2012-nji ýylda Swerdlowskiniň haýwanat bagynda ýogalan Almaz lakamly begemotyň ölümine

Begemot Almaz öldi
şäherimizde.
Şol bada gaýgy-gam düşdi
Ýaş togalandy gözlerde.

 Meň deň-duşum diýen ýaly
37-de öldi,
edil burewestnik ýaly
has garrap öldi.

 Begemot ýatda çagalykdan
ol, hamyr dek, läbikde ýatdy
iýdi, keselledi, hynçgyrdy.
Aýyrýardylar pohun

 kelem däl berýän iýmleri —
gaty we tagamsyz
ýolkany bedreden göni.
Durmuş gorkunç, yzgytsyz.

 Gippopotamyňky dek ömür,
ýalňyzlyk we şikes
her kime bärde garaşyp dur.
Adam — kelesaň.

 Ýaşarsyň porsy çukurda,
goý injilden bolsaňda,
afrikanlaňky deý gözli
dilärsiň ölümiňi.

 Bir aýdymjyk düzeýin
anyk däl sazlaşygy,
ýönemi, bärde işleýän
bolup goşgywekili.


Aýdymjyk:

 “Eje, isleýän işlemek
biziň haýwanat bagda,
uly begemota sepmek
suw pürkülýän şlangda,

 hem oňa käşir iýdirmek
süýji we gyzyl sary,
söýgi oňa sowgat bermek
hem-de idetmek gowy.

 Biz durduk gyrasynda,
seredýärdik ünsli.
Ähli haýwan jennetde
bolarlar hökmany”.