagtyny gözläp, deňziň düýbüne çümýär!” — diýip, satyjy gygyrýardy. Satyjy bir aýagyna agram berip we tarpyldap, geň göräýmeli, ýarmarkanyň içinde çaltlyk bilen ýöreýärdi we onuň sesi bolsa birden ýatýardy, birdenem golaý bir ýerden eşidilýärdi. “Awstraliýaly ýaşaýjy aşak düşýär...” Ynsanyň bagty üçin göreşýänleriň gaty üýtgeşik görünýändigi, olaryň şeýle çalasyndygy hemmeleri şatlandyrýardy. Rus ýaşaýjylary, awstraliýalylardan tapawutlylykda, hakykatdan hem, beýle tizlikde aýlanyp bilmeýärdiler.

Geýgeriň eli Walentinanyň egninde. Barmaklary onuň saçlarynyň çogdamyny ygtyýarsyz oýnaýan ýaly. Meni görkezýärler. Geýger edil onuň gulagyna teatral py­şyrdysy bilen:

— Bu diňe bir tebigy hadysalary boýun egdirme däl, bu ýerde ýokarrak al — bagt meselesi... — diýýär.

— Bagt ugrundaky göreş size kän bir ylham bermeýän ýaly, görünýär? — diýip, Walentina menden soraýar.

— Ondan, umuman, diňe betbagtçylyklar, — diýýärin.

Walentina Geýgeriň elinden sypmaga synanyşyk hem edenok. Gülýär. Olaryň arasynda nähilidir bir gatnaşyk barmy-ka? Ol Walentina diýseň uly alada bilen seredýärdi.

Geýger maňa tehnika pudagyndan başga-da bir zatlat aýtdy, ýöne men hemmesini ýatda saklamadym. Hawa, indi “şarikli ruçkalar” (peronyň içinde şarik) bilen ýazýarlar — ine şeýle, bu Walentinanyň birnäçe gün mundan öň menden şony bukan zady. Olar meni tolgunmadan halas etmek isläpdirler. Dogrymy aýtsam: bu meni tolgundyrmady.