Buz ýaly jaýda ümsümlik we gussa...
* * *
Buz ýaly jaýda ümsümlik we gussa.
Giç gygyrmak: “Aty maňa, aty!”
Maňa başga näme galdy, ezizim,
Gündize sapan giç daňdan başga?
Saralýan ot üstde nahar sowaýar.
Rep dynç alýar, Ýurt hem uklap ýatyr,
Çäýnek lykyrdaýar, boglan dek göýä,
Hamala onda öýkäm gaýnaýar.
Dabaralanýan mis sesiň astynda
Gözümüze ýene atdylar çöpi.
Aýylar ähli zady weýran etdi,
Ýok etdi ähli başardan zady.
Öýler we derekler diri çüýredi.
Güýz gelýär, hiç zat üçin gamlanman.
Ähli zat bu obada eýýäm öldi,
Ähli zat, janam, özgesi senden.
Nädip meni ir säher bilen tapdyň,
Nädip gybatdan sen gaçyp bildiň.
Gülgüne switeri geýip çöwre sen,
Uly ýaglyksyz we açyp başyň?
O nädip? Näme üçin? Sen ýaş entek.
Saňa näme meň ýeňlen söweşim?
Bu panyny men ýigrenýän, ezizim,
Örtme oň bedenin özüň bilen!




