Swetlana Kekowa
1951-nji ýylda Aleksandrowsk-Sahalinde dogulýar. Saratow döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini tamamlaýar. Folologiýa ylymlarynyň doktory, Nikolaý Zaboloskiýniň we Arseniý Tarkowskiýniň döredijilikleriniň ylmy derňewini etdi. Ol ýigrimi sany, şol sanda “Ýedi baýyrda” (2001), “Sary dagyň eteginde” (2006), “Emmausa barýan ýolda” (2007), “Adamlar we perişdeler hakynda goşgular” (2009), “Ýüz goşgy” (2012), “Kalligrafiýa dersleri” (2012), “Alma we haç” (2021) atly kitaplaryň awtorydyr. Goşgulary esasy Ýewropa we Aziýa dillerine terjime edildi. “Znamýa” we “Nowyý mir” žurnallarynyň baýragynyň, Apollon Grigorýew adyndaky baýragynyň, “Moskwa — Tranzit” uly baýragyň, Arseniý we Andreý Tarkowskiýleriň adyny göterýän Halkara baýragyň (Ukraina), “Anthologia” Şahyrana baýragyň, Täze Puşkin baýragynyň, “Moskwa hasaby” baýragynyň, Halkara Woloşin baýragynyň we beýlekileriň eýesi. Saratowda ýaşaýar.
Edebiýatçy we tankytçy Naum Rezniçenko: “Kekowa hamala Puşkiniň “men pikirlenmek we ejir çekmek üçin ýaşamak isleýärin” diýen hrestomatik pikiriniň garşysyna gidýän ýaly, ýöne hakykatdan bolsa beýik şahyry gaýtalaýar we öz goşgularynda hut “ýaşaýar, pikirlenýär we ejir çekýär” diýip, şeýle aýratynlyga üns berýär.