Boş gün
Bu säher hiç zada meňzänok, ol säher hem däl ýaly, günüň bir gysgajyk bölejigi: barlap görme, mugt nusga, awantitul. Edere iş ýok. Gidere ýer ýok. Heniz könäni ýygnalmanka, bir başlamak biderek: gap-gaç, saçak, sowgatlaryň dolanan daşlary, parkete dökülýän hwoýa.
Daň atandan soň ýatýarsyň, gün ýaşanda turýarsyň, öýüň içinde bihuda eýläk-beýläk ýöreýärsiň, aýnadan seredýärsiň. Birinji ýanwaryň güni Moskwada bolsun, Piterde bolsun, gündiz sagat dörtde ýaşýar, şonuň üçin biziň paýymyza owunjak, ýetişmedik garjagazlar bilen böleklenen çal reňkiň bir bölejigi düşýär diýäýmeseň.
Täsin duýgular. Ine biz ýaňyja alada galypdyk, kurantlaryň imperiýa, assajyk zarňyldysy dowam edip durka, gyssanmaç şampan çakyryny guýuşdyrdyk, yhlas bilen çakyşdyrmaga ýetişjek bolup çalyşdyk we syrly geçişe düşünjek bolduk, şol wagt köne wagt edil çaňa öwrülýän ýaly, täze wagt bolsa heniz ýok. Begendik, edil hemmeleriň şu minutda begenişleri ýaly, tolgundyk, birden başaryp bilmejegimiz ýaly, görünmeýän gapylara girmegi başarmajak ýaly. Emma, elmydama bolşy ýaly, başardyk, girdik. Indi bolsa, ukuly gözlerimiziň agşam şapagynda açyp, biz bu geň ýagdaýa girýäris — guwanç hem ýok, gaýgy hem ýok, gyssanma-da ýok, ahmyr hem ýok, ruhubelentlik hem ýok, ýadawlyk hem ýok, içgi melullygy-kelläň sämäp durmagy hem ýok.
Bu gün artykmaç — artykmaç, edil sowgadyň artykmaç bolşy ýaly: ony almak ýakymly, emma ony näme etmeli — belli däl. Bu gün — gysga, ýylyň beýleki ähli günlerinden gysga. Bu gün nahar bişirilenok — hemme zatdan doly, onsoňam bary-ýogy bir gezek iýýärler, onda-da ähli düýnki zatlary we saýlap hem durlanok: tagamy üýtgän salatlaryň assortisi, salfetka bilen ýapmak ýatdan çykarylan, gatap başlan piroglar, eger galan bolsa, içi dykmaly ýumurtgalar. Bu ýa ertirlik — emma arak we selýodka bilen; ýa günortanlyk, emma çorbasyz. Bu gün asuda: düýn gülüşip bolduk, şatlanyp bolduk, ysgyndan gaçdyk.
Bu gün şäheriň daşynda, daçada, obada bolsaň gowy. Köne ýyrtyk ýeňli eşigi, illere görkezmekden utanylýan, tüýleri gaçan şubany, keçe ädik geýmek gowy. Daşary çykmak we aňkarylyp durmak, manysyz asmana seretmek, eger jüpüne düşse ýyldyzlara seretmek gowy. Özüňi özüň hökmünde duýmak gowy: hiç kime degişli däl, öz-özüňe düşnükli däl, rahat we öýdeçi, alty ýaşly, baky. Söýmek we pyrryldaga garaşmazlyk gowy. Girelgäniň sütünine ýa-da adama ýaplanmak gowy.
Bu gün ýatda saklanylmaz, ol şeýle bir boş. Näme etdiňiz? — hiç zat. Nirä gitdiňiz? — hiç ýere. Näme hakynda gürrüň etdiňiz? Umuman hiç zat hakynda ýaly. Diňe boşluk we gaýtalanýandygy, hem öçügsi ýanýan yşyk, hem gymmatly bikärlik, hem mähirli lellimlik, hem süýli pallama, hem bulaşyk pikirler, hem çuň irki uky.
Biz nähili ýaşardyk, eger bu gün bolmadyk bolsa! Nädip durmuşa, onuň gulagyňy deşip barýan güwwüldisi bilen, pikirleriň bu gomy bilen, olara biz barybir düşünmäge-de ýetişemizok, özüne saraýan we iýullary, hem sentýabrlary, hem noýabrlary saraýan günleriň gomy bilen, erk edip bilerdik!
Artykmaç, boş, täsin gün, üç ýarym ýüz uzyn günleriň arasyndaky gysgajyk taýajyk, bize, soňuny saýyp, bähbidini bilýänlere, bize, many, düşündiriş, sebäp gözleýänlere, bildirlmän dykylypdyr. Senesiz gün, adamlaryň hasabynyň daşyndan, ýöne şeýle gün, — Gudrat.