Tüteýär undulan kerosin çyraň peltesi, hor Siňek urunýar çüýşä...
* * *
Tüteýär undulan kerosin çyraň peltesi, hor Siňek urunýar çüýşä.
Bäbejik Musa uklady sebetjikde, Müsürde bu wagt gurak hem ýyly.
Al bäbegi özüňe ogul deregine, aç gözleriň — çaň basan aýna
seret, küýzeden goýy kahetin çakyry nähili uzak wagtlap akýar.
Öz düşegiňde uklap galyp, çykaraýma ýadyňdan, düşnüksiz sözleri:
Entek ähli baglaň ýapraklary düşmedi; heniz basylmady bar otlar,
şindi, çagalykdaky ýaly, garyp çatmasynda gaýyp ussadyň eli
örýär saňa, Hudaýdan bir peşgeş misli, sallançak däl, gargydan tabydy.